S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplarynyň hatlaryndan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gahryman hem-de mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bu günki gün eziz Watanymyz dünýäde ösen döwletleriň biri hökmünde tanalýar. Bu günki gün milli Liderimiziň ,, Öňe, öňe diňe öňe jan watanym Türkmenistan” diýen ajaýyp şygaryndan ugur alyp ösüşleriň äze döwrebap başlangyçlaryna tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan eziz Watanymyzyň, agzybir halkymyzyň şan-şöhraty, at-abraýy dünýä dolýar. Ösüşleriň täze döwrebap başlangyçlary bilen şany dünýä dolýan mukaddes Garaşsyzlygymyz , baky Bitaraplygymyz bilen milli Liderimiziň saýasynda ýetilýän her bir sepgitler bolsa dünýä halklaryny haýrana goýýar. Dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen dostlukly gatnaşyklaryň netijesinde ähli ulgamlar bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamynda, medeniýetimizde , sungatymyzda , oba hojalyk pudagynda uly-uly ösüşlere , özgerişlere eýe bolunýar. Gahryman Arkadagymyz ösüp gelýän ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, sagdyn kemala gelmekleri ugrunda, ýurdumyzda ýaşaýan her bir raýatlaryň abadan, bolelin durmuşda ýaşamaklary ugrunda , okap bilim alýan talyp ýaşlaryň bolsa Türkmen jemgyýetinde öz mynasyp orunlaryny tapyp ata Watanymyzyň abraý mertebesine has-da belende götermekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýär. Bu mynasybetli dürli hili bäsleşikler, ylmy-amaly bäsleşiklere, sport bäsleşiklerinine hut özümiz gatnaşyp zehiniňi , ukybyňy açmaklyga aýratyn üns berilýär. Döredilýän şeýle ajaýyp mümkinçiliklerden ugur alyp okap bilim alýan biz ýaşlary bolsa gelejekde halal işlap, ýurdumyzyň abraý-mertebesini has-da belende götermeklige, ýurdumyza, hormatly Prezidentimize gerekli ýaşlar, gerekli hünärmenler bolup ýetişmeklige borçlandyrýar. Hemmämiziň bilşimiz ýaly ýene sanlyja günlerden Aziýanyň merjen şäheri bolan, gözel paýtagtymyzda türkmen taryhynda altyn harplar bilen ýazyljak, ajaýyp wakalaryň biri bolan ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary ,, Sagdynlyk, Ruhubelentlik, Dostluk “ şygary astynda geçiriler. Bu ajaýyp wakanyň okeaniýa döwletleriniň ilkinji gezek gatnaşmagynda biziň ýurdumyzda geçirilmegi bolsa, gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistan döwletimiziň abraý-mertebesiniň dünýä derejesinde has-da belentligini aýdyň subutlandyrýar. Geçiriljek Aziýa oýunlaryna taýýarlyk işleri ýurdumyzyň dürli künjeklerinde giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Bu mynasybetli daşary ýurtlardan gelýän myhmanlary türkmen milletiniň däp-dessurlaryna laýyklykda garşy almaklyk üçin ýörite ,,Meýletinçiler merkezi” döredildi we talyp deň-duşlarymyz esasy okuwlaryndan soňra dil öwrenmekliklerine, Aziýa oýunlaryna öz goşantlaryny goşmaklyga aýratyn üns berilýär. Türkmen türgenleri bolsa öz ýurdumyzda geçirilýän sport bäsleşiklerine gatnaşmak bilen çäklenmän, dünýä derejesinde geçirilýän bäsleşiklere gatnaşyp, öňdebaryjy orunlary eýeläp, ýaşyl tugumyzy belentde pasyrdatýarlar. Bu bolsa Türkmenistan ýurdumyzyň abraýyny ýenede bir gez belende galdyrýar. Men hem türkmen türgenlerine Aziýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, öňdebaryjy orunlara mynasyp bolmaklarynyz tüýs ýüregimden arzuw edýärin! Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda türkmen sportuny dünýä ýaýmaklyga ähli mümkinçilikleri döredip berýän hem-de ,, Goý, biziň Garaşsyz, baky Bitarap diýarymyzyň we agzybir halkymyzyň şan-şöhraty, abraý-mertebesi dünýä dolsun.” diýýän mähriban hem-de gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun! Tutýan il bähbitli umumy adamzat bähbitli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir