Işden öýe gelenim hem şoldy welin,renimasiýada işleýan tanyş gyzlaň biri jaň etdi
— Agyz ,öýdemi?
- hawa şu wagt gelip durşym
- joramjan şu gün gaýrat etde ýekeje gün maňa derek gijeki nobotçy duryp beraýdä, müdürim jogap berenok,kursdaş joram toý edýar şoňa gitjek
- ýadowdym nadip gije smene durarkam
- şonsyz hem ýatyp baraňok,gaýrat edaý, soň menem işiň çyksa duryp bererindä
- erte bolanokmy
- ýok şu gun
- bolýa
Täzeden eşiklerim geýip işe ýöredim
Smenin alyp, işleri bir laý edip çykynjam gije 11 töwerek bolypdyr
Asuda işde otyrdyk welin daşardan agy gatyşykly sesler gelip başlady.
Ýerimizden turyp nasagy kabul etdik.
Bu günki nasag 19-20 ýaşlaryndaky gyzdy. Ol gyz sirke(uksus) içip ölümiň bari ýanynda hasahana getirlipdir.
Derrew aşgazanyny yuwyp etmeli zatlaryn etdik, nasag damjaň aşagynda demin sanap ýatyrdy, sagat gije 2-3 töwerekläpdi. Renimasiýaýaň içi dymdyrslykly.
Bu gyzyň elinden tutyp damaryndaky ukolyn edip durdym. Ýadow bolamsoň aralygynda irkilenim duýman galdym.
Birden gulagyma ses eşdildi
- Agyz jora, ukol edip hem otyrma, peýdasy ýok,
Ziňkillap gitdim
- waý sen kim
— men seniň ukol edip otyran gyzyň ruhy
- goý kellani çaşyrma, ýadowlyk düýşe ornaşdy öýtýan
- ýok duýş däl, sen maňa kömek etmeli
— ruhamy
- bedeni ruhy terk etdi, indi peýdasy ýok,sen meniň öýmize gitde meniň aýdan zadym etsene
- agyz men siziň öýüňizi nirden tapaýyn,onsoň hem nameüçin uksus içdiň ejeň kakaňa ýuregiň gyýlananokmy,oglan üçin dagy uksus içip
- siz lukmamlar derrew ýaş gyz uksus içse ýa ölse oglan badyr diýip düşunýäňiz,durmyşda ondan beter zatlar hem bar ahyry
- hany maňa başdan gurruň ber...
- bolýa, aýdaýyn ýöne, doň maňa kömek edermiň
- how soň kömek etjek:—
diýenim hem şoldy welin kärdeşim girip
- ukollaryn aýyr,boljak iş boldy,nebir gyzy elden gidirdik azajyk irräk getiren bolsalar beýle bolmasa bolmazdam welin gaty giç getirdilerdä ...
- ýok lukman bu gyz ölenok ,men ýaňja-da gepleşip durdym,Alla bar gepleşip durdym
Lukman ýylgyrdy-da
- onyň endamy sowyk, onyň ýogalandygy eliňe bildirip dur, dem ýok,pulsy ýok
Hany taýynla ölini hossarlary alyp gitjek bolýar
Lukman bu gyz maňa bir zat gurruň berip durdy, siz girdiňiz welin ol symzyýat bolaýdyda
Lukman başyn ýaýkady-da bol onda çaltrak diýip çykyp gitdi
Ol gyzyň hossarlary gelip ala zenzele edip aglap alyp gitdi, olaryň içinde bir gyz has beter ,ýer bagyrtlap aglaýardy,göz ýaşym saklap bilmedim, ýaş ölüm bolansoň adam bary gelipdi
Iş wagtym dolyp öýe gaýtdym gelip hiç ynjalmadym,ol ruh maňa name aýtjak boldyka ,onyň arman çeken zady nämekä?...
Dowamy bar