Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda eziz Diýarymyzyň ähli ugurlarynda sazlaşykly ösüş depgini gazanylyp, döwletimiz dünýäniň çalt depginler bilen ösýän ýurtlarynyň hataryna ynamly goşuldy. Ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberini artdyrmak Mähriban Prezidentimiziň ata Watanymyzyň ykdysady binýadyny berkitmek babatda durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary bolup durýar. Senagat pudagy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň iň iri pudaklarynyň biridir. Soňky ýyllarda bu ulgamy ösdürmek üçin kabul edilen Döwlet maksatnamalarymyza hem-de Milli Liderimiziň çykaran parasatly we il-ýurt bähbitli kararlaryna laýyklykda ýurdumyzyň senagat düzümini has-da kuwwatlandyrmak maksady bilen, köp sanly iri maýa goýum taslamalary durmuşa geçirilýär, birnäçe häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan önümçilik desgalary, döwrebap kärhanalar gurlup ulanmaga berilýär. Şeýle kärhanalaryň biri hem Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Owadandepe obasynda gurulýan Aýna we aýna önümlerini öndürýän kärhanadyr. Aýna önümçiligi daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we uly eksport geljegi bolan möhüm ugur bolup durýar. Bu kärhananyň gurluşygyna 2015-nji ýylda Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda badalga berildi. Täze gurulýan kärhananyň ýyllyk kuwwatlylygy 7,2 million inedördül metr aýna barabar bolup, onda aýna önümleriniň 7 görnüşiniň, şol sanda açyk, reňkli, laminirlenen we taplanan 4 millimetr galyňlykdaky aýnanyň önümçiligi ýola goýlar. Olar penjire aýnalaryny, aýna paketleri, şeýle hem açyk we reňkli dürli görnüşdäki, şol sanda 0,3 litrden 3 litre çenli göwrümli aýna gaplaryň 85 million birligini öndürmäge niýetlenendir. Şeýle hem bu kärhanada lukmançylyk serişdeleri üçin çüýşe gaplary öndüriler. Kärhana bu önümleri öndürmek üçin dünýä belli daşary ýurtly öndürijileriň öňdebaryjy innowasion häsiýetli täze tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylýar we onuň gurlup ulanylmaga berilmegi bilen, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny özümizde öndürilýän ýokary hilli we bäsdeşlige ukyply ýerli önümlerimize çalyşmak we ýurdymyzyň halk hojalygynda ulanylýan dürli görnüşli aýna we aýna önümlerini öndürmek, şeýle hem olaryň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak üçin uly mümkinçilikler dörär hem-de ýurdumyzyň baý mineral-çig mal serişdelerini rejeli we netijeli peýdalanmak bilen senagat pudagynyň ösdürilmegine, ýurdumyzyň ykdysady binýadynyň berkidilmegine uly goşant goşulmagyna getirer. Öndüriljek önümler hil ülňülerine laýyk gelýän hem-de ýurdumyzda we daşary ýurtlarda uly isleglerden peýdalanýan önümler bolar.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir