Magtymguly Pyragynyň “Ýurt binamyz gaýym bolsun, tutulsyn...” diýip arzuwlan zamanasynda, Döwletmämmet Azadynyň ýol gurmak, bina galdyrmak, köpri geçirmek ýaly sanap geçen sogap işleriniň amala aşyrylýan döwründe halkymyz bagtyýarlygyň şuglasyna çoýunyp ýaşaýar. Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda dürli maksatnamalaýyn gurluşyk – gurnama işleriniň müňlerçesi halkyň hyzmatyna tabşyryldy. Ykdysadyýetiň ynamly ösüşlerinde Hormatly Arkadagymyzyň paýhasly başlangyçlary bar. Dünýäniň ençeme döwletleri bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen gurulýan demir ýollarynyň, halkara howa menzilleriniň, abadanlaşdyrylýan gara ýollardyr, geçirilýän köprüleriň sany göwnüňi galkyndyryp, başyňy göge ýetirýär. Iri taslamalaryň biirnäçesi gadymy Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmäge gönükdirilip, ata Watanymyzyň söwda we syýahat başlangyçlarynyň ilerlemegine öz goşandyny goşdy. Welaýatymyzyň alkymlap oturan Garagumuň jähegine meňzeş derýasynyň üstünden gurlan awtomobil we demir ýol köprüleri muňa şaýatlyk edýär. Amyderýanyň üstünden geçýän köprüleri gurmaklyk işlerini daşary ýurtlaryň abraýly gurluşyk kompaniýalarynyň amala aşyrmagy bolsa, biziň hoşmeýilli dostluk-doganlyk gatnaşyklarymyzyň giň geriminden habar berýär. Hormatly Preziidentimiziň ulag- üstaşyr geçelgeleri gurmak baradaky alyp barýan işleri halklary we kalplary birleşdirýär. Gazagystan – Türkmenistan – Eýran halkara demir ýolunyň ulanylmaga berilmegi, bu ýoluň Tejen- Sarahs- Maşat demirýol şahasy arkaly birleşdirilmegi-de dünýä ýurtlarynyň birnäçesiniň ulag aragatnaşygyny berkitmekde möhüm wezipe boldy. Welaýatymyzyň çäginde gurulýan iri taslamalaň biri-de halkara howa menzilidir. Bu howa menziliniň gurluşygy ýakyn günlerde tamamlanyp, ony açmaga gadamlary mübärek Gahryman Arkadagymyz geler. Şa gadamy düşen ýerler berekete eýlenip, lebaplylaryň başyny göge ýetirer. Halkara howa menziliniň döwrebap hyzmatlaryndan peýdalanmak nesibesi gülüp bakan daşary ýurtly myhmanlarymyz bolsa, gül Diýarymyza Hakyň nazary düşen toprak diýilmeginiň sebäbini öz gözleri bilen görerler!

Köneler, Adiz tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir