Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Abadan etrap Geňeşi tarapyndan etrabyň çägindäki 142-nji çagalar bagynda “Bagtyýarlyk döwrüniň nury Aşgabat” diýen at bilen aýdym-sazly dabara geçirildi. Oňa çagalar bagynda terbiýelenýän körpeleriň ene-atalary, ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar. Çärede çagalar bagynyň şu ýyl mekdebe gidýän körpelerinden düzülen “Ýaşlyk” hem-de “Nesil” toparlary Aşgabat barada aýdym aýtmakda, goşgulary ýatdan labyzly okamakda, paýtagtymyzyň gözelliklerini surata geçirmekde, öz ýaşaýan köçesini, öýüni, şeýle-de çagalar bagyny çeper sözler bilen teswirlemekde bäsleşdiler. Ýaşuly nesliň wekillerinden, bilim işgärlerinden, TMÝG-niň Abadan etrap Geňeşiniň işjeňlerinden düzülen emin agzalary çagalaryň ýokary baha berdiler. Bäsleşige gatnaşan körpelere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Abadan etrap Geňeşiniň sowgatlary gowşuryldy.