Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim ulgamyny kämilleşdirmek Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir we oňa innowasion ykdysadyýeti kemala getirmegiň esasy şerti hökmünde garalýar. Dünýä derejesindäki ösüşlerden we özgerişlerden baş çykarýan, ykdysady ösüşiň kepili bolan ylymly-bilimli hünärmenleri taýýarlamak biziň baş maksadymyz bolup durýar. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda 5 sany fakultet, olar Ykdysadyýet, Maliýe, Menejment, Marketing, Hünäri ýokarlandyryş fakultetleri, şeýle hem 16 sany kafedra, olardan “Buhgalter hasaby, ykdysady analiz we audit”, “Ykdysadyýet we hukuk”, “Statistika”, “Maliýe”, “Bank işi”, “Menejment”, “Dünýä ykdysadyýeti”, “Maglumat ulgamlary”, “Zähmetiň ykdysadyýeti”, “Marketing” hünär berýän kafedralar hem-de “Ykdysady informatika”, “Ykdysady nazaryýet”, “Jemgyýeti öwreniş ylymlary”, “Daşary ýurt dilleri”, “Ýokary matematika”, “Bedenterbiýe” umumy bilim berýän kafedralar hereket edýär. Şeýle hem institutyň düzüminde birnäçe okuw merkezleri hereket edýär. Olar, Ykdysatçy hünärmenleri taýýarlaýan okuw merkezi, “Audit” okuw merkezi, “Menejer” ylmy-önümçilik merkezi we “Marketing” okuw-önümçilik merkezidir. Bu merkezlerde diňleýjlere tölegli esasda bilim berilýär. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň professor-mugallymlary tarapyndan talyp ýaşlara dünýä standartlarynyň derejesinde döwrebap bilim bermek boýunça mynasyp işler alnyp barylýar. Institutymyzyň professor-mugallymlary we talyplary geçirilen “Ýylyň mugallymy”, “Ýylyň talyby” döwlet bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelemekligi başardylar. Şeýle hem talyuplarymyz Halkara açyk internet olimpiadasynda talyplarymyz Ekologiýa dersi boýunça II orna - Kümüş medala, Informatika dersi boýunça III orna – Bürünç medala mynasyp boldular. Bilim, ylym, önümçilik işlerini utgaşdyryp alyp barmak, önümçiligi nazary bilime has-da ýakynlaşdyrmak, şeýle hem bilelikde ylmy-barlag, okuw-tejribe işlerini alyp barmak maksady bilen döredilen kefedralaryň önümçilikdäki şahamçalarynda talyplar önümçilikdäki ýagdaýlar bilen has içgin tanyşdyrylýar, önümçilikdäki ussat hünärmenler okuw işine çekilýär hem-de ylmy-barlag işleriniň netijeleri önümçilige ornaşdyrylýar. Şahamçalarda her hepdäniň şenbe güni pudak-edaralaryň ussat hünärmenleri tarapyndan okuw sapaklary geçirilýär. Kafedralaryň ýaş mugallymlary şahamçalarda öz tejribesini ýokarlandyrmak we okadýan dersleri boýunça gerek bolan maglumatlary toplamak üçin ýakyndan işleýärler. Bu bolsa bilimiň hilini ýokarlandyrmakda, onuň önümçilik bilen baglanyşygyny berkitmekde, ýerine ýetirilýän ylmy-barlag işleriň amaly ähmiýetini ýokarlandyrmakda öz oňyn netijesini berýär. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň agzybir professor-mugallymlary tarapyndan talyp ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde alnyp barylýan işler mundan beýläkde dowam etdiriler.

Köneler, TDUayka tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir