Türkmenistanyñ Ýaragly Güýçleriniñ Belent Serkerdabaşysy, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyñ Watan goragçylaryna harby tilsimleriñ ýokary ussatlygyny görkezmegi olarda guwanç we buýsanç döretdi. Garaşsyz hemişelik Bitarap ýurdumyzda kabul edilen, Harby doktrina hoşniýetli goñşuçylyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanyp, diñe goranyş häsiýetine eýedir. Golaýda ýurdumyzda geçirilen görkezme harby-taktiki tälim milli Ýaragly Cüýçleriniñ goranyş ukyplylygynyñ we şahsy düzümiñ söweşjeñ taýarlygynyñ ýokary derejesini, döwrebap harby tehnikalary dolandyrmakda harby gullukçylaryñ ussatlygyny ýene bir gezek aýdyñ görkezdi. Görkezme söweşjeñ-taktiki tälimiñ barşynda milli Liderimiziñ ussatlyk bilen ýerine ýetiren çylşyrymly harby tilsimleriniñ ýaş harby gullukçylaryñ hünär taýýarlygyny we syýasy düşünjesini ýokarlandyrmakda, raýatlyk işjeñligini pugtalandyrmakda we söweşjeñ ruhuny berkitmekde uly ähmiýeti bar. Ýurdumyzyñ parahatçylygyny we howpsuzlygyny, halkyñ abadan we döredijilikli durmuşyny üpjün etmek Berkarar döwletimiziñ bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyñ döwlet syýasatynyñ ileri tutulýan ugry bolup durýar. Diñe goranyş häsiýetine eýe bolan doktrina laýyklykda, ýurdumyzyñ Ýaragly Güýçleriniñ söweşjeñ taýarlygyny ýokarlandyrmak, ony döwrebap ýöriteleşdirilen tehnikalar bilen üpjün etmek, şeýle hem harby gullukçylar üçin zerur bolan gulluk we durmuş şertlerini döretmek boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär. Şol maksatlarda döwlet Baştutanymyzyñ başyny başlan, milli goşunymyzyñ we beýleki degişli düzümleriñ maddy-enjamlaýyn binýadynyñ pugtalandyrylmagyna, bu ugurda alnyp barylýan işleriñ netijeli häsiýete eýe bolmagyna gönükdirilen harby özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk derejesine ygrarly bolmak bilen, «Açyk gapylar», hoşniýetli goñşuçylyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine daýanýan parahatçylyk söýüjilikli syýasaty yzygiderli amala aşyrýar. Türkmenistanyñ Ýaragly Güýçleriniñ kuwwatynyñ we türkmen harby gullukçylarynyñ söweşjeñ ussatlygynyñ özboluşly gözden geçirilişine öwrülen görkezme söweşjeñ-taktiki tälimiñ üstünlikli geçirilmegi bu ugurda alnyp barylýan işleriñ netijeli häsiýete eýe bolýandygyny subut etdi.

Köneler, TDUayka tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir