Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz bilen daşary ýurtlaryň arasynda ykdysady, medeni syýasy gatnaşyklarynyň geriminiň ýyl geldigiçe giňelmegi eziz Diýarymyzyň dünýä jemgiýetçiliginde halkara abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Halklaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklaryň ösmeginde, olaryň biri-biri bilen düşünişmeginde we dost-doganlygyň has-da berkemeginde syýahatçylygyň orny örän uludyr we biziň ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamlaryny ösdürmeklige aýratyn uly üns berilýär. Şoňa laýyklykda hem Döwlet Baştutanymyz syýahatçylygy ösdürmek babatynda öňe süren başlangyçlary esasynda ýurdumyza dünýäniň çar künjünden gelýän syýahatçylaryň sany barha köpelýär we daşary ýurtlardan gelýän myhmanlar mähirli garşy alynýar hem-de olara ýokary hilli we döwrebap syýahatçylyk hyzmatlary ýokary dereje ýola goýulýar. Şeýle hem Türkmenistan döwletimiziň raýatlarynyň daşary ýurtlara syýahata we okamaga gitmeklerine ýurdumyzda ähli amatly şertler döredilendir. Aşgabadyň halkara howa menzilindäki migrasiýa gullugynda häzirki zaman döwrebap enjamlaryň ornaşdyrylmagy bilen ýurdumyza gelýän daşary ýurt döwletleriniň raýatlaryna we ýurdumyzdan daşary ýurtlara gidýän raýatlarymyza hyzmatlar ýokary derejede edilýär hem-de olaryň rahat gelip gitmeklerine giň mümkinçilikleri döredilýär. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň öz işini döwrebap derejede alyp barmagy netijesinde daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanda bolmagy üçin wizalar hiç bir bökdençsiz gysga wagtda resmileşdirilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň raýatlaryna Raýat Awiýasynyň Halkara Guramasynyň talaplaryna laýyk gelýän biometrik maglumatly pasportlarynyň berilmegi ulanyşa girizildi we munuň özi Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletlerine gitmek we gelmek baradaky hukuklarynyň döwlet tarapyndan kepillendirilýändigine anyk şaýatlyk edýär. Täze ýol resminamalary bilen raýatlarymyz dünýä döwletlerine hiç bir päsgelçiliksiz gidip we dünýäniň ähli künjünde erkin hereket edip bilýärler hem-de döredip beren bu amatlyklary üçin raýatlarymyzyň hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarlar. Şeýle hem «Türkmenhowaýollary» gullugy tarapyndan dünýäniň köp döwletleriniň şäherlerine dünýäniň iň kämil uçarlarynda göni howa gatnowlarynyň ýerine ýetirilmegi we awiapetekleriň el ýeterli bahalardan bolmagy olaryň barmak isleýän döwletlerine çalt hem-de amatly şertlerde barmaklaryny üpjün edýär. Aşgabadyň halkara howa menzilinde we welaýatlarymyzdaky howa menzillerinde ýurdumyza gelýän myhmanlara we daşary ýurtlara gidýän raýatlarymyza ýokary hilli hyzmatlaryň ýola goýulmagy bolsa, olarda uly kanagatlanma duýgusyny döredýär. Hormatly Prezidentimiziň raýatlarymyzyň daşary ýurt döwletlerinde okamaklary we dynç almaklary üçin döredýän amatly şertleriň netijesinde daşary ýurtlara syýahat etmäge gidýän raýatlarymyzyň sany hem ýyl-ýyldan barha artýar. Halklaryň arasynda dost-doganlygy ösdürmek üçin bimöçber aladalary edýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman, tutumly işleri rowaç bolsun!

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir