Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjigine baryp görüp, bu ýerde guralan “Aziada--2017-niň tagamlary” atly sergi bilen tanyşdy. Sergi oýunlaryň açylmagyna çenli 30 günüň galmagyna bagyşlanyldy. Şu ýerde Türkmen gawunynyň güni mynasybetli naýbaşy bakja önümlerine bagyşlanylan baýramçylyk dabaralary hem geçirildi. Şu mynasybetli sport şäherjiginiň çäklerini gawundan doldurylan tekjeler, sergiler bezedi. Şolarda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň bakjaçylary hem-de seçgiçileri özleriniň iň oňat “eserlerini” – gawunlaryň altynsow öwüşginli saýlama görnüşlerini hem-de garpyzlary, kädileri, şeýle hem türkmen topragynyň bu peşgeşleriniň gaýtadan işlenen önümlerini görkezdiler. Şol önümleriň arasynda bakja önümleriniň has uly möçberlileri ünsi özüne çekdi. Olimpiýa toplumyna gelen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Mejlisiň Başlygy, ýurdumyzyň hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, giň jemgyýetçiligiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň wekilleri hem-de hatarynda daşary ýurtly žurnalistler bolan köpsanly myhmanlar garşyladylar. Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, ilçilere “Aşgabat 2017” oýunlarynyň ýokary derejede geçip, gatnaşyjylaryň ählisine toý şatlygyny hem-de sport ýaryşlaryndan ýatdan çykmajak täsirleri, dostanalyk, türkmen myhmansöýerligi we göwünaçyklyk ýaly duýgulary galdyrmagy üçin Olimpiýa şäherjiginde nähili şertleriň döredilýändigi barada gürrüň berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem diplomatlara şu gün irden paýtagtymyzda geçirilen täze durmuş desgalarynyň açylyş dabaralary barada habar berdi. Şol desgalaryň hatarynda Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalary merkeziniň dolandyryş binasy bar. Şeýle hem demokratiýalaşdyrmak şertlerinde ýurdumyzda işjeň barýan köp partiýalylyk ulgamynyň kemala getirilişi hem-de raýat institutlarynyň ornunyň güýçlendirilişi barada gürrüň edildi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň durmuşyndaky jemgyýetçilik ähmiýetli çärelere gatnaşýandyklary üçin diplomatlara minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň beýleki döwletler bilen mundan beýläkki gatnaşyklarynyň ählumumy peýda getirip we sebitde hem-de dünýäde durnukly ösüşe ýardam bermek bilen diňe ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Türkmenistandaky diplomatik toplumyň ýolbaşçysy, Birleşen Arap Emirlikleriniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hasan Abdalla Al Adab Al Zarouni her ýurduň döwlet gurluşynda öz nusgasyny saýlap alýandygyny hem-de Türkmenistanyň garaşsyz ösüşiň ýoluna düşüp, öz nusgasynyň dogrudygyny diňe bir subut etmän, eýsem, onuň barha artýan netijeliligini görkezýändigini belledi. Munuň özi Aziada-2017-ä taýýarlyk görlüşiniň mysalynda-da görünýär. Ilçiniň sözlerine görä, ol dünýäniň köp ýurtlarynda bolup gördi, ýöne sport oýunlarynyň geçirilmegine şeýle jogapkärçilikli derejede garalyşyna Türkmenistanyň garaýşy ýaly başga hiç ýerde duşmandyr. Ol şeýle hem Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň sport diplmatiýasynyň ägirt uly çäresine öwrülip, türgenleriň hem-de wekiliýetleriň, şol sanda ilkinji gezek bosgunlaryň ýygyndysynyň ozalkylardan has uly möçberini bir ýere jemlejekdigini nygtady. