Sen gyýylma ykbalyma, eje jan, Dilgir-dilgir bakma gara gijäme. Gurban men bir kile nabada biten Göwnüñe hem gubar tutan didäñe. Hoşlaşmaly boldy harplygy bilen, Şol günler hüwdiñ deý oñatdy weli, Dulugma doñduryp şarpygy bilen, Durmuş çagalykdan oýatdy meni. Gögüñ ýyldyzlaryn soraýan günlem Ýitdi galdy hol añyrda öwrümden. Indi soñsuz sowallarym ýok meniñ Hem gorkamok ertekileñ döwünden. Gorkýan ýüregimde galpyldy bolup, Duýgyñ köñle çökjek pajygasyndan. Sowuk, soluk, ýowuz, öt aýralygyñ Bagtyñ nämedigni ýatlatjagyndan. Goý meni, ýüregmi ýakaýyn, eje, Menden soñ-soñlaram oña kän kişi Göwnün goýsa, köñlün çoýsa, şahyryñ Şondan uly näme bagty barmyşyn?! Täleýiñ deý jaýryk-jaýryk hem gaty Ýetirme mañlaýña gamly aýañy. Eje, umytlarmyñ sakçysy sen, hem Dünýäñ meni söýen ýalñyz aýaly. GURBANDURDY ORAZOW