Ýurdumyzyñ baş şäheri bolan ak mermerli Aşgabatda amala aşyrýan giñ möçberli özgertmeleri köp sanly daşary ýurtly myhmanlary haýran galdyrýar. Bu ösüşler ýurdumyzyñ täze taryhynyñ, nurana geljeginiñ, onuñ döredijiliginiñ, ösüşiñ we rowaçlygyñ belentliklerine tarap ynamly gadamynyñ aýdyñ nyşanydyr. Hormatly Prezidentimiziñ döredijilikli ýörelgesi, ilkinji nobatda Türkmenistanyñ sazlaşykly ösüşiniñ, halkyñ abadançylygynyñ ýokarlanmagyna, ykdysady kuwwatyñ berkidilmegine gönükdirilen, ylmy taýdan esaslandyrylan öñdengörüjilikli syýasatynyñ üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiñ aýdyñ nyşany bolan giñ möçberli gurluşyk işlerinde öz beýanyny tapýar. Ýaşyl baglara bürenen seýilgähler, altyn öwüşginli gümmezleri bolan köşkler, tyllaýy suw çüwdürimleri, häzirki zaman belent binalary Aşgabadyñ dünýäniñ iñ owadan we ýaşaýyş üçin amatly şertleriniñ birine öwrülmegine şertlendirdi. Paýtagtymyz birnäçe ajaýyplyklary bilen «Aziýanyñ merjeni» diýen ada mynasyp bolmak bilen, «Ginnesiñ rekordlar kitabyna» girizildi. Golaýda hem paýtagtymyzda gurlan döwrebap sport toplumynyñ-Olimpiýa şäherjiginiñ çäginde bina edilen ahalteke bedewiniñ keşbi «Ginnesiñ rekordlar kitabynda» mynasyp orun aldy. Bedew türkmen halkynyñ kalbynyñ ganatyna deñelýär. Ol Watanymyzyñ öñe tarap okgunly we sazlaşykly ösüşiniñ beýanydyr. Ýurdumyzyñ täze belentliklere we dünýä ölçeglerine bolan ynamyny özünde jemleýän Olimpiýa şäherjiginde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary ýaýbañlandyrylar. Munuñ özi Watanymyzyñ gazanýan üstünlikleriniñ we ýeten derejesiniñ halkara möçberinde ykrar edilýändiginiñ nobatdaky subutnamasydyr. Döwrebap durmuş-ykdysady düzümi döretmek boýunça toplumlaýyn işler diñe paýtagtymyzda däl, eýsem Watanymyzyñ ähli künjeklerinde hem batly depginlere eýe bolýar. Şunlukda, sebitleriñ sazlaşykly ösüşi, olaryñ köpugurly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin oñyn mümkinçilikler açylýar.