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Bitarap ýurt hökmünde gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen netijeli özara hereket etmäge taýýardygyna aýratyn ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ýene-de bir möhüm ugra, eýýäm içerki, ýöne şeýle-de bolsa, Aziýa oýunlaryny Türkmenistanda geçirmek baradaky çözgüt bilen baglanyşykly ugra diplomatik toplumyň agzalarynyň ünsüni çekdi. Gürrüň hormat goýmak ýagdaýy, milletara ylalaşyk hem-de ýurdumyza mahsus bolan konfessiýa sazlaşygy barada barýar. Şoňa görä-de, Aşgabat beýleki sport wekiliýetleriniň hatarynda bosgunlaryň ýygyndysyny hem mähirli garşylar. Bu ýygyndy topar oýunlaryň açylyş dabarasynda Aziýa Olimpiýa geňeşiniň Senasy astynda çykar. Milli Liderimiz häzirki dabaralar baradaky gürrüňe geçip, bakja önümleriniň sergisiniň ugry bilen barşyna diplomatlara gawunlary ösdürip ýetişdirmegiň aýratynlyklary hem-de ýurdumyzyň her welaýatynyň tohum köpdürlüligi barada gürrüň berdi. Mysal üçin, käbir ýerlerde irki ýetişýän tohumlar uýgunlaşan, käýerlerde bolsa, has takygy, Demirgazykdaky Daşoguz welaýatynda giçki, indiki bahara çenli saklanylyp bilinýän gyşky görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz gawunlary has gowy saklamagyň usullary barada-da aýdyp berdi. Haçandyr bir wagtlar munuň üçin önümi çägä gömmäge ýykgyn edipdirler, ýene-de bir netijeli usul gawuny garaňky, gury, salkyn ýerde asmaklyk bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz söhbetdeşligiň barşynda ilçilere bu ajaýyp nygmatyň gaýtalanmajak tagamyna olaryň özleriniň göz ýetirip bilmekleri üçin töwerekde bolluk bilen hödür-kerem edilýän gawundan dadyp görmegi teklip etdi. Şunda milli Liderimiz gawunyň uly peýdasy, özüniň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynda giňişleýin beýan eden onuň bejerijilik häsiýetleri baradaky gysga maglumatlar bilen gürrüňiniň üstüni ýetirdi. Şeýle hem milli Liderimiz tomsuň yssysynyň bedeniňe ýaramaz täsirinden gaça durmak üçin arid howa şertlerinde suw içmegiň tertibini nähili berjaý etmek hem-de ýene-de dogry geýinmek boýunça birnäçe gysga, ýöne anyk maslahatlaryny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow diplomatik toplumyň agzalarynyň hem-de daşary ýurtly myhmanlaryň haýyşy boýunça şu günki ajaýyp wakadan ýadygärlik hökmünde olar bilen surata düşdi. Şu ýerde milli Liderimiz şeýle hem Olimpiýa stadionynyň bezelişine daşary ýurtly diplomatlaryň ünsüni çekdi. Stadionyň üstünde ägirt uly, şol bir wagtda-da, häsiýetli ajaýyp aýratynlyklary bolan ahalteke bedewiniň keşbi hem-de ýüzärligiň dessesi görnüşinde Olimpiýa alawynyň çanagy oturdyldy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň myhmanlaryna bu bejeriş häsiýetli ösümlik bilen halkymyzyň nähili däp-dessurlarynyň baglydygy hem-de milli medeniýetimizde gadymy däp-dessurlaryň neneňsi orun tutýandygy barada gürrüň berdi. Şol däp-dessurlar häzirki wagtda täze hilde galkynyp, Bitarap döwletimiziň içerki ösüşiniň hem-de parahatçylyk döredijilikli syýasatynyň häzirki zaman ýagdaýlary babatda işjeňleşdi. Döwlet Baştutanymyz şirin-şeker ysy bilen bark urýan gawun-garpyz galereýasynyň deňinden geçip, türgenleriň naharhanasyna tarap ugrady. Aslynda Olimpiýa şäherjigindäki bu esasy naharlanyş nokadyny restoran diýip ynamly atlandyryp bolar. Iki gatly uly binada birinji we ikinji derejelerdäki 2064 orunlyk giň meýdançalary, liftleri, eskalatorlary, özboluşly bezeg serişdeleri bar. Aýratyn-da, şu gün, haçan-da, bu ýerde “Aziada--2017-niň tagamlary” atly sergi ýaýbaňlanan wagty ol uly restorana meňzeýär. Aşpezlik şüweleňinde oýunlara gatnaşyjy ýurtlaryň 64-siniň, şeýle hem bosgunlaryň ýygyndysynyň we ýene-de iki doganlyk döwletiň—Azerbaýjanyň we Türkiýäniň nahar bişirmek däpleri görkezilýär. Milli aşhanalaryň baýramçylygyny guramaga Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ulgamyndan 20-ä golaý restoranlaryň işgärleri çekildi. Ýeri gelende aýtsak, “Aşgabat 2017” oýunlarynyň mynasyp geçirilmegine taýýarlyk görmekde türkmen işewürliginiň neneňsi uly goşant goşýandygyna Aziadanyň myhmanlaryna hyzmat etmek üçin TSTB tarapyndan ýörite satyn alnan täze awtomobiller hem aýdyň şaýatlyk edýär. Şol awtoulaglaryň 10-sy oýunlaryň nyşanlary we şekilleri bilen bezelen görnüşde şu gün serginiň girelgesinde hatara goýlupdyr. Aslynda, şeýle ulaglaryň 60-dan gowragy getirildi. Olar ýeňil we ýolsuz ýerden ýöreýän BMW hem-de Mini Cooper awtoulaglarydyr. Aziadanyň tagamlarynyň sergisi barada aýdylanda bolsa, “Gül Zaman” hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçylygynda esasy türkmen baş aşpezleri bilen bir hatarda Ýewropanyň bir kompaniýasynyň – Şweýsariýanyň Gourmet Sports Hospitaliti AG. kompaniýasynyň hereket edendigini bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, hut şu iki kompaniýa V Aziýa oýunlaryna gatnaşyjylary jemgyýetçilik iýmiti hyzmatlary bilen üpjün etmek ynanyldy. Ine-de, yklymyň tutuş Aziýa böleginiň esasy sport wakasynyň başlanmagyna çenli laýyk bir aý galanda olar ýokary hünär derejelerine çynlakaý synag tabşyrýarlar, ol şol bir wagtda-da oýunlaryň nahar ulgamynyň baş taýýarlygy hem-de tanyşdyrylyş dabarasy bolup biler. Owadan bezelen zalda hemmeleri ilki bilen türkmen aşhanasy garşylady. Sergide oňa örän uly orun berlipdir. Ajaýyp gap-gaçlar goýlan stoluň üstündäki ap-ak saçakda milli naharlaryň hakyky görnüşleri: gyzardylan işlekli, içi dürli nygmatly işdäňi açýan gutaplar, gatlakly, gökli börek we etli börek, gaýnadylan gara çorba we toý çorbasy, seçelenip duran palaw, gyzgyn unaş we kakmaç, bereketli ýarma we beýlekiler hödürlendi. Etden we balykdan taýýarlanan gowurdak we gowurma, kellebaşaýak we çekdirme, tutuşlygyna bişirilen goýun ýa-da balykdan edilen önümler nämä degmeýär. Daşary ýurtly myhmanlaryň köpüsi üçin kakadylan gawunlaryň üýtgeşik edilip düzülişi hem-de ak gurtlar hakyky özboluşlylyk bolup durýar. Elbetde, sergide bereketli ter gök we miwe önümleri, bakja önümleri hem-de üzümler bolçulygy bilen görkezilýär. Ýöne, türkmen desterhanynda esasy orun çörege degişlidir. Çörek myhmansöýerligiň, doganlygyň, abraýyň, zähmetsöýerligiň, berekediň, hoşallygyň we iň oňat arzuwlaryň nyşany hem bolup durýar. Türkmenler çöregiň dürli görnüşlerini (petir, gyry çörek, süýtli külçe) bişirýärler, çörek bişirilişiniň gadymy usullarynyň köpsanly häzirki zaman görnüşleri bar, ýöne esasy aýratynlyk ýumşaklygy, çişenligini, hamyryň tagamyny kesgitleýän onuň diňe bir düzümlerinde däl-de, onuň taýarlanyşynyň üýtgeşik dessurynda, has-da toý saçagy üçin niýetlenendiginde jemlenýär. “Aşgabat 2017” Oýunlary hem sportuň, parahatçylygyň we halklaryň dostlugynyň uly baýramçylygyna öwrülip, oňa gatnaşyjylaryň ählisine we myhmanlara bereketli duz-tagam hödürlener. Türkmen aşhanasynyň tagamlarynyň ýanynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi we Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi, şeýle hem hususy azyk harytlaryny öndürijiler öz harytlarynyň sergisini ýaýbaňlandyrdylar. Serginiň bu bölegi uly bolmadyk supermarkete meňzeýär. Olaryň tekjeleri alyjylaryň uly abraýyna we ynamyna mynasyp bolan ýurdumyzyň azyk önümleriniň naýbaşylarynyň we nyşanlarynyň owadan gaplary bilen özüne çekýär. Ýurdumyz hem dünýä derejesinde ygtybarly abraý we ynam gazandy. Munuň şeýledigine “Aşgabat 2017” uly möçberli taslama resmi hyzmatdaşlar we hemaýatkärler hökmünde iri halkara korporasiýalaryň goşulyp, ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga isleg bildirýändikleri şaýatlyk edýär. Şol kompaniýalaryň hatarynda bütin dünýä meşhur “Petronas” we “Coca-Cola”, “Mastercard” we “Dragon Oil”, “Hyundai Engineering” we “CNPC” kompaniýalary bar. Oýunlaryň ilkinji ýerli howandary “Türkmenhowaýollary” gullugy boldy. ... Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilki birinji gatda, soňra ikinji gatda sergini gözden geçirmegini dowam edip, daşary ýurtlaryň aşhanalarynyň käbir tagamlarynyň taýýarlanylyşynyň aýratynlyklary, azyk önümlerini işlemegiň özboluşly ugurlary, sazlaşykly tagam utgaşmalaryny almagyň tehnologiýasy bilen gyzyklandy. Her ýurduň baýdagy astynda 4-den 6-a we şondan hem gowraga çenli tagamlaryň görnüşleri görkezildi. Merkezi Aziýa halklarynda, mysal üçin, kebap ýa-da palaw ýaly meňzeş tagamlar bar, emma olaryň ählisi milli aşhana usullarynyň, goşulýan goşundylaryň peýdalanylmagy we beýlekiler netijesinde uly aratapawuda eýedir. Çärä gatnaşyjylar türkmen aşpezleriniň ýerine ýetirmegindäki gyzyklanma döreden adaty bolmadyk ýa-da tersine, iň halaýan naharlaryny, uly yhlas we oýlanyşma bilen taýýarlanylan ajaýyp işdäaçarlary hem-de süýjülikleri diňe bir dadyp görmän, eýsem, oňaýly stoluň başynda amatly ýerleşip, halan naharlaryny buýurmaga mümkinçilik aldylar. Öz nobatynda, Samoa we beýleki polineziýliler ýaly ada döwletleriniň ýaşaýjylary üçin adaty bolan, biziň ýurdumyz üçin täsin bolan naharlar görnüşi hem-de tagamy babatda örän üýtgeşik göründi. Pekinlileriň taýýarlaýan ördegi bilen, elbetde, geň galdyryp bolmaz, ýöne, hytaý aşhanasyny gerimi boýunça örän giň bolan görnüşde şonsuz hem göz öňüne getirmek mümkin däl, munuň özi edil ýaponlaryň kakadylan tagamlary bilen bolşy ýalydyr. Awstraliýalylaryň tagam taýýarlaýyş usullary boýunça deňiz önümlerinden bolan tagamlaryň bezelip berilmegine hem mynasyp baha berildi, humusyň, ýagny, Ýakyn Gündogarda ýaýran nut pýuresinden taýýarlanylan işdäaçaryň, koreýleriň “çap-çe” batat aşynyň ýa-da zenjebilli tunesden edilen bruneý kotletiniň taýýarlanyş usullary barada bilmek gyzykly boldy. Howada Günorta-Gündogar Aziýa üçin däp bolan souslaryň şirinden süýji tagamly yslary bark urdy. Ine, azerbaýjan we türk aşhanalary bilen bolsa, türkmenistanlylar ýakyndan tanyşdyr, ýöne, däp bolan dolma we doga, pahlawa şeýlebir işdämenlikli görnüp, olaryň deňinden biparh geçmek mümkin däldi. Gündogarda aşhana işi filosofiki ýörelgeler, halk lukmançylygy bilen hemişe aýrylmaz arabaglanyşykly bolupdyr. Şoňa görä-de, dürli halklarda, umuman, meňzeş bolan naharlara bejerijilik häsiýetleri berlipdir. Serginiň özünde aşhanaçylyk kartasyny öwrenmek hem-de olary deňeşdirmek mümkin boldy. Hamyryň içine goşundy goşulyp taýýarlanylýan tagam Butanda hem-de Aziýanyň günortasyndaky ýene-de birnäçe ýurtlarda “momo” diýlip atlandyrylyp, ol mongollaryň “pozam”, hytaýlylaryň “szýaoszy” diýen nahary, orta aziýalylaryň mantylary, ruslaryň börekleri hem-de italýanlaryň rawioli bilen meňzeşdir. Fiji, Guam, Karibati, Palau, Timor, Tonga ... bu ýurtlaryň tagamlaryndan dadylyp görlenden soň, olaryň ýerleşýän ýerleri keşbinde has-da röwşen hem-de “tagamly” görünýäne meňzeýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sergini gözden geçirmegini jemläp, degişli ýolbaşçylar bilen söhbetdeşlikde türkmen topragynyň gawun, garpyz, üzüm ýaly örän peýdaly we kuwwat beriji gymmatly nygmatlary türgenler üçin şirin-şeker tagamlar hökmünde giňden peýdalanmagy teklip etdi. Elbetde, ýerli bejeriş otlaryndan bolan ýakymly çaý hem peýdaly bolup biler. Olaryň täsirli güýjüni milli Liderimiz öz kitaplarynda açyp görkezdi. Aziada gatnaşyjylara we onuň myhmanlaryna hyzmat etmegiň medeniýeti, olaryň iýmitlenişini hem goşmak bilen iň ýokary derejede bolmalydyr diýip, milli Liderimiz nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz türgenler üçin tagamlaryň tertibini düzjek hünärmenleri sportuň görnüşini, aýry-aýry önümleriň beden taýýarlygyna hem-de türgenleriň netijeliligine täsir edişini nazara almak bilen ylmy taýdan oýlanyşykly ýörelgeleri peýdalanmaga gönükdirdi.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir