Bahar paslynyň gelmegi bilen bakjaçy daýhanlaryň hem hysyrdysy artdy. Olar häzirden irbişer gawunlaryň ekiljek ýerlerini taýýarlamak, kaklyk üçin dilinjek gawunlaryň tohumyny saýlamak ýaly işler bilen meşgul. Türkmen gawunlaryndan edilen kaklar bolsa, taryhyň irki döwürlerinde-de juda meşhur bolupdyr. Taryhyň dürli döwürlerinde Watanymyzda bolan jahankeşdeleriň gawundyr onuň kaklary baradaky ýazgylary-da aýdanlarymyzy doly tassyklaýar. Mysal üçin, orta asyr taryhçysy Zekeriýa Kazwiniň bellemegine görä, Merw önümleriniň içinde iň gowusy üzüm, gawun, armyt hasaplanypdyr. Olar guradylyp hem dürli welaýatlara, ýurtlara äkidilipdir. Taryhda daşary ýurtly jahankeşdelerdir taryhçylary haýran galdyran gawunlarymyzdan edilýän kakyň taýýarlanyşy örän ýönekeý. Gawundan kak almagyň adaty usulyndan — dilimlenen gawunlary Güne serip guratmakdan köpleriň habary bardyr. Häzirki döwürde oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemeklige berilýän ünsüň güýçlenmegi netijesinde, has amatly usullar peýda bolýar. Şolardan biri ýyladyşhanalarda gawun dilimlerini guratmak usulydyr. Bu usulyň açyk howadakydan birnäçe artykmaç taraplary bolup, ol gawun kaklaryny guşlaryň, arylaryň we beýleki mör-möjekleriň zeper ýetirmeginden, ýeliň, tozanyň, ýagyş-ýagmyryň täsirinden goraýar. Ýyladyşhanalarda kak taýýarlamak üçin, ilki bilen, bişen, süýjüligi ýokary, gatydan suwly, etli gawunlary saýlap almaly. Soňra olary ýuwup, 2-4 santimetr inlilikde dilimläp, çigitlerini aýyrmaly we paçagyndan arassalamaly. Agaç gapaklara ýerleşdirmeli we ýörite ýasalan tekjelerde guratmak üçin goýmaly. Şeýle-de gawun dilimlerini ýüplerden asmak arkaly hem ýyladyşhanalarda kak taýýarlamak bolar. Bu usul bilen önüm guradylanda, ýyladyşhanada birnäçe gezek kükürt gazy bilen tüsseleme geçirmeli. Munuň üçin ýyladyşhananyň daşynda kükürt oksitli ballonlar goýlup, jaýyň içine şlanga bilen goýberilýär. Ony çäge ýa-da toprak düşelen demir gapaklaryň üstünde kükürt ýakmak arkaly hem geçirmek bolar. Gawunlaryň çalt we gyradeň guramaklygy üçin, ýyladyşhanada Günüň dogýan we ýaşýan çaglary dilimleri eýläk-beýläk öwürmeli. Kaklaryň taýýar bolup-bolmadygyny olaryň reňkinden we beýleki aýratynlyklaryndan bilmek bolýar. Mysal üçin, dilimler açyk sary ýa-da sary goňur reňkli bolsa, kaklaryň taýýar bolanlygydyr. Eger-de olar ýumşak we maýyşgak, güýçli gysylan ýagdaýynda şire bölünip çykýan bolsa, entek önümiň doly taýýar däldigidir. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň oba hojalygyna berýän uly ýardamlaryny, daýhanlarymyzyň, şol sanda bakjaçylarymyzyň topraga edýän yhlaslaryny göreniňde, türkmen gawunynyň hem-de kakynyň ýene-de dünýäde asylky meşhurlygyny gazanyp, daşary ýurt bazarlarynda islegli haryda öwrüljekdigine ynanýarys. Baýram Muhammedow