Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe her bir günümiz toýdur-baýrama beslenýär. “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň” ýylynyň 2-3-4-nji sentýabrynda biziň ýurdumyzda musulman halklarynyň milli baýramy bolan Gurban baýramy uly toýdur dabara bilen belleniler. Ata-babalarymyzdan miras galan Gurban baýramynda türkmen halkymyz birnäçe däp-dessurlary berjaý edýär. Gurban baýramynda täze egin-eşikleriňi geýnip, özüňe, öý-içeriňe serenjam bermek, gurbanlyk kesip gapyňda gazan atarmak milletimiziň agzybirlik diýlen mukaddeslige goýýan uly sarpasynyň nyşany. Türkmen halky Gurban baýramynda hiňňildik uçmagy we otdan towusmagy adat edinipdir. Hormatly Prezidentimiz nesilleriň ruhy terbiýesiniň we köňül tämizliginiň gönezligi bolan milli däp-dessurlarymyzy gaýtadan dikeltmek, olary döwrebap ösüşe ýugrup, durmuşa ornaşdyrmak üçin uly aladalary edýär. Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber tagallalary Gurban baýramynyň mukaddes ýörelgelerini hem öz içine alýar we ol döwlet derejesinde uludan bellenilýär. Milli däp-dessurlarymyzy täzeden dikeldip beren Hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaç bolsun. Ähli türkmen halkymyzyň mukaddes baýramymyz bolan Gurban baýramy gutly bolsun!