Türkmen halkynyň taryhynda türkmen topragyny daşky duşmanlardan goramak, halkyn bähbidini we olaryň erkin ýaşaýşyny üpjün etmek ugrunda göreşen şahsyýetlerimiziň biride Soltanýaz begdir. Halk arasyndaky rowaýatlara görä ol öz kakasyndan ir mahrum galýar we ejesiniň elinde terbiýelenýär. Bu XVIII asyryň I ýarymy, ýagny Buhara emiri Şamyrat Welnamynyň höküm sürýän döwrüne gabat gelýär. Şol döwür Gara we Bekewül taýpalary Çärjew begligine tabyn bolupdyr. Buhara emiri türkmenlere agyr salgyt salmak bilen bir hatarda goşun üçin adam hem alypdyr. Soltanýaz beg hem emir goşunynda gulluk eden diýen maglumatlar bar. Emir Şamyrat Welnamy goňşy Owganystan bilen talaňçylykly uruşlar alyp barypdyr. Şol uruşlaryň birinde owgan esgerleriniň köp sanlysy emiriň daşyny gurşap alyp, onuň esgerlerini öldüripdir. Еmiriň gabawa düşenini gören Soltanýaz beg atynyň başyny şol tarapa öwrüp, owgan esgerlerini atdan agdaryp, emiriň janyny halas edýär we ýene-de söweşiň gazaply gidýän ýerine at salypdyr. Emir onuň edermenligine we batyrlygyna haýran galyp, ony at bilen kowup ýetip, onuň adyny sorapdyr. Janyny halas edendigi üçin bergilidigini aýdyp emir Soltanýazy Buhara köşgüne çagyrypdyr. Emma Soltanýaz beg gelmändir. Soňra emir ýörite öz adamlaryny iberip ony huzuryna aldyrýar we üç günüň içinde islän zadyny soramaga rugsat berýär. Soltanýaz beg ejesi bilen maslahatlaşyp, Garabekewüliň begligini soraýar. Emir bu islegi agyr görse-de bitirmäge mejbur bolupdyr. Şondan soňra emir oňa gala salmaga rugsat beripdir we Soltanýaz gala saljak ýerini saýlamagy başarypdyr. Galanyň gurluşygy 1798-1799-njy ýyllarda alnyp barylypdyr. Gala demirgazykdan günorta tarap uzap gidýän paralellogramy ýatladýar. Onuň 95-105 metre, uzynlygy 175 metre, meýdany bolsa, 1,8 gektara barabar Soltanýaz beg gala Türkmenabat-Atamyrat awtomobil ýolundan 63 km. gündogarda ýerleşýär. Galanyň içi iki sany parallel diwar arkaly üç bölege bölünýär. Bir bölek onuň günorta-günbataryna goşmaça gurlupdyr ýöne onuň diwarlarynyň ýykylandygy sebäpli, bu bölegiň ölçegini we meýdanyny anyklmak kyn. Iň gadymy bolan demirgazyk bölegi günorta diwary bilen birleşip, atyjylar üçin amatly şertlerde bolar ýaly gurlupdyr. Günorta-gündogar böleginiň beýikligi 4 metr bolup, mälim bolşuna görä, has gadymy ýaşaýyşyn galyndylary bolmagy mümkin, emma orta asyrlara çenli galanyň diwarlary goranyş hökmünde ulanylypdyr. Goranyş galasynyň gündogar tarapy gönüburçlyk bolup, 15x20 metr ölçegli gurlupdyr. Galanyň örülişi birsydyrgyn bolmandyr. Käbir ýerleri pagsa, tokga laý we dürli ölçeglerdäki çig kerpiçlerden bolupdyr. Diwaryň örümine ulanylan 40x40x10 we 42x42x12 sm möçberdäki kerpiçler taryhçy A.A.Roslýokowyň hasaplamagyna görä, olar gadymkylar bolmaly diýip belleýär. Taryhçy W.N.Pilenkonyň aýtmagyna görä, şeýle möçberdäki kerpiçler giçki orta asyrlarda hem peýdalanylypdyr. Emma taryhçy A.Burhanowyň aýtmagyna görä, şeýle möçberdäki kerpiçler iň täzeden ulanylyş döwri bolan bolmagy mümkin. Bu bolsa ärsarylaryň giçki orta asyrlardaky guran Hoja-Idat galanyň diwarlarynyň gurluşygynda Kuşan zamanasynda ulanylan kerpiçleri ýaly kerpiçlerden örülipdir. Soltanýaz beg galanyň gurluşygynda kerpiçleri antik döwründäki gurlan galalary söküp alan bolmaklary ýa-da (Hoja-Idat gala, Ak-depe, Gutnam gala, Çişleň gala) ýaly Kuşan zamanasyndaky galalardan getiren bolmaklary mümkin. Şeýlelikde batyrlygy, gaýduwsyzlygy, edermenligi, parasatlylygy we adyllygy bilen halkynyň ýüreginde çuňňur orun alan Soltanýaz beg halkynyň asuda hem-de abadan durmuşy üçin birnäçe söweşlere, gozgalaňlara gatnaşan beýik şahsyýet hökmünde taryhda öçmejek yz galdyrypdyr. Çozuşlardan we gozgalaňlardan halkyny asuda durmuşda ýaşatmak uçin Soltanýaz beg Hywa hanynyň teklibi bilen Horezme göçüp gidýär. Ol öz ýanyndaky ärsary ýigitleri bilen Hywa hanynyň goşunynda gulluk edipdir. XIX asyryň 30-njy ýyllarynda Darganatanyň golaýynda Hywa hany bilen Buhara emiriniň goşunlarynyň arasynda bolan söweşde agyr ýaralanýar we aradan çykýar. Ildeşleri onuň jesedini Garabekewül etrabynyň Lamma obasynyň golaýyndaky Göbekli öwlýä getirip jaýlapdyrlar.

Köneler, Atamyratly tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir