Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň täze tapgyry, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda giň gerimli özgertmeleriň geçirilmegi döwlet dolandyryş düzümlerini kämilleşdirmegiň hasabyna döwlet wezipelerini (funksiýalaryny) amatly etmegi talap edýär. Şeýle hem muny Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2017-nji ýylyň 26-njy maýynda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň dolandyryş (edara ediş) we düzümleýin özgertmeleri geçirmek baradaky tabşyrygy hem talap edýär. Netijeli fiskal syýasatyny alyp barmak, salgytlar hakynda kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirmek, salgytlary we ýygymlary hasaplamak, olary degişli býujete doly we öz wagtynda geçirmek boýunça wezipeleri amatly etmek, gaýtalanýan wezipeleri aradan aýyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 7-nji iýulyndaky karary esasynda Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugyny (TBDSG) esasy wezipeleriniň biri salgyt ulgamynda döwlet syýasatyny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek, kadalaşdyryjy hukuk taýdan düzgünleşdirmek bolup durýan Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň garamagyna bermek teklip edilýär. Salgyt gullugyny Maliýe ministrligine tabyn etmegiň şu hili tejribesi Germaniýa Federatiw Respublikasy, Ysraýyl, Russiýa Federasiýasy, Ýaponiýa, Türkiýe, Gazagystan Respublikasy, Litwa Respublikasy, Estoniýa Respublikasy, Moldowa Respublikasy, Gruziýa ýaly döwletlerde we beýleki ýurtlarda hem bar. Salgyt syýasatyny işläp taýýarlamak we salgytlary dolandyrmak wezipeleriniň bir pudak edarasynda jemlenmeginiň hasabyna döwlet maliýesini dolandyrmagyň has takyk utgaşdyrylmagy we deňeçerligi üpjün edilýär, döwlet býujetiniň girdeji böleginiň dolmagy üçin jogapkärçilik güýçlenýär. Býujetlemegiň bitewi tehnologik işiniň çäklerinde netijeliligiň, aýdyňlygyň, girdejileriň doly görkezilmeginiň möhüm ýörelgeler bolup durýandygyny nazara alanyňda, Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullygynyň Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň garamagyna berilmegi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň girdejilerini hasaplamagyň esaslandyrylyşyny, salgytlary töletdirmegiň dessinligini we Türkmenistanyň döwlet maliýesini dolandyrmagyň netijeliligini güýçlendirmäge mümkinçilik berer.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir