S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplarynyň hatlaryndan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri bilimdir ylyma giň ýol açdy. Sapaly döwrüň talabyna laýyk gelýän hünärmenleri taýýarlamakda Hormatly Prezidentimiziň ýokary okuw mekdepleriniň öňünde wajyp wezipeleri goýdy. Şolaryň oňyn çözülmegi üçin uniwersitetimizde uly aladalar edilýär. Oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetimizde bize öz okaýan ugrumyzdan düýpli bilim we asylly terbiýe berilmeklige çalyşylýar. Professor-mugallymlarymyz enjamlaşdyrylan okuw otaglarymyzda, tejribehanalarymyzda, ussahanalarymyzda, synag meýdançalarymyzda okatmagyň oňaýly usullaryndan peýdalanyp, umumy, amaly, söhbet we tejribe okuwlaryny guraýarlar. Ýurt baştutanymyzyň bilim ulgamynda geçirýän özgertmeleri özüniň gowy netijelerini berýär. Muňa ýokary okuw mekdebiň talyplary bolan biz öz gündelik durmuşymyzda, okuw işlerimizde göz ýetirýäris. Fakultetimiz bilen oba hojalyk önümçiligi elmydama ysnyşykly aragatnaşyk saklaýar. Biz ýurdumyzyň etraplarynyň daýhan birleşiklerine, kärendeçilerine oba hojalyk tehnikalaryna ideg etmekde kömek edýäris. Mähriban Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, diýarymyzyň ekarançylyk toplumy, suw hojalygy, gaýtadan işleýän senagat pudaklary dünýäniň iň kuwwatly, ýokary iş öndürijilikli hem-de oňaýly tehnikalary we tehnologiýalary bilen yzygiderli üpjün edilýär. Fakultetimiziň professor-mugallymlary şeýle tehnikalary we tehnologiýalary bize düýpli öwretmäge çalyşýarlar. Olar öz okuw jaýymyzyň binýadynda ABŞ-nyň “API-agri”, Germaniýanyň “CLAAS” kompaniýalarynyň döreden okuw merkezlerinde olaryň hünärmenleri bilen bilelikde “Case”, “John-Deere”, “CLAAS” kysymly traktorlarynyň we beýleki oba hojalyk maşynlarynyň gurluş hem işleýiş aýratynlyklaryny, olara gözegçilik edilişiniň düzgünlerini, sazlanyşynyň we ulanyşynyň ýola goýluşyny, biziň toprak we howa şertlerimizde olardan peýdalanmagyň aýratynlyklaryny we şu esasda netijeli ulanmagyň ýollaryny, olar bilen howpsyz işlemegiň düzgünlerini öwredýärler. Merkezlerde biziň her birimiziň şol tehnikalarda özbaşdak işläp, endik hem başarnyklary ele almagymyz üçin tejribe okuwlary guralýar. Bizi oba hojalyk önümçiligindäki işleriň guralyşy we ýola goýulyşy bilen içgin tanyşdyrmakda okuw-önümçilik tejribe hojalyklarymyzyň ähmiýeti uly. Biz bu ýerde tejribeli mugallymlaryň, hünärmenleriň ýolbaşçylygynda oba hojalygynyň ekerançylyk we maldarçylyk pudaklarynda tehnikalar arkaly ýerine ýetirilýän önümçilik işlerine gatnaşýarys. Ekerançylykda tehnikalaryň düzülişini, işe taýýarlanylyşyny, iş görkezijilerini we beýleki işleri, maldarçylykda mallara ot-iým taýýarlaýan, sagýan, gyrkýan, guýulardan suw çykarýan we beýleki işleri ýerine ýetirýän tehnikalaryň işe taýýarlanylyşyny, işleýiş we gurluş aýratynlyklaryny, olara tehniki ideg edilişi we beýlekileri ýerine ýetirýäris. Bular, birinjiden, biziň nazary okuwlarda geçilenleri öwrenmegimize, ikinjiden, hünär taýdan kämilleşip, önümçilikdäki işlere aň-düşünjelik bilen garap, akyl ýetirmegimize ýardam edýär. Nazary okuwlarda öwrenilýänleri durmuş bilen baglanyşdyrmagyň ýene bir möhüm görnüşleriniň biri hem önümçilik tejribeliligiň ýola goýulmagydyr. Şu maksat bilen ýurdumyzyň abatlaýyş we maşyn-gurluşyk ussahanalarynda, Ahal welaýatynyň etraplaryndaky Tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda, Belarusiýanyň traktor zawodynda geçýäris. Bu ýerlerde biz döredijilikli zähmet bilen baglanyşykly işleri ýerine ýetirip, önümçilikde kämilleşýäris. Tehnikalary sökmegi, sazlamagy, gurmagy önümçilikdäki işçiler bilen bilelikde, mümkinçilikli halatlarda bolsa özbaşdak ýerine ýetirýäris. Professor-mugallymlarymyz biz talyp ýaşlaryň ders bäsleşiklerine, oýlap tapyjylyk we täzelikçilik işlerine gatnaşmaklarymyza mümkinçilik döredýärler. Şol mümkinçilikden peýdalanyp men hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän ders bäsleşiginde Materiallaryň garşylygy dersinden baýrakly orna mynasyp boldym. Bu bolsa meni mundan buýana hem oňat okap, ökde hünärmen bolup ýetişmegime badalga berýär. Sözümiň ahyrynda, biz talyp ýaşlar üçin gündelik atalyk aladasyny edýän Hormatly Prezidentimize minnetdarlyk bildirýärin hem Gahryman Prezidentimiziň janynyň sag, il-ýurt bähbitli işleriniň mundan buýana-da rowaçlanmagyny arzuw edýärin.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir