Islendik ýurtda ilкi bilen ileri tutulýan zat- jemgyýetiň asudalygy, halkyň agzybirligi. Sebäbi bu möhüm we gymmatлy närseleriň ýok ýerinde, has takygy, binýady gowşak ýurtda ösüş hakynda, halkyň bagtyýar durmuşy hakynda gürrüň etmek gurruk guýa daş oklan ýalydyr. Abadançylygyň höküm sürýän ýurdunda adam erkin, rahat ýaşaýar, ertirki gününe ynamly garaýar, ruhy belent bolýar. Meniň bu sözlerimi badyhowa sözler, özümi bolsa hyýalbent adam hökmünde kabul etmezligiňizi soraýaryn. Munuň sebäbini aýdaýyn: meniň hut özüm (diňe men hem däl) diňe ertirki günümi däl, eýsem tutuş geljegime garaýaryn, hatda çagalarymyň hem geljeginiň röwşen boljakdygyna pugta ynanýaryn. Bu mizemez ynam tarp ýerden ýa-da tötänden dörän zat däl. Söz çişirdigim däl, men her gün, her sagat özüm, öz maşgalam hakynda edilýän aladany duýýaryn. Bu alada ýöne-möne alada däl, ol – ýurt derejesinde edilýän alada. Ýönekeýje (aslyýetinde, bu “ýönekeý” zat hem däl) mysal: gijäniň-gündiziň islendik pursatynda, ýolda-yzda bol, işde-öýde bol, özüňi howpsuz, goragly, rahat duýmak duýgusy indi her birimiziň aýrylmaz mähriban hemramyza öwrüldi. Dogrusyny dogry aýdaly, şunuň özüniň hem uly bagtdygyna kim şübhelenip biler ?! Eýsem, “bagt” diýilýän zadyň özi hut ýaňky duýgulardan gözbaş almaýarmy näme? “Gülüň biten ýerinde gadyry ýok” diýen paýhas bar. Gynansak-da, ýek-tük adamlar ýurdumyzda höküm sürýän asuda, abadan, bagtyýar durmuşyň gadyr-gymmatyna düşünmeýärler. Muňa hälki bir bolaýmaly zat hökmünde garaýarlar. Ýöne adamyň ajaýyp durmuşda ýaşamagy üçin nähili uly aladalaryň edilýändigi şübhesiz hakykatdygyny boýun almagymyz gerek ! Nesip bolsa, ýakyn günlerde Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler. Halkara derejesinde geçiriljek bu sport baýramçylygyna uly taýýarlyk görülýär. Bu sport çäresi mynasybetli paýtagtymyzda iň häzirki zaman Olimpiýa şäherjiginiň gurulmagy asyryň özboluşly gudratydyr. Munuň özi abadan ösüşiň, parahat durmuşyň anyk miwesi dälmidir ?! Häzirki wagtda sport toplumynyň daş-töwereginiň abadanlaşdyrylyp, hasda gözel görke getirilmegi aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň rahatlygy we howpsuzlygy üçin ähli zerur çäreleriň görülmegi hem adam hakynda edilýän aladanyň, has anyk aýtsak, “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgäniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.