Çagalar hakykatdanam gaty täsin.. Aglanlarynda-da, söýenlerinde-de çyn ýüreklerinden çykýar, çuňňurlaýyn gaýnaýar duýgulary.. Bir işdeşim gürrüň berýär.. Gyzym Zeýnep 5 ýaşyndady we oňa nahardan soň töwir galdyrmagy öwretmegi maksat edinipdim. Ýöne näçe düşündirjek bolsamam gyzym muňa kän höwesek däldi. Elbetde ol heniz çagady, emma bu zatlary hem kiçilikden öwredip başlamasam, ene-atalyk borjumy ýerine ýetirdigim bolmazdy ahyryn. Muny söýdürip öwretmelidim, gyssamak dogry bolmazdy. Birgün aramyzda şeýle bir gürrüň bolup geçdi. - Gyzym bilýäňmi näme? Allajan seni ýaman gowy görýär.. - Çyndanammy? - Hawa, özem ýaman ýaman gowy görýär.. - Onda näme üçin maňa gowy görýänini aýdanok? - Aýdýar ýöne sen eşideňok gyzym, ulalaňda eşidersiň hökman. Çagalar eşidip bilenog-a gyzym.. Ýöne sen ulalýançaň maňa aýdýar menem saňa aýdýan.. - (Päk ýylgyryşy we bilesigelijilik bilen bulduraýan gözlerini maňa dikip) Näme diýýär men barada? - Zeýnep akyllyja diýýär, edeplije diýýär.. Hatda şugün oýnamak üçin pytradan oýunjaklaryňy soňundan ýygnap goýanyňa gaty begenipdir.. - Ony görüpdirmi näme? - Hawa gyzym, ol hemme zady görýär. Seň düýnki çeken suratyňy hem halapdyr. Berekella diýýär saňa.. - Bugün ejeme manty büküşmäge-de kömekleşdim-ä, ony hem görüpdirmi? - Hawa gyzym.. Oňa-da berekella diýýär.. Ýöne seret gyzym, ol senden azajyk öýkeleýär.. - (Gyzym birden gynanç bilen) O näme üçin kaka? - Sebäbi sen hiç töwir edeňok, şondan.. - (Diňşirgenip ünsüni bölmän diňläp dur) - Töwir diýmek Allajana sagbolsun aýtmak diýmek bolýar.. Muny gürleşipdik, ýadyňa düşýärmi? - (Hawa diýen manyda başyny ýaýkaýar) - Ol sen barada şeý diýýär: Men Zeýnepjana ilki el berdim, soň eli bilen tutar ýaly oýnawaçlar berdim.. ilki aýak berdim, soň ol aýajyklary bilen ýörär ýaly bagly-bakjaly ýerler berdim.. ilki dil berdim, soň ol dili bilen dadar ýaly dürli-dümen ir-iýmişler berdim.. ilki göz berdim, soň ol gözi bilen synlar ýaly gözellikler berdim.. nahar berdim, suw berdim.. Emma ol sagbolsunam aýdanok diýýär.. Ýerýüzünde birtopar kakasyz we ejesiz çagajyklar barka Zeýnebimiň kakasy ýanynda, ejesi gapdalynda, emma ol şonda-da maňa sagbolsun aýdanok diýýär.. Şeýde-şeýde öz planlan sözlerimi yzly-yzyna aýdyp otyrdym. Gyzymyň soňa-baka gözleri ýaşaryp başlady we gözünden hünji deý damjalar ýaňagyndan aşak syrygyp ugrady. Ol birden atylyp ýerinden turdy-da ýokarlygyna seredip uly sesi bilen gygyryp göýberdi: - Allajaan menem seni gowy görýäään.. Allajan menem seni gowy görýäääänn.. Hamsygyp aglaýardy.. Menem aglaýardym.. Gapdalymyzda oturan ejesi hem aglaýardy.. Gyzym şol bolşuna özüni meniň gujagyma oklady we şeýle diýdi: - Kaka, aýt Allajana menden öýkelemesin.. menem ony gowy görýän-ä.. Men indi hemişe oňa sagbolsun aýtjak.. hemişe aýtjak.. Gyzymdan beýle zada garaşamokdym, ony gynandyraryn öýdemokdym, hemişekimiz ýaly gülüşip-degişip goýardyk diýip pikirlenýärdim. Emma garaşyşymdanam üýtgeşik bir netije boldy.. Buýsandym.. Elbetde bu wakaň bolup geçenine eýýäm 1-2 ýyl boldy we gyzym indi mekdebe gatnaýar. Emma bu waka meniň hijem ýadymdan çykmaz, gyzymam ýadyndan çykarmasa gerek.. Aýdýan-a çagalar gaty täsin.. --------------------------------- Çeşme: Konsultant line hasaby ID:@hwy5637m