17.08.2017-nji ýylda ir säher bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 30 gün galmagy mynasybetli guralýan “Awtoulagsyz gün” atly köpçülikleýin ekologiýa çäresine hem-de durmuş maksatly täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Şanly waka mynasybetli guralýan çäreler köpçülikleýin welosipedli ýöriş bilen başlandy. Ol paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň ilatyny, umuman, watandaşlarymyzyň müňlerçesini özünde jemledi. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça guralýan şunuň ýaly köpçülikleýin sport çäreleri ýurdumyzda asylly ýörelgä öwrüldi. Çünki köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem-de ýokary netijeli sporty ösdürmek, milletimiziň saglygyny berkitmek üçin zerur şertleri döretmek, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmek döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän syýasatynyň esasy ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda “Türkmenistan-“Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” şygary astynda her ýylda geçirilýän köpçülikleýin sport ýaryşlarynyň örän uly ähmiýeti bardyr. Oňa mekdep okuwçylary, talyplar, ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň işgärleri, dürli pudaklaryň zähmetkeşleri we ähli welaýatlaryň ilaty işjeň gatnaşýar. Ýurdumyz sporty höweslendirmäge we goldamaga aýratyn üns berip, halkara sport hereketini ösdürmäge saldamly goşant goşmaga çalyşýar. Munuň özi halklaryň ýakynlaşmagynyň, parahatçylyk, dostluk we oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde çykyş edýär. Ýurdumyzyň häzirki zaman sport düzümini kemala getirmäge, köpçülikleýin sport çärelerini, ýaryşlary, şol sanda ýurdumyzda indi ösüp başlan sport görnüşleri boýunça bäsleşikleri geçirmek üçin şertleri döretmäge uly ähmiýet berilýär. Şu ýyl Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, iri sport ýaryşlarynyň geçirilýändigini nazara almak bilen, milli Liderimiziň teklibi esasynda Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly diýlip yglan edildi. Sagdynlygy hem-de sporty gündelik durmuş kadasyna öwürmek hormatly Prezidentimiziň strategiýasynyň esasy maksatlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, şu ekologiýa çäresi öňde goýlan maksatlaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň degişli Permanyna laýyklykda, şu gün, ýagny, 17-nji awgustda tutuş ýurdumyzda Türkmen gawunynyň güni giňden bellenilýär. Munuň özi bu çärelere aýratyn ähmiýet bermek bilen çäklenmän, eýsem, milli mirasymyzyň möhüm bölegi bolan baýramçylyk dessurlaryny has-da baýlaşdyrýar we abadançylygy, rowaçlygy alamatlandyrýar. 17.08.2017-nji ýylda ir säher bilen hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň günortasyndaky Köpetdagyň eteginde ýerleşýän ajaýyp künjege geldi. Bu ýerde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi (?) mähirli garşyladylar. Döwlet Baştutanymyzyň bu ýerde guralýan çärelere gatnaşmagy şu günki geçirilýän wakalaryň taryhy ähmiýete eýedigine güwä geçýär. Hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketleriniň, şol sanda welosipedli ýörişiň ösdürilmegine yzygiderli badalga bermek bilen, bu ugurda halkymyza, aýratyn-da, ýaşlara nusgalyk görelde görkezýär. Şeýle hem şunuň ýaly köpçülikleýin sport çäreleri oňa gatnaşyjylary sport bilen yzygiderli meşgullanmaga, sportuň ekologiýa taýdan arassa görnüşleriniň biri hasaplanylýan welosiped sportuny giňden wagyz etmäge ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, 2013-nji ýylyň 7-nji iýunynda “Türkmenistanda welosiped sportuny ösdürmegiň meseleleri hakynda” kararyň kabul edilmegi sportuň bu meşhur görnüşini sazlaşykly ösdürmäge, degişli düzümi döwrebaplaşdyrmaga, giň halk köpçüligini welosiped sporty bilen meşgullanmaga çekmäge oňyn mümkinçilikleri üpjün etdi. “2013-2017-nji ýyllarda Türkmenistanda welosiped sportuny ösdürmegiň maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde, sportuň bu görnüşini hemmetaraplaýyn ösdürmäge, oňa gyzyklanma bildirýän ýaşlaryň işjeň çekilmegini üpjün etmäge, halkara derejesindäki türgenleriň türgenleşiklerini geçirmäge gönükdirilen anyk işler amala aşyrylýar. Mälim bolşy ýaly, welosiped sporty “Aşgabat 2017” oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi. Sportuň ekologiýa taýdan arassa görnüşleriniň biri bolan bu görnüş dünýäde meşhurlyga eýedir. Häzirki döwürde ýurdumyzda welosiped sportuna tarapdarlaryň sany has-da artdy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň köpçülikleýin bedenterbiýe we sport, aýratyn-da, welosiped sporty bilen meşgullanmakda görelde mekdebi bolup durýandygynyň aýdyň netijesidir. Merkezi Aziýada iň iri hasaplanylýan paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginde ýokary halkara ölçeglerine kybap gelýän ýapyk welotrek guruldy. Bu desganyň ulanylmaga berilmegi bilen milli welosiped sportunyň taryhynda täze tapgyr başlandy. Çünki şeýle görnüşli desga Türkmenistanda ilkinji gezek bina edildi. Desganyň hil derejesine milli synag ýaryşlaryna gatnaşan türgenler bilen birlikde Halkara welosiped birleşiginiň hünärmenleri ýokary baha berdiler. Onda döredilen şertler iri halkara ýaryşlaryny, dünýä çempionatyny geçirmäge mümkinçilik berer. ... Şeýlelikde, ähli zat köpçülikleýin çäräniň başlanmagyna taýýar edildi. Säheriň sergin çagynda paýtagtymyzyň dag etegindäki ajaýyp künjeginiň ýakymly howasy ynsan ruhuny göterýär. Şu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berip, onuň başyny çekdi. Asylly çärä gatnaşyjylaryň hemmesi milli Liderimiziň göreldesine eýerdiler. Köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşyjylar agzybirlikde Saglyk ýolunyň başlanýan ýerinden Arçabil şaýoly bilen Ankara köçesine tarap ugur aldylar. Güýz paslynyň golaýlaýan pursatlarynyň säher çagynda bu künjegiň gözelligi aýratyn ýakymly. Bu ýerden ak mermerli Aşgabadyň ajaýyp keşbi eliň aýasynda ýaly görünýär. Özboluşly binagärlik toplumlary, döwrebap şaýollar, seýilgähler, tokaý zolaklary bir bitewi sazlaşygy emele getirip, gaýtalanmajak gözellik döredýär. Soňky ýyllarda paýtagtymyz sazlaşykly ösüş ýoluna düşdi. Şäheriň ilatynyň sany artýar, şäheriň çägi giňeldilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň baş şäherinde amala aşyrylýan işleriň netijeli bolmagyna ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiziň üstünlikli amala aşyrýan şähergurluşyk syýasaty netijesinde, şäher ilatynyň ýokary durmuş derejesi üpjün edilýär. Ýurdumyzyň baş şäheriniň oýlanyşykly ösdürilmegi netijesinde, Aşgabat dünýäniň owadan we ýaşamak üçin amatly şäherleriň birine öwrülýär. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän işjeň syýasat Türkmenistanyň sebit we halkara ähmiýetli parahatçylyk dörediji, işewür we medeni merkez hökmünde ykrar edilip, ýurdumyzyň abraýynyň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün edýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda her ýylda wekilçilikli çäreleriň onlarçasy geçirilýär. Munuň özi iri halkara çärelerini guramak üçin zerur şertleri özünde jemleýän döwrebap binalaryň gurluşygyna giň ýol açýar. Halkara derejesindäki maslahatlaryň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrülen paýtagtymyz ähli görkezijiler boýunça bütindünýä ähmiýetli merkez hökmündäki derejesine kybap gelýär. Syýasy, ykdysady, medeniýet, syýahatçylyk we sport ulgamynda gatnaşyklaryň ösdürilmegi döwlet ösüşiniň möhüm şertini emele getirýär. Bir aýdan Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary başlanar. Munuň özi ägirt uly halkara baýramçylygyna öwrüler. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan köpsanly myhmanlary ýokary derejede kabul etmegiň möhüm şertlerini döretmekde şäheriň ekologiýa derejesine, howanyň arassalygyna möhüm orun degişli bolup durýar. Paýtagtymyzdaky seýilgäh we tokaý zolaklary bu ugurda wajyp şerti üpjün edýär. Tebigaty goramagyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini bellemeli. Häzirki döwürde ekologiýa meselesi tutuş dünýäde wajyp ähmiýetli bolup durýar. Milli Liderimiz daşky gurşawy goramak meselelerine aýratyn üns berýär. Ähli giň möçberli milli durmuş-ykdysady maksatnamalar we maýa goýum taslamalary adamlaryň abadan durmuşynyň möhüm şerti bolan ekologiýa bilen berk baglanyşyklydyr. Ekologiýa pudagy ýaly möhüm ugurda halkara gatnaşyklaryna işjeň gatnaşýan Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ýola goýulýan oňyn gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyny we giňeldilmegini, şeýle hem iri halkara guramalary we düzümleri bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegini esasy ugur edinýär. Tebigaty goramak meseleleri boýunça özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek bilen, ýurdumyz BMG-niň biologiýa köpdürlüligi hakyndaky, çölleşmä, howanyň üýtgemegine garşy göreş, ozon gatlagyny goramak, serhetüsti suw akymlaryny we halkara köllerini goramak hem-de netijeli peýdalanmak boýunça tebigaty goraýyş konwensiýalaryny tassyklady. 2016-njy ýylyň sentýabrynda Türkmenistan howanyň üýtgemegi baradaky Pariž ylalaşygyna gol çekdi. Şeýle hem ýurdumyzyň öňe sürýän netijeli başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygyny bellemeli. Olaryň hatarynda Aşgabatda BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek baradaky Sebitara merkeziniň açylmagy, BMG-niň Araly halas etmek boýunça, Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny goramak, sebitiň suw serişdelerini netijeli peýdalanmak boýunça Ýörite maksatnamalaryň işlenip taýýarlanmagybaradaky teklipler bar. BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy we beýleki abraýly halkara düzümleri bilen bilelikde milli we sebit derejesindäki onlarça ekologiýa maksatnamalary, taslamalary durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan uzakmöhletleýin ekologiýa maksatnamasynyň baş maksady jemgyýetiň we daşky gurşawyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmekden ybaratdyr. Ýurdumyzyň her bir sebitiniň tebigy-howa aýratynlyklary, şeýle hem Türkmenistanyň tassyklan halkara ekologiýa resminamalarynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça zerur çäreleriň amala aşyrylmagy bu maksatnamanyň möhüm ugry bolup durýar. Soňky ýyllarda tebigaty goramak, suw, ýer we geologiki serişdeleri netijeli peýdalanmak, biologiki köpdürlüligi hem-de tebigy aýratynlyklary goramak, çölleşmä, gür tokaýlaryň ýitip gitmegine garşy göreşmek, ilatyň ekologiýa ugrundaky düşünjesini ýokarlandyrmak, şeýle hem howanyň hapalanmagyny azaltmak boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan giň möçberli işi netijesinde ekologiýa meselesine uly üns berilýär. Milli Liderimiz her ýylda gök zolaklaryň döredilmegine özi gözegçilik edýär. Tutuş ýurdumyzda tokaý zolaklary, seýilgähler döredilýär. Şäherleriň we obalaryň töwereklerini “gök zolaklar” büreýär. Munuň özi howanyň amatly bolmagyna, ilatly ýerleriň epgekden we tozanly ýerlerden goralmagyna mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, sport we ekologiýa ulgamy bütewidir. Bu ulgamda amala aşyrylýan toplumlaýyn işler şahsyýetiň we jemgyýetiň hemmetaraplaýyn ösüşine, ýaş nesillerde ekologiýa babatda jogapkärçilik dünýägaraýşynyň döremegine, adamlaryň tebigat bilen ruhy dünýäsiniň baglanyşygyna gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, şeýle çäräniň bu ugurda möhüm ädime öwrülýändigini bellemeli. ... Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň işgärleri üçin niýetlenen döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasynyň guralýan ýerine tarap ugrady. Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň paýtagty Aşgabat şäheri häzirki döwrüň we nurana geljegiň ajaýyp merkezine öwrüldi. Şäherde döredilýän gök zolaklar, seýilgähler, altyn öwüşginli gümmezleri bolan köşkler, döwrebap binalar, köpsanly suw çüwdürimleri görenleri haýran galdyrýar. Köp gatly döwrebap binalaryň özboluşlylygy, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen birnäçe desgalar halkymyzyň mizemez buýsanjyna öwrüldi. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň ösüşi we abadançylygy bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, täzeçil tehnologiýalaryň, ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlarynyň, bu ugurda dünýäniň ösen tejribeleriň işjeň ornaşdyrylmagy Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň möhüm ugry bolup durýar. Munuň özi adamlaryň ýokary durmuş ülňüleriniň döredijilikli zähmet, oňaýly ýaşaýyş hem-de göwnejaý dynç alyş ugrunda ýokary derejeleriň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygynyň batly depginlerde alnyp barylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we hut özüniň ýolbaşçylygy bilen amala aşyrylýan milli maksatnamalaryň möhüm ugry bolup durýar. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda şäheriň Ruhabat etrabynyň çäginde “Täze zaman”, paýtagtymyzyň beýleki künjeklerinde Çoganly we Parahat-7 täze ýaşaýyş jaýlarynyň ýüzlerçesiniň gurulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki döwürde şäheriň gurluşyk-binagärlik keşbi tapgyrlaýyn esasda ösdürilýär. Ankara köçesiniň ugrunda peýda bolan ak mermerli täze belent jaýlar paýtagtymyzyň bu künjeginiň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär. Munuň özi milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir!” şygary astynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriniň aýdyň nyşany bolup durýar. Şu günki taryhy ähmiýeti bolan çäreler mynasybetli bu ýere ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, köp sanly şäher ilaty we myhmanlar ýygnandylar. Hemmeler bu ýere welosipedli gelen milli Liderimizi şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Milli lybasdaky gyzlar hormatly Prezidentimize gül desselerini gowşurdylar. Hormatly ýaşulular döwlet Baştutanymyza duz-çörek hödürlediler. Din wekilleri milli Liderimize berk jan saglyk we uzak ömür dileg edip, aýat-doga okadylar, eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, mähriban topragymyzda parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine döwlet Baştutanymyzyň ähli başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini arzuw etdiler. Döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň ählisini şu dabara bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hormatly ýaşulular bilen söhbetdeş boldy we olaryň iş-aladalary bilen gyzyklandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ildeşlerimiziň uly hormatyna mynasyp bolan ýaşulularyň ýaşlary türkmen halkynyň gadymdan gelýän belent ruhy-ahlak ýörelgeleri esasynda terbiýelemek işine uly goşant goşýandyklaryny, döwletimiziň mundan beýläk-de ýaşuly nesliň wekilleri barada ýadawsyz alada etjekdigini nygtady. Döredijilik toparlary, estrada artistleri bu ýerde guralýan dabara mynasybetli aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyrdylar. Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylaryň şowhunly elçarpyşmalary astynda dürli reňkli lentalar hem-de köpöwüşginli howa şarlary bilen bezelen binalar toplumynyň çägine barýar. Nebitgaz toplumynyň maliýe serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylan bu taslamanyň umumy bahasy 220 million 347 müň manatdan gowrakdyr. Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň buýurmasy esasynda häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen Saglyk öýi we ýerasty duralgasy bolan her biri 72 öýli 12 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 2-si bina edildi. Olaryň hersinde belent, otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan amatly öýler bar. Onda umumy meýdany 194,44 inedördül metr bolan 3 otagly öýleriň 8-si, umumy meýdany 248,05 inedördül metr bolan 4 otagly öýleriň 44-si, şeýle hem umumy meýdany 275,35 inedördül metr bolan 5 otagly öýleriň 92-si bar. Täze jaýlarda ýaşaýjylar üçin ähli amatly şertler göz öňünde tutuldy. Öýlerde döwrebap tehnikalar we ajaýyp enjamlar bilen üpjün edilen aşhanalar we suwa düşülýän otaglar bar. Şeýle jaýlaryň birinden 3 otagly öý almak bagty miýesser eden Töräýewleriň maşgalasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy myhmançylyga çagyrdy. Döwlet Baştutanymyz olarda myhmançylykda bolup, öý eýeleri bilen ýakyndan tanyşdy. Maşgalabaşy – Myrat Orazmedowiç Ahalyň gidrogeologiýa toparynda topograf-geodeziýaçy bolup işleýär. Onuň ýanýoldaşy Walentina Fýodorowna Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň işgäri. Olaryň maşgalasynda iki uly çagalary bolup, ogly “Berk” kärhanasynda ulgamlaýyn administrator, gyzy “Türkmengazinženerçilik we gurluşyk” müdirliginiň önümçilik-tehniki bölüminiň esasy inženeri. Olaryň agtyklary başlangyç synp okuwçylary. Täze öýe myhman gelmegini halkymyz gadymy döwürlerden bäri ähmiýetli waka hasaplaýar. Türkmen halkynyň myhmansöýerlik däbine görä, milli Liderimiz ýokary derejede garşylandy. Toý saçagynda halkymyzyň mahsus tagamlary goýlup, olardan myhmanlara hödür edildi. Bu ýerde şatlyk we açyklyk esasynda ýürekdeş söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz gürrüňdeşligiň dowamynda täze jaýyň aýratynlyklary, öý eýeleriniň bu baradaky pikirleri bilen gyzyklandy. Öý eýeleri öz gezeklerinde köp milletli ýurdumyzyň raýatlarynyň şunuň ýaly döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna göçüp gelmek mümkinçilikleriniň döredilýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar. Täze öýlerde ýokary hil we amatlylyk ülňülerine laýyk gelýän ähli şertler döredilipdir. Munuň özi halkymyzyň abadan durmuşy ugrunda edilýän aladanyň netijesidir. Bu şatlykly we taryhy wakalara beslenen güni biz hemişelik kalbymyzda saklarys we agtyklarymyza gürrüň bereris. Hormatly Prezidentiň biziň öýmizde bolup, hal-ýagdaýlarymyz bilen gyzyklanmagy biziň üçin uly hormatdyr diýip, öý eýeleri sözüni dowam etdi we döwlet Baştutanymyza Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan köptaraply işlerinde üstünlik arzuw etdiler. Raýatlaryň, her bir adamyň we her bir maşgalanyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işleriň yzygiderli dowam etjekdigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz öý eýelerini şu baýramçylyk bilen ýene-de bir ýola gutlap, olara sowgatlar gowşurdy hem-de täze jaýa göçüp gelen maşgala agzalaryna täze öýde bagtly durmuş, maşgala abadançylygyny, berk jan saglyk we üstünlik arzuw etdi. Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ankara köçesinde gurlan hem-de 40 müň adama hyzmat etmäge niýetlenen Saglyk öýüne tarap ugrady. Üç gatly täze desganyň öňündäki meýdançada Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň çeper höwesjeňleriniň aýdym-saz we tans toparlary çykyş edýärler. Saglyk öýüniň girelgesinde milli lybasdaky gyzlar hormatly Prezidentimize gül desselerini gowşurýarlar. Milli Liderimiz binanyň içine girip, ilkinji kömek beriş bu saglyk edarasynyň işleriniň guralyşy, işgärleriň işlemegi hem-de näsaglary kabul etmek üçin döredilen şertler bilen tanyşdy. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda örän uly öňe gidişlik gazanyldy: giň gerimli, ýaýbaňlandyrylan bejeriş-öňüni alyş, anyklaýyş we ylmy-kliniki ulgamyň döredilmegi, ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen birlikde ýokary derejeli lukmançylyk kömeginiň giň elýeterliligi, lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary netijeliligi, olaryň dünýä ölçeglerine hem-de lukmançylyk ylmynyň öňdebaryjy gazananlaryna laýyk gelmegi üpjün edildi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, lukmançylyk tejribesiniň yzygiderli täzelenilmegini, täze ylmy açyşlary, bütin dünýäde keselleriň ýagdaýynyň üýtgemegini nazara alyp, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň has-da gowulandyrylmagy saglygy goraýşyň diňe innowasion taýdan ösen şertlerinde, ýagny öňdebaryjy usullaryň esasynda mümkindir. Bu usullar täze Saglyk öýünde-de esas edilip alyndy. Täze desga maşgala lukmançylygy, keseli anyklaýyş, zenanlara maslahat beriş, hirurgiýa, diş keseller, fiziobejeriş, bejeriş-bedenterbiýe bölümleri, inçe hünärli lukmanlaryň otaglaryny, barlaghanany hem-de oňaýly otaglary bolan gündizki hassahana bölümleri özünde jemleýär. Saglyk edarasynyň işi iki çalşykda guralyp, olaryň hersinde 600 adamy kabul edip bolar. Milli Liderimiz gözden geçirmeginiň barşynda birinji gatdaky rentgen otagyna baryp gördi. Bu ýerde hünärmenler oturdylan enjamlaryň iş mümkinçilikleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Anyklaýyş bölümi elektrokardiografiýa, ehokardiografiýa, içki agzalaryň ultrases barlagy (UZI), ultrases süňk densitometriýa, elektroensefalografiýa, bronhoskopiýa, kompýuter reowazografiýa, spirografiýa, ultrases tokografiýa barlaghana we beýlekiler ýaly ýokary derejede barlag geçirmek üçin hemme zerur enjamlar bilen enjamlaşdyrylypdyr. Rentgen enjamlary, mammograflar we ultrases bar enjamlar toplumlary meşhur “Siemens” nemes kompaniýasy tarapyndan, fibrogastroskop “Storz” we “Olimpus” kompaniýalary, barlaghana enjamlary “Human” kompaniýasy tarapyndan getirildi. Maşgala lukmançylygy bölüminde dünýäniň esasy öndürijileriniň lukmançylyk tehniki enjamlary bar. Bular, ilkinji nobatda, ilkinji lukmançylyk gözden geçirilmeginde ulanylýan portatiw dopler, barlag geçirmek üçin ykjam ultrases enjamy, dermatoskop, dinamometr, otoskop, oftalmoskop, glýukometr we beýlekilerdir. Bu bölümiň işgärleriniň wezipeleriniň biri ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgesi, keselleri öňünden duýdurmak we beýlekiler babatda ilat arasynda wagyz ediş hem-de düşündiriş çärelerini geçirmekden ybaratdyr. Zenanlara maslahat beriş bölüminiň işi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan “Howpsuz enelik” milli maksatnamasyna laýyklykda guralypdyr hem-de çagalaryň sagdyn dünýä inmegine we olaryň eneleriniň saglygyny goramaga gönükdirilendir. Bu ýerde akuşer-ginekolog, göwreliler üçin gündiz ýatymlaýyn, çaganyň enäň göwresinde kadaly ösmegini üpjün etmek üçin anyklaýyş, bejeriş we öňüni alyş çäreleriň toplumyny özünde jemleýän antenatal ideg ediş otaglary işleýär. “Sagdyn maşgala” hem-de göwrelilere gyssagly kömek beriş hem-de kiçi operasiýalary geçiriş otaglary bar. Hirurgiýa toplumy kiçi operasiýalara ýöriteleşdirilen otaglardan ybaratdyr. Bu ýerde bejerişi üstünlikli geçirmek üçin aseptiki we anteniseptika meselelere örän uly üns berlipdir. Stomatologiýa bölümi Germaniýanyň “Sirona” öndürijisiniň bejeriş we rentgen enjamyna laýyk gelýän doly toplum bilen enjamlaşdyrylandyr. Mundan başga-da, Saglyk edarasynda oftalmolog, newropatolog, endokrinolog, onkolog, kardiolog, pediatr, immunolog, ýokanç keseller boýunça lukmanlar näsaglary kabul ederler. Inçe hünärli lukmanlar bilen bir hatarda bu ýerde şeýle hem surdolog, dermatowenerolog, allergolog, androlog, logoped, urolog, trawmatolog-ortoped, reproduktolog işleýär. Ýüz tutýan näsaglara şeýle hem iňňe sançmasy, oral regidratasiýasy, fitoterapiýasy, owkalamasy, suw bilen bejerýän, palçyk bilen bejermesi bolan hyzmatlar elýeterli bolar. Fizioterapiýa bölümi fiziki häsiýetleri, hereket ediş usuly hem-de bejerişden peýdalanmak boýunça giň we köp dürli enjamlar bilen bejermegiň ugurlaryna eýedir. Olar ähli döwrebap talaplara laýyk gelýär, adama agyrysyz we dermansyz kömek bermegiň esasy wezipesini çözmäge mümkinçilik berýär. Bu ýerde “Beko” we “Physiomed” nemes kompaniýalarynyň toplumy oturdylypdyr. Saglyk edarasynyň maksatnamasyna laýyklykda, onuň wezipesine diňe bir bejeriş, öňüni alyş hem-de dikeldiş wezipeleri girmän, eýsem-de, okuw we ylmy-barlag işlerini alyp barmak hem girer. Ol Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň maşgala lukmany kafedrasy, maşgala lukmanlaryny taýýarlamak we olaryň hünärini ýokarlandyrmak üçin binýatlyk meýdançalaryň hem biri bolar. Saglyk öýünde fito-bar guralyp, bu ýere gelýänlere diňe bir türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan bejeriş içgileri hödürlenmän, eýsem-de degişli peýdaly maglumatlar hem berilýär. Onuň döredilmeginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” diýen düýpli ylmy işi esasy ugur görkeziji bolup hyzmat etdi. Bu kitap fitoterapiýanyň 8 jiltli täsin ensiklopediýasydyr hem-de türkmen lukmanlarynyň häli-şindi peýdalanýan ýan kitabyna öwrüldi. Saglyk edarasynda öz kitaphanasy hem guralypdyr, naharhana we dermanhana bar, tele-wideogözegçilik ediş gorag ulgamy işleýär, ýanaşyk meýdançada tehniki taýdan hyzmat etmäge mümkinçiligi bolan awtoduralga gurnalypdyr, kafeteriý göz öňünde tutulypdyr. Döwlet Baştutanymyz synlamagyny tamamlap we täze tiz kömek awtoulaglarynyň açarlaryny gowşuryp, Saglyk öýüniň işgärlerine asylly hem-de örän jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Soňra milli Liderimiz welosipedli täze Hyzmatlar öýüne tarap ugrady. Gapylaryny giňden açan üç gatly döwrebap Hyzmatlar öýüniň girelgesinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gül desseleri gowşuryldy. Döwlet Baştutanymyz ilata isleg bildirilýän hyzmatlary ýokary derejede ýerine ýetirmek boýunça Hyzmatlar öýüniň işgärleriniň öňünde durýan wezipeler bilen tanyşdy. Olaryň oňaýly ýagdaýy, ilkinji nobatda, dürli ussahanalaryň, tikinçilik hyzmatlarynyň, bejeriş, hyzmat ediş we söwda nokatlarynyň bir ýere jemlenendigi bilen üpjün edilýär hem-de olar müşderileriň buýurmalaryny tiz hem-de ýokary hilli ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýän degişli enjamlar we abzallar bilen enjamlaşdyrylypdyr. Birinji gatda giň meýdançany eýeleýän 300 orunlyk toý zaly ýerleşip, bu ýerde bir wagtyň özünde iki sany toý dabaralaryny geçirmäge mümkinçilik bar. Ikinji gatda dolandyryş otaglary, tikinçilik bölümi, dükanlar hem-de durmuş hyzmatlary üçin otaglar ýerleşýär. Üçünji gatda 200 orunlyk naharhana, kafeteriý, bilýard oýnalýan ýer, çagalaryň oýun meýdançasy bar. Görnüşi ýaly, täze Hyzmatlar öýi “Aşgabat 2017” oýunlarynyň öň ýanynda onuň töweregindäki öýleriň ýaşaýjylaryna ajaýyp sowgat boldy. Milli Liderimiz ikinji gata galyp, tikinçilik bölümine baryp gördi hem-de onuň işgärleri bilen söhbetdeş bolup, zähmet şertleri barada olaryň pikirleri bilen gyzyklandy. Arkadag Prezidentimiz bu ýerde taýýarlanylýan lybaslar, olaryň görnüşleri hem-de taýýarlanyş aýratynlyklary bilen tanyşdy. Täze tikinçilik bölüminde buýrujylara hyzmat etmek üçin matalary saýlamaga uly mümkinçilik göz öňünde tutulypdyr. Bular, ilkinji nobatda, türkmen zenanlarynyň halaýan panbarhat, ýüpek, keteni matalar bolup, olardan milli däplere kybap türkmen halk