(“Watan” gazeti, №89, 20.07.2017 ý.) Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly ýurdumyzyň şöhratyny has hem belende göterjek şatlykly wakanyň – Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň uly ruhubelentlikde geçiriljek ýyly hökmünde unudylmajak pursatlary, göwünleri ganatlandyryjy ýakymly wakalary bilen taryhyň gatlaryna siňer. Bu uly sport baýramçylygy Diýarymyzyň ýokary derejelere çykmagyna, dünýäniň beýleki döwletleri bilen dostluk köprüsini pugtalandyrmagyna has hem ýardam eder. Häzirki wagtda tutuş ýurdumyz boýunça paýtagtymyz Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyk ýokary derejede alnyp barylýar hem-de geljek sport wekilýetlerine we myhmanlara hyzmat etmäge ukyply meýletinçileri taýýarlamak boýunça uly tagallalar edilýär. Şol maksat bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hem meýletinçi ýardamçylary taýýarlaýan merkezler hereket edýär. Meýletinçiler üçin türkmen-iňlis, türkmen-rus, türkmen-arap dillerinde ýörite gepleşik kitaplary, sport leksikasy boýunça sözlükler çap edildi. Bularyň hemmesi meýletinçileriň daşary ýurt dillerini suwara bilmeklerine uly ýardam edýär. Ýurdumyzyň taryhynda uly orun aljak bu ähmiýetli waka meýletinçilik ýardamlarymyzy berýändigimize diýseň buýsanýarys. Biz Aşgabat Aziadasynyň meýletinçileri bolmak bilen, halkymyzyň myhmansöýerligini we dostanalygyny dünýä ýaýmakda, myhmanlarda baýramçylyk duýgusyny oýaryp, bu çäräni uly lezzet bilen garşylamaklary üçin ähli ukyp-başarnyklarymyzy gaýgyrmarys. Bu biziň durmuşymyzda iň bir ýatda galyjy pursatlar bolup, daşary ýurtly dostlarymyzy tapynmaga, şeýle-de geljekki ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmegimize mynasyp tejribe toplamaga giň mümkinçilikler berer. Eýýäm synag ýaryşlarynda, şeýle hem meýletinçilik okuw sapaklaryna yzygiderli ýagdaýda işjeň gatnaşmagymyz biziň dünýägaraýşymyzy we düşünjelerimizi ýene-de bir ýola giňeldýär. Biz – meýletinçiler! Bu diýildigi her birimize ugurtapyjy, çydamly, galkyndyryjy, uly höwesli we nusga bolarlykly häsiýetleriň mahsus bolmalydygynyň möhümdigini aňladýar. Biziň baş maksadymyz Garaşsyz ýurdumyzyň abraýyna abraý goşmakdan, geljek myhmanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrmakdan we güneşli ülkämizden ýakymly ýatlamalary sowgat bermekden ybaratdyr. Biz – meýletinçiler, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna uly sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Türkmen türgenlerine bolsa ýeňişleriň ýar bolmagyny, türkmen Tuguny elmydama belentde parlatmaklaryny arzuw edýäris! Eziz ýurdumyzyň abraýyny arşa galdyrýan Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris!

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir