Paýtagtymyzda döwrebap durmuş-medeni desgalaryñ gurlup, yzygiderli açylmagy, şeýle hem jaýlaryñ, köçeleriñ abadanlaşdyrylyp, düýpgöter täze keşbe häzirki zaman şähergurluşyk we binagärlik keşbine eýe bolmagy ýurdumyzyñ paýtagtynyñ taryhynda uly wakadyr. Aziýada-2017-ä taýýarlyk görmegiñ çäklerinde paýtagtymyzyñ has gözel keşbe eýe bolmagy her adamda uly buýsanç we guwanç döredýär. Häzirki wagtda türkmen paýtagty Aziýa sebitiniñ hakyky «merjenine» öwrüldi. Munuñ özi Aşgabatlylaryñ we ähli Türkmenistanlylaryñ hakyky buýsanjy bolup durýar. Her ýyl paýtagtymyzyñ ajaýyp binagärlik toplumynyñ üsti durmuş-medeni maksatly täsin desgalar, edara binalary we beýleki maksatly desgalar bilen ýetirilýär. Ýurdumyzyñ baş şäherinde peýda bolýan täze ýaşaýyş jaý toplumlary haýran galdyrýar. Olarda maşgalalaryñ müñlerçesi täze jaý toýlaryny tutýarlar. Paýtagtymyzda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyñ esasy merkezi-Olimpiýa şäherjigi diñe Aşgabadyñ däl, eýsem tutus ýurdumyzyñ hem sport merjenidir. Aşgabadyñ günorta böleginde hem täze ak mermerli binalar peýda boldy, şol ýerde paýtagtymyzyñ döwrebap işewür we medeni merkezi kemala gelýär. Bu ýerde ýerleşýän belent binalaryñ, şol sanda ministrlikleriñ we pudak edaralarynyñ binalarynyñ her biri özboluşly binagärlik hem-de inžener-tehniki çözgütleri bilen tapawutlanýar. Aşgabady ösdürmegiñ nobatdaky tapgyrlarynyñ çäklerinde täze ýaşaýyş jaý toplumlaryny gurmak işi üstünlikli dowam edýär, olarda zerur durmuş düzüminiñ ählisi döredilýär. Bu taslamalary amala aşyrmakda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniñ agzalaryna möhüm ornuñ degişlidigini aýratyn bellemelidiris. Häzirki wagtda olar ýurdumyzda ýaýbañlandyrylan giñ möçberli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa grçirmäge işjeñ gatnaşýarlar. Gülläp ösýän Aşgabat bagy-bossanlyga öwrülen şäher diýlip atlandyrylýar, onuñ keşbini köp sanly has oñaýly seýilgähler, suw çüwdürimleriniñ toplumlary bezeýär. Aşgabady dünýäniñ owadan we has oñaýly şäherleriniñ birine öwürýän döwrebap düzümler döredildi hem-de yzygiderli kämilleşdirilýär. Mälim bolşy ýaly, Aşgabadyñ iñ görnükli ajaýyp ýerleri «Ginnesiñ rekordlar kitabyna» girizildi. 2013-nji ýylda ol şu kitapda dünýäde iñ ýokary derejede ak mermere örtülen binalar jemlenen şäher hökmünde bellige alyndy.