egin-eşiklerine, aýratyn-da, toýlara mahsus ajaýyp lybaslar hem-de gündelik geýilýän köýnekler tikilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döredijilik, çeperçilik görnüşleriniň dowam etdirilmegi, häzirki egin-eşiklerde gadymy nagyşlaryň aýawly saklanylmagy halk amaly-haşam sungatynyň baý mirasyna hormat bilen garamagyň ýene-de bir ýüze çykmasydyr, täsin medeni gymmatlygymyzy geljekki nesillere ýetirmegiň ýene-de bir usulydyr diýip belledi. Döwlet Baştutanymyz Hyzmatlar öýünde döredilen şertler bilen tanyşlygyň barşynda ussat tikinçiler tarapyndan taýýarlanylan taýýar önümleriň sergisini synlady. Bu nusgalaryň her biri aýratyndyr hem-de türkmen medeniýetiniň gözbaşlarynda asyrlaryň dowamynda işlenip taýýarlanylan ajaýyp we özboluşly keşbi özünde jemleýär. Şol tejribe bolsa häzirki wagtda täze mazmuna eýe bolýar. Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedde egindeşleri bilen paýtagtymyzyň esasy şaýollarynyň biriniň – Garaşsyzlyk şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň täze açylýan binasyna tarap ugraýar. Ýolugra döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň bu künjeginiň abadanlaşdyrylyş derejesini synlap, Aşgabadyň ajaýyp keşbiniň emele getirilmeginde gök zolaklaryň döredilmeginiň, amatly howa gurşawynyň saklanmagynyň möhümdigine ünsi çekdi. Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan şähergurluşyk özgertmeleriniň möçberlerini nazara almak bilen, şäheriň estetiki we ekologiýa gurşawynyň döredilmegine we bu ugurlaryň ösdürilmegine ýokary derejede ähmiýet berilmelidir. Şunlukda, tebigy aýratynlyklar, seýilgäh zolaklaryň özboluşlylygy göz öňünde tutulmalydyr. Edara binalarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň täsin binagärligi, serenjam berlen oňaýly ýaşyl toplumlar, özboluşly gül aýmançalary, köpsanly suw çüwdürimleri häzirki Aşgabadyň bitewi toplumyny emele getirýär. Häzirki wagtda paýtagtymyzda gurulýan täze desgalar dünýäniň nusgawy hem-de milli binagärlik däpleriniň sazlaşygyny döredip, türkmen paýtagtynyň gaýtalanmajak binagärlik keşbini alamatlandyrýar. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigine ünsi çekip, degişli ýolbaşçylara adamlara amatlylygy, şäheriň ýaşaýjylary üçin oňaýly şertleri döretmek, ulaglaryň işini gowulandyrmak we pyýada ýolagçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ýerasty geçelgelerden netijeli peýdalanmak boýunça anyk görkezmeleri berdi. Ýurdumyzyň baş şäheriniň ekologiýa abadançylygyny saklamagyň wajyp meseledigini belläp, milli Liderimiz şäheriň bag ekilýän künjekleriniň ýaş nahallar we beýleki serişdeler, dürli güller bilen üpjünçiligini yzygiderli üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň ulag düzüminiň ösdürilmeginiň ýurdumyzyň baş şäheriniň derejesine we onuň halkara giňişligindäki eýeleýän ornuna laýyk gelmelidigini belledi. Munuň özi “Aşgabat 2017”-niň Oýunlaryna taýýarlygyň çäklerinde paýtagtymyzyň örän jogapkärli wezipeleri alyp barmagynda has-da ähmiýetlidir. Bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklar berildi. ...Ir säherden Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň öňündäki meýdançada hakyky baýramçylyk hem-de ruhubelentlik ýagdaýy emele geldi. Şanly waka mynasybetli bu ýere ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar, köpsanly aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekleýärler. Milli lybasly gyzlar hormatly Prezidentimize ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar. Medeniýet we sungat ussatlary özleriniň ajaýyp sowgatlaryny taýýarladylar. Olar ruhubelent çykyşlarynda gülläp ösýän eziz Watanymyzy hem-de milli Liderimizi – Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini wasp edýärler. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyz parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Döwlet Baştutanymyz ýygnananlara ýüzlenip, olaryň ählisini V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyndan bir aý öň geçirilýän şu günki aýratyn möhüm waka – Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, agzybirlik hem-de bitewülik türkmen jemgyýetiniň synmaz daýanjydyr, biziň gazanan ähli üstünliklerimiziň we ýeňişlerimiziň esasydyr. Ruhy taýdan baý halkymyzyň geljegi hem beýikdir. Biz köp müňýyllyklaryň dowamynda döredilen hem-de kämilleşdirilip gelnen asylly däplerimize eýerip, Garaşsyzlyk eýýamynyň ýeňişli ýoly bilen agzybirlikde we bitewülikde ynamly öňe barýarys. Mähriban halkymyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesini üpjün edýän giň gerimli döwlet maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirmek arkaly, berkarar döwletimizi ösdürmekde belent sepgitlere ýetýäris. Bitarap Watanymyzyň dünýädäki at-abraýyny has-da berkidýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Alyp barýan içeri we daşary syýasatymyzy mähriban halkymyzyň giňden goldamagy, mukaddes Watanymyzyň güýç-kuwwatyna synmaz ynamy, baý çig mal serişdelerimiz hem-de amatly geosyýasy we geoykdysady şertlerimiz durmuş-ykdysady ösüşde täze belentliklere ýetmekde biziň ygtybarly daýanjymyz bolup durýar. Garaşsyz döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň täze-täze döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlamaga hem-de durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. Merdana halkymyzyň beýik ynamy döwletimizi we jemgyýetimizi adalatly dolandyrmakda bize güýç-kuwwat berýär diýip, milli Liderimiz belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň alyp barýan ähli içeri we daşary syýasatynyň mukaddes Watanymyzy jany-teni bilen söýýän mähriban halkymyzyň parahat, abadan we gülläp ösýän durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendigini nygtady. Merdana halkymyz asyrlaryň dowamynda ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk däplerine wepalydygyny görkezip geldi. Häzirki döwürde biz yglan eden «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatymyzy üstünlikli durmuşa geçirýäris. Şonuň netijesinde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ähli oňyn özgertmeler, kabul edilen milli maksatnamalar, Garaşsyz döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň beýleki ugurlary türkmen döwletiniň her bir raýatynyň bähbidine gönükdirilendir. Esasy Kanunymyz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr diýlip ykrar edildi. Şoňa görä-de, Garaşsyz döwletimiziň gözbaşynda merdana halkymyz durýar. Biziň alyp barýan ähli işlerimizde we gazanýan üstünliklerimizde, jemgyýetimizde raýat bitewüligini pugtalandyrmakda, giň gerimli özgertmelerimizi dowam etmekde, beýleki köpsanly oňyn işlerimizi amala aşyrmakda syýasy partiýalarymyzyň hem-de iri jemgyýetçilik guramalarymyzyň orny uludyr. Jemgyýetçilik guramalary biziň jemgyýetimizde üstünliklere ruhlandyryjy we jebisleşdiriji güýç bolup durýar. Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, jemgyýetimiziň egsilmez güýç-kuwwatyny öňde goýlan belent maksatlara ýetmäge gönükdirmegiň wajypdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz şu gün açylýan Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýurdumyz üçin möhüm we jogapkärli wezipeleriň üstünlikli çözüljekdigine, halkymyzy täze zähmet ýeňişlerine hem-de döredijilik üstünliklerine ruhlandyrýan ýurdumyzyň syýasy we jemgyýetçilik guramalarynyň mundan beýläk-de netijeli işlejekdigine, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadançylygy üçin mümkin bolan ähli işleri etjekdigine ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz ýene-de bir aýdan gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanjakdygyna ünsi çekip, şu günki dabaralaryň, şeýle hem iri sport baýramçylygy hökmünde Aşgabatda geçiriljek Oýunlaryň öňýanyndaky beýleki wakalaryň we çäreleriň Garaşsyz döwletimiziň şöhratly taryhyna hemişelik girjekdigini belledi. Ýurdumyzdaky ähli şanly wakalar bir-biriniň üstüni sazlaşykly ýetirip, ata Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň şan-şöhratyny we abraýyny has-da ýokarlandyrar. Milli Liderimiz ýygnananlary şu agşam Olimpiýa şäherjiginde geçirilýän çärelere: Türkmen gawunynyň ajaýyp baýramyna bagyşlanan dürli görnüşli gawunlaryň hem-de Aziýa oýunlaryna gatnaşýan ýurtlaryň milli tagamlarynyň sergilerine, şeýle hem sungat ussatlarynyň konsertine tomaşa etmäge çagyrdy we hemmeleri Jemgyýetçilik guramalarynyň ajaýyp merkeziniň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady. Çykyşynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz syýasy we jemgyýetçilik guramalaryna mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, Bitarap döwletimiziň halkara abraýynyň has-da ýokarlanmagynyň hem-de merdana halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmegiň bähbidine köptaraply işleri amala aşyrmakda uly üstünlikleri arzuw etdi. Dabaraly pursat gelip ýetýär: hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Jemgyýetçilik guramalarynyň edara binasynyň açylyş toý bagyny kesýär. Şol wagt dürli reňkli şarlar asmana uçurylýar. Döwlet Baştutanymyz binanyň içine girip, onuň enjamlaşdyrylyşy hem-de bu ýerde işlemek üçin döredilen şertler bilen tanyşýar. Bu ýerde ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň altysy – Demokratik we Agrar partiýalar, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Zenanlar birleşigi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, Parahatçylyk gaznasy ýerleşýär. Binada döwrebap kompýuter we beýleki edara enjamlary hem-de oňaýly mebeller bilen üpjün edilen otaglar ýerleşýär. “Tegelek stoluň” başyndaky duşuşyklary, forumlary we beýleki çäreleri geçirmek üçin niýetlenen, ähli amatlyklary bolan bäş sany 20 orunlyk, iki sany 130 orunlyk we bir sany 60 orunlyk mejlisler zallary ýerleşýär. Binanyň ikinji gatynda zerur bolan tehniki enjamlar bilen üpjün edilen 500 orunlyk uly maslahatlar zaly bar. Üçünji gatda hormatly Prezidentimiziň eserleri we beýleki kitaplar bilen üpjün edilen kitaphana ýerleşýär. Binanyň içi ýurdumyzyň nakgaşlarynyň çeken surat eserleri bilen bezelipdir. Şunda däp bolan milli we döwrebap bezegiň ýörelgeleri ulanyldy. Binanyň howlusynda awtoulaglary goýmak üçin üsti bassyrmaly açyk awtoduralgalar göz öňünde tutuldy, ýerzemin gatynda awtoduralga, arhiw we ammarlar ýerleşýär. Şeýlelikde, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm orun eýeleýän jemgyýetçilik guramalarynyň üstünlikli işlemegi üçin has amatly şertler döredildi. Döwlet Baştutanymyz uly maslahatlar zalyna barýar. Bu ýerde milli Liderimizi dabara gatnaşyjylar mähirli garşyladylar. Jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary Arkadag Prezidentimizden guramanyň ilkinji mejlisini açyp, oňa ak pata bermegi haýyş etdiler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlenip, häzirki döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň berkarar, kuwwatly we ösen döwlet bolmak bilen, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin çäksiz ykdysady mümkinçiliklere eýedigini belledi. Şonuň üçin biz ýakyn geljegi nazarlap, öz öňümizde anyk maksatlary goýýarys. Häzirki döwürde biz ýurdumyzyň halkara ykdysady giňişligine çykmagy üçin zerur bolan ähli şertleri döretdik diýip, milli Liderimiz aýtdy. Döwletimiziň ykdysadyýetini ösdürmäge degişli 26 sany maksatnama amala aşyrylýar. Energiýa serişdeleri, ulag-üstaşyr geçelgeleri we ykdysady-önümçilik pudaklary babatda kuwwatly üpjünçilik ulgamyny döretmekde giň gerimli işler geçirildi. Häzirki döwürde ýurdumyzda ýokary derejeli hünärmenler taýýarlandy. Olar häzirki zaman tehnologiýalaryny we innowasion häsiýetli ykdysadyýeti dolandyryp bilýärler. Çig mal serişdeleriniň baý gorlary, amatly geosyýasy we geoykdysady şertler durmuş ykdysady ösüşde täze üstünlikleri gazanmak üçin Türkmenistana ygtybarly daýanç bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, jemgyýetçilik guramalar ýurduň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda, döwletde we jemgyýetde alnyp barylýan öňdebaryjy demokratik özgertmelerde möhüm orny eýeleýärler diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Bu guramalaryň agzalary döwletimizde amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň we toplumlaýyn ösüş maksatnamalarynyň düýp manysyny we esasy maksatlaryny düşündirmek boýunça ägirt uly köpçülikleýin aň-bilim işlerini geçirýärler. Türkmenistanlylaryň bitewüligini we jebisligini mundan beýläk-de pugtalandyrmakda, ilatyň ähli gatlaklarynyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini, biziň halkymyzyň öňden gelýän belent ahlak gymmatlyklaryny wagyz etmekde, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, milletimiziň baý döredijilik kuwwatyny doly peýdalanmakda hem olaryň eýeleýän ähmiýeti örän möhümdir. Şoňa görä-de, biz jemgyýetiň we jemgyýetçiligiň egsilmez güýjüni öňde goýlan maksatlara ýetmäge gönükdirmelidiris, mundan beýläk hem, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzy durmuş - ykdysady ösüşiň täze sepgitlerini aýgytly özleşdirmek ýoly bilen alyp gitmelidiris, ýurdumyzyň halkara abraýyny yzygiderli ýokarlandyrmalydyrys, demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň binýadyny barha berkitmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jemgyýetçilik guramalarynyň halkymyzy täze zähmet ýeňişlerine we döredijilikli üstünliklere ruhlandyrýandygyny aýdyp, olaryň mundan beýläk hem şunuň ýaly netijeli işlejekdigine, Watanymyzyň geljekde-de gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy üçin ähli tagallalary etjekdigine ynam bildirdi we hemmeleri Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň açylmagy bilen ýene-de bir gezek gutlady. Soňra Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy K.Babaýewe söz berilýär. Ol jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan döwlet Baştutanymyza berýän uly ünsi we goldawy, netijeli işlemek üçin döredilen ajaýyp şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de täze taryhy eýýamda öňde durýan jogapkärli wezipeleri üstünlikli çözmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy. Demokratik partiýanyň ýolbaşçysy şeýle hem milli Liderimize şu günki waka mynasybetli Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýazgy galdyrmak barada haýyş bilen ýüzlendi. Hormatly Prezidentimiz ýadygärlik ýazgyny galdyryp, Türkmenistanyň jemgyýetçilik–syýasy guramalarynyň ilkinji taryhy bilelikdäki mejlisiniň jemini jemläp, oňa gatnaşyjylaryň ählisine işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda ýurdumyza köpsanly daşary ýurt wekiliýetleriniň, şol sanda jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň ugry boýunça wekiliýetleriň gelýändigini, munuň bolsa dünýäde Türkmenistana gyzyklanmanyň yzygiderli artýandygyna şaýatlyk edýändigini belläp, bu merkezde Hormatly myhmanlaryň kitaby üçin ýörite ýeri döretmegi tabşyrdy. Munuň özi biziň myhmanlarymyza ýurdumyzda bolup görmegi barada täsirlerini paýlaşmaga hem-de ýadygärlik üçin ýazgy galdyrmaga mümkinçilik berer. Soňra milli Liderimiz ýygnananlar bilen hoşlaşdy we bu ýerden ugrady. ... Aşgabatda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda geçirilen “Awtoulagsyz gün” atly ekologiýa çäresi sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänleriň köpsanlysyny ýygnady. Bu sport çäresi ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň hil taýdan täze derejä çykmagyny alamatlandyrdy. Onuň maksady türkmen halkynyň, her bir raýatyň abadançylygy we bagtly durmuşda ýaşamagy bolup durýar. Şu günki gün eziz Watanymyzyň täze taryhyna nobatdaky sahypany ýazan binagärlik açylyşlary mynasybetli geçirilen dabaralar bilen diňe welosiped sportunyň muşdaklarynda däl-de, eýsem, ähli türkmenistanlylaryň ýadynda hemişelik galar. Şu günki çäreler ägirt uly özgertmeleriň nobatdaky mysaly bolup, tutuş dünýä hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan ylalaşdyryjy ýurdumyza—Türkmenistana başgaça garamaga itergi berýär.