ARAK ZAWODLAR Gün saýyn artdyryp alkaşyň sanyn, Ile gülki etdiň milletiň känin. Piwä adyn dakyp ol Bayram hanyň, Adyny peselden haram zawodlar. Tebigat, Balykcy, Jülgesi bilen, Hem goşmaça töleg belgisi bilen. Haram puly çöpläp, teňňesi bilen, Köp gargyşa galan haram zawodlar. Ter üzümler öwrülüdir çakyra, Gör niçäni öwürip dur pahyra. Ýuwaş-ýuwaş ýetirersiň ahyra, Halaldan haramy ýasan zawodlar. Dükanlarda hatar-hatar çüýşeler, Içenler köçede porsap çişerler. Gün batanda bir ýerjikde üýşerler, Türkmeni azdyran haram zawodlar. Konýaga goýupsyň Nusaýyň adyn, Halky ýakyp barýa bir seniň oduň. Çüýretdiň adamlaň bagyrdyr-ödün, Saglygy zaýalan warak zawodlar. Gelip durka ýüzläp-müňläp paralar, Haçan, kim, nädip, olardan ar alar? Haramlyk giňese halal daralar, Haramyň gözbaşy haram zawodlar. Garra-da ýaşa-da zyýanyn bilýän, Saga-da hassa-da zyýanyn bilýän. Zyýanly zatlaram öndürip bilýän, Jenaýtçam bolsa azat zawodlar. Halal halky kapyr kimin azdyryp, Soňuny uruşa-goha ýazdyryp. Öz gabryny öz-özüne gazdyryp, Dowzaha ýollaýan arak zawodlar.