Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň esasy ugurlaryny kesgitlän, halkyň saglygyny goramaga täzeçe çemeleşmäniň nusgasyna öwrülen ilkinji «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň 1995-nji ýylyň 21-nji iýulynda kabul edilendigi mälimdir. Bu möhüm döwlet resminamasyny işläp düzmäge badalga beren başlangyçlar, ony amala aşyrmak boýunça ilkinji ösüş basgançaklary öz gözbaşyny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyna baştutanlyk eden döwründen alyp gaýdýar. Onuň gymmatly teklipleri, ýokary netije berjekdigine berk ynam bilen başlan işleri, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda meýilleşdirilen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegini gazanmak üçin eden taýsyz tagallalary ýurdumyzda kuwwatly we döwrebap saglygy goraýyş ulgamynyň emele gelmegine itergi berdi. Möhüm döwlet resminamasynda bellenen ugurlar boýunça hem-de hormatly Prezidentimiziň goldawy bilen edilen işleriň netijesinde bu ulgam ýene-de kämilleşdi, kuwwatlandy, has belent sepgitler eýelenilip, täze ösüş basgançaklary beýgeldi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ilkinji nobatda, lukmançylyk hyzmatyny guramagyň düýbünden täze we kämil nusgasynyň — maşgala lukmançylygynyň durmuşymyza ornaşdyrylyp başlanylmagyna badalga berdi. Ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda maşgala meýdançalary döredildi. Kämilleşdiriş okuwlaryny guramak hem-de daşary ýurtly kärdeşler bilen tejribe alyşmak arkaly maşgala lukmanlaryny we şepagat uýalaryny, feldşerleri taýýarlamaga girişildi. Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde maşgala lukmançylygy kafedrasy döredildi. Ýurdumyzyň ilatyna edilýän lukmançylyk hyzmatynyň kämilleşdirilmeginiň ýene-de bir mysaly 1996-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Döwlet meýletin saglygy ätiýaçlandyrylmasynyň girizilmegidir. «Türkmenistanyň raýatlary bilen Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasyna şertnama baglaşmagyň tertibi barada» Düzgünnama pudagara ylalaşyk tertibinde tassyklanyldy. Düzgünnama laýyklykda tölegli lukmançylyk hyzmatlaryndan 50 % ýeňillik bilen peýdalanmaga hukuk berýär. Döwlet dermanhanalarynda dermanlar dermannama boýunça 90 % ýeňillik bilen goýberilýär. Saglygy goraýyş edaralarynyň işi üýtgedilip guraldy. Döwrüň talabyny ödemeýän az netijeli hem-de bir-biriniň işini gaýtalaýan hassahanalar birleşdirilip, olaryň binýadynda köpugurly hassahanalar döredildi. Obalarda we şäherlerde ilata ýaşaýan ýeri boýunça lukmançylyk hyzmatyny etmegiň täze nusgasy işlenilip düzüldi hem-de onuň esasynda gurlan we enjamlaşdyrylan Saglyk öýleri peýda boldy. Merkezi hassahanalar ylmy-barlag institutlary bilen birikdirilip, ylmy-kliniki merkezler döredildi. Paýtagtymyzda we welaýatlarda Saglygy goraýyş we anyklaýyş merkezleriniň gurulmagy bilen ýurdumyzyň anyklaýyş-bejeriş edaralarynyň kuwwatly ulgamynyň düýbi tutuldy. Häzirki wagtda diňe bir ýurdumyzyň şäherlerinde däl, eýsem, obalarynda, hatda çet künjeklerinde we täze açylan etraplarynda hem köşk ýaly jaýlarda ýerleşen, dünýäniň lukmançylyk enjamlaryny öndüriji meşhur kompaniýalarynyň önümleri gurnalan saglygy goraýyş edaralarynyň sany ýyl-ýyldan artýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek ugrunda alnyp barlan göreşde gazanylan uly üstünlikleriň ýene-de biri Türkmenistanyň paýtagtynda we welaýat merkezlerinde sebitde deňi-taýy bolmadyk, dünýä derejesinde kämil lukmançylyk edaralarynyň gurulmagydyr. Soňky ýyllaryň dowamynda Aşgabatda Göz kesellerini bejeriş halkara merkezi, Şikesleri bejeriş halkara merkezi, Stomatologiýa merkezi, Kelle we boýun kesellerini bejeriş halkara merkezi, Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi, Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana, Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi, Saglygy goraýyş awtoulaglary kärhanasy gurlyp ulanylmaga berildi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda öňde goýlan baş wezipeleriň biri ilatymyzy dermanlarymyz, türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhemlikler, bejeriji täsirli tebigy beýleki baýlyklarymyzyň önümleri bilen üpjün etmekdir. Garaşsyzlyk döwründe ýurdumyzyň derman senagaty görlüp-eşidilmedik derejede ösdi. «Türkmenderman Ajanta farma limited», «Saglyk», «Tenekär» derman kärhanalary, «Buýan» obasenagat toplumy, Infuzion erginleri öndürýän derman kärhanasy döredildi. «Berzeňňi» mineral bejeriş suwy kärhanasy, Zyýansyzlandyryjy erginleri öndürýän kärhana, Daşoguzda Zyýansyzlandyrlan sargy serişdelerini öndürýän kärhana, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde Bejeriji palçyklary we deňiz duzuny gaplaýan kärhana, Bereket etrabynda Ýod önümçilik kärhanasy işe girizildi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda keselleriň öňüni almaga gönükdirilen çärelere uly ähmiýet berilýär. Halkyň sagdyn ýaşamagyny üpjün etmek, keselleriň öňüni almak maksady bilen azyk önümlerini peýdaly witaminlerdir mikroelementler bilen baýlaşdyrmaga döwlet derejesinde üns berilýär. Ýurdumyzda ilatyň peýdalanýan nahar duzuny 100% ýodlaşdyrmak eýýäm 2007-nji ýyla çenli ýola goýuldy. Munuň özi ýoduň ýetmezçiligi zerarly döreýän keselleriň (çaganyň akyl taýdan ösüşde yza galmagy, galkan şekilli mäziň keselleri) ýaýramagynyň öňüni almaga mümkinçilik berdi. Adamlaryň anemiýa (ganazlyk) keseline duçar bolmagynyň öňüni almak maksady bilen esasy azyk önümi bolan un 2000-nji ýyldan bäri demir bilen baýlaşdyrylýar. 2008- nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap ýurdumyzyň un öndürilýän kärhanalarynyň ählisinde foliý turşusy we demir garnuwly un önümleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Türkmenistanda keselleriň öňüni almak, dünýäde giň ýaýran keselleri ýok etmek boýunça çäreler, bu babatda gazanylan ýokary netijeler halkara derejede ykrar edilendir. 2004-nji ýylyň noýabr aýynda Türkmenistan ýod ýetmezçiligini aradan aýyrmaga ýokary derejede gözegçilik edilendigi üçin Halkara Geňeşiň sertifikatyna mynasyp boldy. Dünýä derejesinde ýiti agyryly meseleleri çözmekde gazanylan üstünlikler üçin berilýän şeýle sertifikat ýurdumyza birnäçe gezek gowşuryldy. Türkmenistanda drankunkulýoz, ysmaz (poliomiýelit), gyzzyrma (malýariýa) keselleriniň ýok edilendigi halkara derejede ykrar edildi we halkara sertifikat bilen bellenildi. Türkmenistan BSGG-niň inçekeseliň we beýleki ýokanç keselleriň öňüni almak hem-de bütinleý ýok etmek, nesil öndürmäge ukyply ýaşdaky aýallaryň, 5 ýaşa çenli çagalaryň arasynda anemiýanyň agyr görnüşlerini ýok etmek, orta agyrlykly we ýeňil görnüşlerini azaltmak baradaky çagyryşlaryna ilkinjileriň hatarynda seslendi. Türkmenistan çaga dogrulyşyny hasaba almakda BSGG tarapyndan teklip edilen ülňüleri kabul etdi. Ýurdumyz şeýle hem, Merkezi Aziýa döwletleriniň BMG-niň Çagalar gaznasynyň ýardamy bilen döredilen «Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş» forumynyň baş reformalaryna işjeň gatnaşýar. Çagalaryň saglygyny goraýan lukmançylyk edaralarynyň birnäçesine Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) tarapyndan resmi taýdan tassyklanylan «Çaga mähirli gatnaşykly hassahana» diýen at berildi. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda gazanylan öňegidişliklere dünýä jemgyýetçiligi şaýatdyr. Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk «Ene mähri» merkezinde enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça bilelikdäki türkmen-german taslamalarynyň birnäçesi amala aşyryldy. Önelgesizligiň ähli görnüşlerini bejermäge mümkinçilik berýän ekstrakorporol (emeli) tohumlandyryş usuly bu merkeziň hünärmenleriniň tejribesinde üstünlikli ulanylýar. Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Göz kesellerini bejeriş halkara merkezinde, Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanada türkmen-german lukmanlarynyň özara hyzmatdaşlygynyň çäginde ýürekde we gözde has çylşyrymly operasiýalary geçirmek ýola goýuldy. Stomatologiýa merkezinde dental implantasiýa operasiýasy özleşdirildi. Ýurdumyzda medisinany, telekomunikasiýany we habarlar tehnologiýasyny bir akaba birleşdirip bilýän täze bir ylmy ugur-telemedisina ulgamy döredildi. Ýurdumyzyň çar künjeginde ýerleşýän şypahanlar halkymyzyň dynç alşyny gurnamaga, saglygyny dikeltmäge hyzmat edýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşi ýokary depginler bilen dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermeginde uly işler alnyp barylýar.

Köneler, BegaLukman tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir