Ýaş gelinleriň geýýän gadymy başgabyna «börük», kä ýerlerde «hasaba» diýlipdir. Ol XX asyryň başlaryna çenli Türkmenistanyň günbatar, demirgazyk we gündogar sebitlerinde ýörgünli bolupdyr. Börük döwletimiziň käbir ýerlerinde, şol sanda günbatarly çarwa türkmenlerde hem geçen asyryň 30-njy ýyllaryna çenli saklanyp galypdyr. Ony ýaş gelinler ilkinji çagalary bolýança geýipdirler. Börük barada XIX asyryň birinji ýarymynda rus awtorlary N.W.Murawýow, E.Eýhwald, G.S.Karelin, P.P.Ogorodnikow we başgalar ýazypdyrlar. 1821-1822-nji ýyllarda Gürgen, Etrek, Astrabad, Mazanderan we Hazar deňziniň kenarýakasynda syýahatda bolan Jeýms Beýli Freýzer şeýle ýazýar: «Bu aýallaryň başyna daňýan zatlary örän özboluşlydyr. Olaryň köpüsi beýik topby geýýärler. Bu topba giň täje meňzeş maňlaýlyklar dakylýar. Bu başgaplar biziň esgerlerimiziň «şako» atly telpeklerine meňzeýär. Maňlaýlyk topbynyň yzyndan daňylýar we owadan dok reňkli ýüpek ýaglyk topbudan aşak goýberilýär. Maňlaýlyk şaý-sepi kümüşden we altyndan edilip, dürli şekilde bolýar: köpüsi bir hatara düzülen kümüş düwmejikler, ilikler, zynjyrlar bilen şaýlar, möhürler we teňňeler. Bular her hili görnüşde owadan daşlar bilen bezelen... Bu başgabyň çarçuwasy çybykdan ýa-da gamyşdan ýasalan, daşyna mata tikilen; olar börügi geýmeýän ýagdaýynda başlaryna şu şekilde ýaglyk oraýarlar. Bu ýaglyk agyzlaryny ýapýar we döşlerine çenli düşýär». Balkan welaýatynyň çäklerinde bolup ýygnalan etnografik maglumatlara görä, börügiň depesinde kümüş gupba hem bolupdyr. Gupbanyň börügiň iki tarapyndan sallanyşyp duran uçlary düwmeli kümüş zynjyrjyklary bolup, şeýle börük beýik, agyr we tagaşyksyz bolupdyr. A.S.Morozowanyň işinde börük hakynda doly maglumat berilýär. Ol bu işini I.I.Gluşkowyň 1908-nji ýylda ýygnan hem-de Antropologiýa we etnografiýa muzeýinde saklanýan foto suratlarynyň esasynda ýazypdyr. Börük sypaldan we otlardan işilip, hamyr bilen petlenen mata, derä, gaty kagyza we başga gaty zatlara dolanan bogulykdan örülýär. Onuň giňelýän ýokary bölegi otlardan işilip, mata dolanan bogulykdan halka görnüşinde örülendir we süýnmek sebede meňzeşdir. Börügiň daşyna gyzyl ýüpek mata çekilip, matanyň ýüzüne-de mahmal zolaklary tikilipdir. Hasabanyň alyn tarapyndaky mahmal zolaklarynyň ýüzüne dörtburç görnüşli kümüş we gyzyl şaýlar, maşat gaşly kümüş şaýlar, maňlaýa düşüp duran şelpeler tikilipdir. Börügiň iki gapdalyndan «adamlyk» diýlip atlandyrylýan aýal şekiline meňzeş kümüş zynjyrly uly şelpeler asylypdyr. Börügiň üstünden gyzyl çargat, bürenjek ýa don atynypdyrlar. Bürenjek ösümlik dünýäsinden alnan owadan nagyşlar salnyp bejerilipdir. Börüge berkidilýän daraýy matadan tikilen we bejerilen «ýaşmak dogajyk» atly ýörite mata täze gelniň agzyny ýapyp durar eken. Barly maşgalalarda börügi sap altyn şaýlar bilen bezäpdirler, beýleki maşgalalarda bolsa onuň bezeginde kümüş we mis şaýyjyklar ulanylypdyr. Börügi şaý bilen bezemäge gyzyň we öýlenýän ýigidiň ene-atasy deň harajat edipdirler. A.S.Morozowanyň pikirine görä, börükde hasyl hudaýyna uýmak däbi bilen baglanyşykly gadymdan gelýän başgabyň alamatlary duýulýar. Bu däp uzak geçmişde Orta Aziýa halklarynda giňden ýaýrapdyr. Börük XX asyryň birinji ýarymynda kem-kemden ýönekeýräk başgaplar bilen çalşyrylýar. Ýaş gelinler boýy oňa görä pesräk başgaplary ulanyp başlaýarlar. Baýram Muhammedow