Türkmenistan bagtly çagalygyň hem-de iň arzyly arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdudyr. Ýurdumyzda bagtyýar durmuş höküm sürýär. Ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup. Häzirki wagytda ýaş nesle mynasyp terbiýe bermek, sagdyn ruhly, berk bedenliýaşlar bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Tebigatymyzy arassa we aýawly saklap gözüň göreji ýaly goramak we tomusky dynç alyş günlerini gyzykly we şadyýan geçirmek maksady bilen Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdürliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň hem-de etrap häkimliginiň gurnamagynda Gökdere jülgesinde ýerleşýän “Nebitçi” çagalar sagaldyş dynç alyş merkezinde dynç alýan körpeleriň “Aşgabat” medeni-dynç alyş seýilgähine gezelenç guraldy. Ol gezelenç çäresi “Durmuşuň gül gunçalary” diýip atlandyryldy. Gezelençde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşi tarapyndan körpelere sowgatlar gowşuryldy.