Sport bu adamzadyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän serişde bolup ol bizi sagdynlyga we işeňňirlige ündeýär.Taryhdan mälim bolşy ýaly ir döwürlerde hem dünýäniň dürli künjeklerinde, dürli halklaryň arasynda özüne махсус sport görnüşleri we her dürli ýaryşlar bolup gelen. Öz türkmen halkymyzyň geçmişine nazar салып görsek türkmen toýlarynyň we başga-da şatlykly günleriniň sport bilen baglanyşýandygyny görmek bolýar. Hiç bir türkmen toýy at çapdyrmak, göreş tutmak, ýaglyga towusmak, nyşana ok atyşmak we başga-da şuňa meňzeş sport çärelersiz geçmändir. Halkymyz hemişe şeýle ýaryşlary toý-baýram duýgulary baglanyşdyryp gelenler. Bu günki güne gelip adamlaryň sport baradaky düşünjeleri,dünýä garaýyşlary we medeniýetleri has hem kämilleşdi. Millionlap janköýerlere eýe bolan her dürli sport görnüşleri bütin dünýä halklarynyň agzyny bir ýere jemläp ýaryşlar uly dabara bilen,bütin dünýä derejesinde geçirilmegi däbe öwrüldi. Adamlar haýsydyr bir sport ýaryşyny ýakyndan, öz gözi bilen görmek üçin dünýäniň ol künjeginden başga bir künjegine syýahat etmekligi kynçylyk däl-de uly mertebe hasaplaýarlar. Sportuň abraýy hem-de dünýa halklarynyň sporta bolan yhlasy şeýle artýan döwürde Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Аziýa oýunlarynyň” Türkmenistanda, Ak şäherimiz Aşgabatda geçirmek барадакы teklibi halkymyz üçin uly sowgat boldy. Sebäbi bu sport çäresi syýasy taýdan hem, ruhy we medeni taýdan hem uly ähmiýete eýedir. “Eşiden deň bolmaz gören göz blen” diýlişi ýaly sport ýaryşlaryny teleýaýlymlarda görmek bilen öz ýurduňda öz gözüň bilen görmegiň ýer bilen asman ýaly tapawudy bar. Halkymyz dünýäniň meşhur sportçylaryny, çempionlaryny we olaryň ajaýyp ukyplaryny öz watanymyzda tomaşa ederler. Bu bolsa bir tarapdan halkymyzyň dünýä sporty we onuň medeniýeti baradaky garaýyşlaryny has-da kämilleşdirse beýleki bir tarapdan dünýa sportçylarynyň we olaryň ýurtlaryndan gelen myhmanlaryň Türkmenistan yurdumyz hem-de türkmen halkymyzyň durmuşy hakyndaky garaýyşlaryny aýdyňlaşdyrar. Myhmanlarymyz näderejede ýurdumyzyň asudalygyna we халкымызыñ agzybirлигине, sporta we parahatçylyga nähili sarpa goýýandygyna, galybersede türkmeniň myhmansöýerligine şaýat bolarlar. Eger Türkmenistan hakynda nähilidir nämakul söz eşiden bolsalar ol sözleriň nädogrydygyna göz ýetirerler. Döwlet Baştuanymyzyň öňdengörüjiligi we taýsyz tagallalary bilen geçirilýän bu dünýä derejesindäki çäräniň başgada ähmiýetleri sanardan köp. Türkmene махсус bolan adatymyzda öýümize bir myhman gelende elimizde baryny orta goýup, başardygymyzdan hyzmat edip gelen myhmana nähili sarpa goýýarys. Bu gün bolsa bütin dünýä türkmene myhman bolup gelýär. Şonuň üçin geliň biz türkmen ýaşlary agzybirlikde golumyzdan gelenini gaýgyrman gelen myhmanlary güler ýüz bilen, duz-çörek bilen garşylalyň we halkymyzyň dostluga doganlyga çuňňur hormat goýýanyny görkezeliň. Goý оlar biziň ýurdumyzdan ýakymly täsir bilen gaýtsynlar we türkmen halkyny diňe gowulykda ýatlasynlar. Pursatdan peýdalanyp, Hormatly Prezidentimize şeýle ajaýyp ösüşlere ýol açyp berýänligi üçin ýene bir gezek minnetdarlyk bildirýärin. Goý şeýle şatlykly wakalaryň höwri köp bolsun. “Göreşde ataň hem bolsa ýyk” diýlişi ýaly bu ýaryşda türkmen sportçylaryna uly üstünlik arzuw edýärin. Goý türkmeniň baýdagy elmydama iň ýokarky orunda pasyrdasyn!

Köneler, TDUayka tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir