«Sport — milletleriň dostlugynyň bir guraly. Şonuň üçin hem bu günki dünýäni sportsuz göz öňüne getirmek mümkin däl. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary biziň yklymymyzyň hem-de Okeaniýa döwletleriniň bir-birege has ýakynlaşmagyna, bilelikde YNSAN SAGLYGY diýilýän mukaddeslige hyzmat etmäge ýardam berer. Hut şonuň üçin hem bu Oýunlary geçiriji döwlet hökmünde Türkmenistanyň sport äleminde tutýan orny juda ýokarydyr. Men Türkmenistanyň Prezidentine we halkyna Oýunlary ýokary derejede, üstünlik bilen geçirmegi arzuw edýän we munuň şeýle boljakdygyna tüýs ýürekden ynanýaryn». Bu sözler Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň wise-prezidenti Weý Jezonga degişli. Hormatly myhman geçen aýda Aşgabatda geçirilen Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 34-nji Baş Assambleýasyna gatnaşmaga geleninde bize şu zatlary buýsanç bilen aýdypdy. Hakykatdan-da, bedew batly ösüşleri Ýer ýüzünde ykrar edilýän Türkmenistan ýene bir uly synagyň bosagasynda dur. Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegine 2 ýyldan hem az möhlet galdy — Oýunlar, nesip bolsa, 2017-nji ýylyň sentýabrynda geçiriler. Bagtyýarlykdan don geýen günler bizi Aziada — 2017-niň geçiriljek günlerine ýakynlaşdyrdygyça oňa görülýän taýýarlyklaryň miwesini berýändigine öz gözümiz bilen şaýat bolup gelýäris. Muny diňe biz däl, ýurdumyzda Aziada — 2017 bilen baglanyşykly geçirilýän halkara çärelere gatnaşmaga gelen her bir myhman nygtaýar. Sentýabr aýynda bolsa paýtagtymyzda edil Aziada — 2017-niň özi ýaly ähmiýetli çäre — Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 34-nji Baş Assambleýasy geçirildi. Dünýäniň iri sport guramalaryndan, halkara we milli olimpiýa komitetlerinden, mahlasy, dünýäniň 80 töweregi döwletinden ýüzlerçe wekilleri özünde jemlän iri mejlisiň işine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Bize bu taryhy wakalaryň şaýady bolmak we Olimpiýa şäherjiginiň döwrebap sport toplumlarynyň birinde geçirilen mejlisde hormatly Prezidentimiziň çuňňur many-mazmunly çykyşyny diňlemek bagty miýesser etdi. Şol çykyşda milli Liderimiziň türkmen sportunyň ýeten derejeleri, gazanan üstünlikleri hem-de Aziada — 2017-ä taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler hakynda takyk maglumatlaryň, sanlaryň üsti bilen aýdanlaryny buýsanman, tolgunman diňlemek mümkin däl. Şol mahalam, mundan sanlyja ýyl ozal hem «mawy ekranda» iri sport ýaryşlaryny geçirýän döwletlere gözügidijilik bilen seredip, şeýle ýaryşlaryň özümizde-de geçirilmegini arzuw edişimiz serimize dolýar. Ine, indi bolsa biz şol bagtyň — yklymlary birleşdirýän Oýunlaryň öz topragymyzda geçiriljek günleriniň bosagasynda durus. Aslynda, berkarar döwletimiziň halkara derejeli sport ýaryşlaryny geçirmek boýunça öň hem birnäçe synaglardan üstünlikli geçendigini nygtamak isleýäris. Sambo boýunça Merkezi Aziýanyň çempionaty, Guşakly göreş we türkmen milli göreşi boýunça dünýä birinjiligi olara gatnaşyjy döwletler tarapyndan hem, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan hem giň we oňyn seslenme tapdy. Diýmek, Türkmenistan sebit, yklym we dünýä derejesindäki sport baýramçylyklaryny ýokary derejede geçirip biljekdigini subut etdi. Aziada — 2017-ni geçirmek üçin bolsa şäher içinde ýörite sport şäherçesiniň gurulýandygyny, şonuň hem Merkezi Aziýada iň uly sport toplumydygyny ýatlamagyň özi-de Oýunlaryň üstünlikli geçjekdigine bolan ynamymyzy güýçlendirýär. Ýene-de Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 34-nji Baş Assambleýasy hakyndaky gürrüňe gaýdyp gelmek bilen, onuň ähmiýeti dogrusynda käbir zatlary aýdyp geçmek isleýäris. Mälim bolşy ýaly, Baş Assambleýanyň açylyş mejlisinde Halkara welosport birleşiginiň dolandyryş komitetiniň agzasy Igor Makarow öz çykyşynda hormatly Prezidentimize 2017-nji ýylda Olimpiýa şäherjiginde gurlan welotrek desgasynda sportuň bu görnüşi boýunça dünýä çempionatyny geçirmegi teklip etdi. Diýmek, Olimpiýa şäherjigi bir ýylyň içinde dünýäniň ünsüni özüne çekjek sport baýramçylyklarynyň birnäçesini geçirip biler. Halkara welosport birleşiginden gelen hünärmenleriň aýdyşy ýaly, şäherçedäki welotrek desgasynda dünýä çempionatyny geçirmek üçin ähli şertler bar. Aşgabatda geçirilen Baş Assambleýanyň ýene bir ähmiýetli tarapy, onda yklymyň sport durmuşyna degişli birnäçe meseleleriň öz çözgüdine gowşandygydyr. Şolaryň iň esasylarynyň biri hem 2022-nji ýylda XXIX tomusky Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýeriniň hut Aşgabatda belli edilmegidir. Baş Assambleýanyň Aşgabat mejlisinde habar berlişi ýaly, yklymyň iň iri sport baýramçylygy Hytaý Halk Respublikasynyň Hançžou şäherinde geçiriler. Biz häzir hem Aşgabada Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hukugynyň 2010-njy ýylda Kuweýt döwletinde berlendigini buýsanç bilen ýatlaýarys. Diýmek, asyryň üçünji onýyllygynyň ilkinji Aziadasyny öz döwletinde geçirmäge hukuk gazanan hytaý halky hem bu hukugyň berlen ýeri hökmünde merjen Aşgabady hemişe gursagynda göterip gezer. Bu bolsa türkmen halky üçin hem, hytaýly doganlarymyz üçin hem belent mertebedir. Hawa, Aziada — 2017 ilkinjileriň sport baýramçylygy bolar. Ol: — Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň Merkezi Aziýada ilkinji gezek geçirilişiniň; — sportuň konkur, türkmen milli göreşi ýaly görnüşleriniň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna ilkinji gezek goşulmagynyň; — Okeaniýa döwletleriniň Aziadalaryň bu görnüşinde ilkinji gezek çykyş etmeginiň, şeýlelikde Aziýa oýunlaryna ilkinji gezek 60-dan gowrak döwletiň türgenleriniň gatnaşmagynyň sport baýramçylygydyr. Iň esasysy bolsa, bu Oýunlar halklaryň sport arkaly birek-birege ýakynlaşmagynyň, dostlaşmagynyň ýene bir ädimi bolar. Baýram Muhammedow