Gözel paýtagtymyzda geçiriljek V Aziýada oýunlarynyň başlanmagyna 1 aýyň galmagy we türkmen gawunynyň baýramy Aşgabatda guwandyrjy we buýsandyrjy şanly şanly wakalar bolup geçdi. 17-nji awgust, bu gün gözel tebigaty, ajaýyp binalary, ak ýollara atarýan oklaw ýaly ýollary bilen ir säherden wasplary dillende dessan Aşgabat şäherimiz asudalyga, gözellige beslendi. Säheriň hoştap howasynda saglyklaryny berkitmek we sogap işleriň başyny tutmak üçin Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda tigirli ýola düşen topar birnäçe ajaýyp işleri amala aşyrdylar. Tigirli gezmek täze başlangyç, täze däp bolup girdi. Şeýle adam saglygy, tebigatyň, daşky gurşawyň, ekologiýanyň arassalygy üçin girizilen bu däp-dessurlar, çäreler ilat üçin uly ähmiýete eýedir. Raýatlarymyzyň bagtly ömür sürmekleri üçin nebit-gaz toplumyna degişli ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýynyň açylşyna Prezidentimiziň tigirli barmagy bizi begendirdi. Ýurdumyzda erkana ýaşap, päk zähmet çekýän dürli halklaryň wekilleri hem bagtyýar durmuşyň hözirini görýärler. Hormatly Prezidentimiz şeýle maşgalalaryň birinde myhman boldy. Ata-babalarymyzdan galan dost-doganlyk, myhmansöýerlik, agzybirlik, bitewilik ýaly milli köklerine ygrarlylyk däplerini berk görelde edinen Baştutanymyzyň bu asylly işleri nusga alarlykdyr. “Saglyk-beglik”, “Il saglygy- ýurt baýlaygy” diýilşi ýaly öz raýatlarynyň saglygy barada alada edýän Ýurt Baştutanymyz 40 müň ilata hyzmat etmäge niýetlenen saglyk öýüni hem açyp berdi. Bejeriş, dikeldiş we okuw merkezi boljak bu bina halkymyz üçin uly ähmiýete eýe bolup, “Döwlet adam üçindir” diýen şygaryň durmuşa geçýändigine ýene bir gezek şaýatlyk edýär. Şeýle-de dabaranyň çäklerinde hyzmatlar öýüniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň edarasynyň açylyşy bolup geçdi. Sagdynlygyň, ekologok arassalygyň, ruhybelentligiň, dostlugyň, parahatçylygyň baýramynda bakja önümleriniň sergisiniň görkezilmegi, her hili bäsleşikleriň geçirilmegi, aýratyn hem Aşgabat-2017-ä gatnaşjak ýurtlaryň milli tagamlarynyň görkezilmegi, raýatlaryň köçelerde tigirli ýöremekleri sport çäreleriniň ýokary derejede geçmegine getirdi. Uly sport baýramynyň şanyna guralan dabara Türkmenistanyň ähli ilatynda halkyna, eziz Watanyna, mähriban Prezidentine bolan mizemez söýgüni, V Aziýada mynasyp goşant goşmak höwesini döretdi. Hoş geldiň, Aziýada-2017!