Diýdim: “Pelek, sowal bar”. Diýdi: “Adalat bizden”. Diýdim: “Dünýä giň olar”. Diýdi: “Habar ýok sizden”. Diýdim: “Ol ne don erer?”. Diýdi: “Köpendiz bizden”. Diýdim: “Tende ýaram bar”. Diýdi: “Gizläp gez gözden”. Diýdim: “Yşka diwana”. Diýdi: “Ýüz tut permana”. Diýdim ki: “Ne permandyr?”. Diýdi: “Geldi Tebrizden”.   Diýdim: “Ne çarh aýlanýar?”. Diýdi: “Dünýä ýelidir”. Diýdim: “Adam ne gülmez?”. Diýdi: “Janly ölüdir”. Diýdim: “Ol ne egrelmez?”. Diýdi: “Yslam ýoludyr”. Diýdim: “Aldym permana”. Diýdi: Ýüz tut Kurana”. Diýdim: “Ol ne gapysyz ?”. Diýdi: “Şeýtan pälidir”.   Diýdim: “Ol ne şäherdir?”. Diýdi ki: “Ýalan jahan”. Diýdim: “Kimler şa erur?”. Diýdi: “Gury jeset, jan”. Diýdim: “Ol kim aglaýyr?”. Diýdi: “Ulug Süleýman”. Diýdim: “Hak ne isteýir?”. Diýdi: “Bagda gül-reýhan”. Diýdim: “Diýdim bagban aglaýyr”. Diýdi: “Bagryn daglaýyr”. Diýdim ki: “Alaç eýle!” Diýdi: “Lukman ezizden”.   Diýdim: “Bir gözel gördüm”. Diýdi: “Mahy-tabandyr”. Diýdim: “Kimse jan bermez?. Diýdi: “Bir hak amandyr”. Diýdim: “Kim sürer jahan?. Diýdi: “Şa hökmü-rowan” Diýdim: “Perzent öledir”. Diýdi: “Haka rowandyr”. Diýdim: “Bizge ýetirgil”. Diýdi: “Hak diýp oturgyl!”. Diýdim: “Kimde ýok uýat?. Diýdi: “Juwanda-gyzda”.   Diýdim: “Pyragy ismim”. Diýdi: “Pyrkat çeke sen”. Diýdim: “Gol aýak ysmaz”. Diýdi: “Daglar çykasen”. Diýdim: “Namart ozadyr”. Diýdi: “Mar sen, çaka sen”. Diýdim: “Gitdi agmalym”. Diýdi: “Garryp çöke sen”. Diýdim: “Haka arzym bar”. Diýdi: “Oldur saňa ýar”. Diýdim: “Gyşym geçedir”. Diýdi: “Habar al güýzden”.

Köneler, BangBang tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir