Ýurdumyzyň we daşary döwletlerden gelen sungat ussatlarynyň konserti “Aşgabat 2017” oýunlarynyň başlanmagyna bir aýyň galmagy mynasybetli wakalara baý bolan günüň jemleýji çäresine öwrüldi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dürli öwüşginli çykyşlaryň hormatly tomaşaçysy boldy. Türkmenistan şeýle derejedäki sport ýaryşyny ilkinji gezek kabul edýär. Bu uly hormatdyr we jogapkärçiliklidir. Şu gün türkmenistanlylary belent sport ruhy birleşdirýär, ol öňde boljak oýunlaryň medeni-köpçülik çärelerine taýýarlyk görmekde hem beýanyny tapýar. Sport—bu hereket, diýmek, ýaşaýyş--durmuşyň özüdir! Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur. Oýunlar ýakynlaşdygyça bu mowzuk ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň döredijiliginde giň gerime eýe bolýar. Olar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik ruhuny, häzirki günleriň sazlaşygyny wasp etmäge çalyşýarlar. Bu mowzuk şu gün agşam Olimpiýa şäherjiginde, ýörite gurnalan döwrebap açyk sahna meýdançasynda öz beýanyny tapdy. Şu günki konsertiň tapawutly aýratynlygy yşyklary we sesleri utgaşdyrmagyň ähli mümkinçiliklerini ulanmaga ýardam edýän innowasion tehnologiýalaryň giňden peýdalanylmagy bolup durýar.Uly monitorlarda görkezilýän wideoşekiller bolup geçýän wakanyň ähmiýetini artdyryp, tomaşaçylaryň baýramçylyk duýgusyny döredýär, lazer şüweleňi bolsa onuň dabarasyny we ajaýyplygyny görkezýär. Konsert belli aýdymçylaryň, Döwlet horunyň we birleşen döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda ýerine ýetirilen “Geliň, dostlar Aziada!” atly aýdym-sazly çykyş bilen başlady. Konsert meýdançasyna Aşgabat Aziadasyna gatnaşyjy ýurtlaryň baýdaklary çykarylýar. Dürli öwüşginli çykyş bäsleşikli latyn-amerikan programmasyna girýän tanslaryň sport äheňlerine we parçalaryna baý boldy. Joşgunly çykyşlardan gutlaglar hem-de Türkmenistana “Aşgabat 2017-ä” çakylyklar düzüldi. Bu çykyş köp asyrlar mundan öň bolşy ýaly, häzir hem sungatyň alamatlarynyň biri hökmünde kabul edilýän sportyň estetiki esasynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Sungat bilen bolsa ony gözellige, sazlaşyga we nepislige berilýän üns birleşdirýär. Soňra tomaşaçylara V Aziýa oýunlaryna bagyşlanan täze çykyşlar hödürlenildi. Täze wideoşekiller bilen utgaşyp gidýän aýdymlarda ýokary netijeli sporty, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini ösdürmekde, Türkmenistanyň ýokary tehnologiýaly sport düzümini döretmekde, syýahatçylyk mümkinçiliklerini ösdürmekde hem-de Aşgabadyň yklym derejesindäki sport bäsleşigine taýýarlyk görmeginde ýurdumyzyň üstünlikleri beýan edilýär. Bu ýere ýygnananlar aýdymçynyň, “Serpaý” toparynyň ýerine ýetiren “Biz Aziada bilen!” atly aýdymyna mynasyp baha berdiler. Tomaşaçylar aýdymçynyň hem-de “Meňli” tans toparynyň joşgunly ýerine ýetiren “Sport tansy” atly aýdymly çykyşyna-da şowhunly el çarpdylar. Şu günki konserte gatnaşyjylaryň sport lybasyna beslenmek bilen çäklenmän, eýsem, öz çykyşlarynda sazlaşykly hereketleri we sport tanslaryny ýerine ýetirendigini bellemek gerek. Konsert maksatnamasynyň aýratyn bölegi Aziada-2017-ni kabul edýän ak mermerli paýtagtymyza bagyşlanyldy. “Aşgabat”, “Ýürek owazy”, “Aýlanaly ak şähere” atly täze aýdymlarda oňa bolan söýgi beýan edildi. Bu aýdymlar bilen utgaşan tanslar hem-de paýtagtymyzyň we onuň töwerekleriniň gözelliklerini açyp görkezýän, şol sanda uçarmansyz uçýan enjamyň uçup barýan belentliginden görkezilýän wideoşekiller konsert çykyşlaryna aýratyn äheň çaýdy. Baýramçylygyň baý mazmunly döredijilik maksatnamasynda türkmen sungatynyň özboluşlylygy, däpleriň yzygiderliligi öz beýanyny tapdy. Şeýle hem konserte belli estrada aýdymlaryny ýerine ýetiriji Jon Nýumen gatnaşdy. Onuň “Love Me Again” atly ilkinji aýdymy Beýik Britaniýanyň UK Singles Chart-2013 atly aýdym-saz bäsleşiginde birinji orny eýeledi. Türkmenistanlylar meşhur britan aýdymçysynyň döredijiligi bilen ilkinji gezek şu ýylyň aprelinde Bütindünýä saglyk gününiň hormatyna “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda guralan konsert maksatnamasynda tanyşdylar. Biziň gadymy we müdimi juwan topragymyza, onuň yklym derejesindäki sport bäsleşigine işjeň taýýarlygyna bolan gyzyklanma Jon Nýumeni ýene-de Türkmenistana alyp geldi. Bizde bolsa, dostlary aýratyn mähir we güler ýüz bilen garşylamak myhmansöýerligiň däbidir. Ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän wakalary beýan edýän wideoşekiller bilen utgaşyp gidýän “Türkmenistanym” atly aýdym konsertiň jemleýji çykyşy boldy. Soňra bu ýerde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly monitorlarda ýaňlanan “Bagt nury” we “Ýadymda” diýen aýdymlary we konserte gatnaşyjylaryň olary alyp götermegi uly täsir döredip, şu günki dabara aýratyn ähmiýet we joşgunlylyk çaýdy. Hormatly Prezidentimiziň “Aşgabat 2017” Oýunlarynyň senasy hökmünde saýlanyp alnan “Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” atly aýdymy konsertiň jemleýji pursadyna öwrüldi. Eziz Watanymyzyň şu gününe we nurana geljegine bagyşlanan bu aýdymy hem köp sanly tomaşaçylar alyp göterdiler. Aşgabadyň agşamky asmanyny ýagtylandyran ajaýyp feýerwerk baýramçylyk agşamyny tamamlady. Ýygnananlar bu yşyklara höwes bilen tomaşa etdiler, olar Aziada-2017-ä bagyşlanyldy.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir