Daş-töweregi gelin-gyzlarymyzyň nepis keşdeleri ýaly owadan gül-güläleklere bezejek bahar pasly ýetip gelýär. Bu pasyl özüniň gözelligi bilenem, päkligidir kalba ylham berýän joşguny bilenem owadan zenanlarymyza juda meňzeş. Gelin-gyzlaryň baýramynyň edil baharyň başynda bellenilmegi-de ýönelige däl bolsa gerek. Mümkin, ol zenan ýaly owadan bahar bilen, bahar ýaly owadan zenanyň arasynda bir ýakynlygyň bardygy üçindir?! Türkmen gyzynyň asylly keşbine, durky-düýrmegi bilen edep-ekramdan ýasalan ýaly bolup ýöreýşine seredip, göwnüň ýaşlyga telwas edýär. Bu gözelligiň üsti elmydama ene-mamalarymyzyň irginsiz zähmetleri arkaly edep-ekram bilen ýetirilip, arkama-arka, nesilme-nesil geçip biziň döwrümize gelip ýetipdir. Halkymyzyň terbiýeçilik ýol-ýörelgelerinde gyz maşgalanyň, zenan kowmunyň tertip-düzgünine aýratyn üns berilmeginiň öz sebäpleri bar. Halal we mukaddes ojagyň eýeleri, nesil terbiýesiniň gözbaşlary bolan zenanlaryň häsiýeti, durmuşy dolandyryşy tutuşlygyna diýen ýaly şol maşgalanyň bagtyna, üstünliklerine we şowlulyklaryna täsir edýär. Şol jähetden hem gyz bäbejige ýaňy oturmaga ýarandan milli edep-terbiýäniň ýönekeýje ýörelgeleri öwredilýär. Bir sebäbe görä gatyrak aglaýsa ýa-da gygyraýsa: «Ýuwaşrak bolaweri, balajyk. Sen gyzsyň» diýilýär. Oturyp-turanda ýygnanypjyk oturmagy öwretmek, işe ýarandan «käse getir», «ýassyk äber» diýen ýaly işleri buýurmak bilen ene-mamalarymyz gadym döwürlerden bäri gyz terbiýesine aýratyn üns beripdirler. Iň esasy zat bolsa gyzjagazlaryň — geljekki maşgala eýeleriniň zähmete gönükmegini gazanypdyrlar. Eli iňňe tutandan kiçijik geýimjigi ýa-da ýakajyk biçip berip, keşde çekmegi öwredipdirler. Bir dyzynyň üstünde keşdeläp oturan tahýasyny goýup, uly gyz doganlary akgaýma çekýärkä, gelnejesidir ejesi kürte, begres, çabyt bejerýärkä olaryň läle ýaly owadan sungaty döredýändigini gözüne siňdirýän gyz şolara meňzemäge çalşypdyr. Şeýlelikde keşdeler bilen hemsyrdaş bolan gyz maşgala sabyrlylygy, armazaklygy, galdawlygy bilen haýran galdyrypdyr. Daň säher bilen dokma-daragyň sesine oýanyp, çörekli saçakdan öň halynyň başyna geçýän gözeller şeýdip halyçylyk, palasçylyk, keşdeçilik ýol-ýörelgelerini dowam etdiripdirler. Eli işli gyz iň bir hyrydarly maşgala bolupdyr. Keşde çekmekde obada öňüne adam geçirmeýän gaýratly we çeper gözelleriň tarypy dilden-dile geçipdir. Her kim şeýle gyzy gelin edinmegiň arzuwy bilen ýaşapdyr. Tebigat gözelligine bolan çirksiz söýgi we ýiti synçylyk türkmeniň zenan maşgalalarynyň güller, baglar, daglar, dürli guşlar we janly-jandarlar bilen baglanyşykly keşdeleri döretmegine ýol açypdyr. «Keýik goçak», «guşgözi», «ýylanyzy», «gülýaýdy», «çigildem» ýaly nepis nagyşlar döräpdir. Ene-mamalarymyzyň näzik kalbynyň owazy bolan bu nagyşlar häzirki günlerimizde hem özüniň gaýtalanmajak gözelligi bilen egin-eşiklerimize gelşik berýär. Milli edep-terbiýämizde päkizelige, halallyga aýratyn orun berlipdir. Eli elmydama nan-aşda bolan gelin-gyzlaryň barmaklaryna kümüş ýüzük dakmagy, saçlarynyň örülgi bolmagy eneler tarapyndan sargyt edilipdir. Saçlara timar berlende öýüň aýratyn bir burçunyň saýlanyp alynmagy, düşen we gyrlan saçyň tarjagazlary üçin ýörite bukja tikilmegi, saçyň oturylyp daralmagy, daralýarka öňüne ýaglyk ýazylmagy, yzyndan eginlerine, töweregine düşen gyrymsylara çenli ýygnalmagy talap edilipdir. Gyzyň gürlände mylaýym, pessaý äheňli bolmagy halanypdyr. Mähirli bolmak, daş-töweregi, dogan-garyndaşy bilen sylaşykly gürleşmek öwredilipdir. Gaty gürlemek, ýoknasyz gülmek aýyp hasaplanypdyr. Nusgawy edebiýatymyzda «şirin güftarym», «bilbil owazlym» diýlip arzylanan gyzlaryň sözleri asala, şirin-şerbede deňelipdir. Agyzlary pissä, gözleri maralyňka, gaşlary ýaýa, ýüzleri aýa, kamatlary serwi agajyna meňzedilipdir. Ýörände ýeriň gaýmagyny bozman usul bilen ýöremek, bir iş buýrulanda dessine bitirmek gyzlary has hem bezeýän häsiýetlerden bolupdyr. Gyz-gelinlerimiziň asylzada häsiýetleri baradaky edep kadalary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem dowam etdirilýär. Olaryň geýnişine aýratyn ähmiýet berlip, nepis sungatlary bilen milli egin-eşiklerimiz bolan çabytlary, ýeňsizleri, begresleri öz elleri bilen bejermegi sargalýar. Ylaýta-da ýaz-bahar gelip, älemi gül-gülälekler jadylanda, älemgoşar bilen bäs edişýän türkmen gelin-gyzlary juda ajaýyp görünýärler. Al-gyzyl nepis keteniniň üstünden begresdir çabyt geýip, iki örüm saçlarynyň saçbaglaryny ýeliň ugruna ykjadyp barýan gözellerden gözüňi aýrasyň gelenok. Ilimizde geýinmegiň edebine hem aýratyn üns berilýär. Gyzlaryň özüne laýyk ýerbe-ýer, ykjam, gelşikli geýinmegi oňlanylýar. Ata-babadan gelýän uzyn köýnekler zenanlaryň kaddy-kamatyny juda bezeýär. Toý-tomguda, baýramçylyk çärelerinde milli egin-eşiklerimiz bilen şaý-seplerimizi sazlaşdyryp geýinýän we dakynýan gözellerimiz mizemez mirasymyzyň teşneleridir. Oba ýerlerinde topar-topar bolup kürte, begres, çabyt bejerip oturan gyzlar halkymyzyň hiç mahal ýitmejek keşdeçilik sungatyny dowam etdirýärler. Olara sargyt bilen ýüz tutanyňda, zähmet endikleri bilen bilelikde kalbynda asyllylygyň, açyk göwünliligiň, sadalygyň hem mekan tutandygyny görýärsiň. Ýaşlaryň gözellige, däp-dessurlarymyza çuňňur düşünip, milli öwüşginleri döwrebap nusgalar bilen sazlaşdyrmagy göwnüňden turýar. Okuwçy gyzlaryň okuwdan boş wagtlary keşdeçilik, halyçylyk sungatyna höwes etmekleri kalbyňa rahatlyk çaýýar. Gyzlaryň maşgala gurmaga taýýarlanmagyna döwrüň talaby ýaly garalsa-da, gönezliginde ene-mamalarymyzdan miras galan gymmatly däpler bar. Häzirki günlerde haýsy bir maşgala barsaň-da, ulugyzlaryň öýüň ähli işlerinden baş çykaryp bilýändigine göz ýetirýärsiň. Zähmet endikleriniň ählisi ýaşlygyndan öwredilýän gyzlarymyz milli tagamlarymyzyň dürli görnüşlerini taýýarlamagy, el işleriniň keşde çekmek, gaýma gaýamak, basma basmak ýaly nepisliklerini öwrenýärler. Enelerden, gelnejelerinden nusga alýan edeplije gyz maşgalalar halkymyzyň gadymdan gelýän girim-çykymyny, däp-dessurlaryny dowam etdirýärler. «Gyzym, gelnejeň bilen bileje nahar taýýarlaň. Bilmedik zatlaryňy sorasaň öwrederis. Ertir-birigün durmuşa çykyp, gelin bolmalysyň. Iş bilseň gaýynlaryň ýanynda diliň uzyn bolar. Birden «Gülýaýdy gelmez elinden, oba durmaz dilinden» diýdiräýme. Agras, asylly, ýerlikli, gepden-sözden daşda bol!» diýen ýaly çuňňur manyly sözler häli-şindi gulagyna guýulýar. Şeýle gyzlar sypaýydan salyhatly, ojagyna wepaly, arassaçyl, işeňňir maşgala bolup ýetişýärler. Oba ýerlerinde öňünde ejesidir gelnejeleriniň bardygyna seretmezden hamyr ýugrup, tamdyrda Gün bilen bäsleşýän mele-myssyk çörekleri bişirmäge höwesli gyzlar köp. Olaryň obanyň iň bir hysyrdyly işleri bolan keçe güllemek, basmak, haly-palas dokamak, gamyş çykamak, tamdyr-ojak örmek ýaly işlere hem işeňňir gatnaşyp ýörşüni, el-aýak ýaly bolup toý-tomguda hyzmat edişini synlap, «Ine, taýynjak maşgala eýesi» diýeniňi duýman galýarsyň. Eýýäm 4-5-nji synpda okaýarkalar daş ýalyjak edip aşlyk hamyr ýugurýan, ejesiniň keçe etmek üçin orta döken ýüňünden pişge ýasap, bir görseňem keçäniň güllügini taýýarlamak işlerini eliniň ujunda aýlap oturan ulugyzlar «Edip beren ýeňňemden, edep beren ýeňňem ýagşy» diýlen parasatly sözlere eýerýärler. Olaryň uly bilen uly, kiçi bilen kiçi ýaly sylaşykly gürleýişleri, edep bilen salam berişleri, gyza mahsus häsiýetler bilen hereket edişleri giden bir dünýä. Ene-mamalarymyzyň kämilleşdirip, biziň günlerimize ýetiren milli kesp-kärleri, edim-gylymlary, häsiýetleri gelin-gyzlarymyzy has hem ýaraşykly görkezýär. Gyz maşgalanyň daşky gözelligi bilen içki dünýäsi sazlaşanda gaýtalanmajak ebedi gözellik döreýär. Baharda baglarda açylyp duran gül-çeçekler ýaly päkize, tereň, göze ýakymly ol gözellikden ynsan ogluna ganma ýok. Baýram Muhammedow

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir