“Çaga durmuşyň gülüdir” diýlişi ýaly, ýurdumyzda çagalar hakynda uly aladalar edilýär. Çünki Türkmenistan bagtly çagalygyň we isleg- arzuwlaryň hasyl bolýan mekanydyr. Häzirki we geljeki nesilleriň bagtyýarlygynyň bähbidine gönükdirilen parasatly döwlet syýasatymyzda ýaş nesil jemgyýetiň aýratyn hukukly gatlagy hasaplanylyp, nesil baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Sebäbi islendik döwletiň ösüşi onuň öz körpe raýatlarynyň bagtly durmuşyny üpjün etmek ukybynyň artmagy bilen kesgitlenýär. Türkmen milleti çagany päklik saýýar, çagaly öýi bazara, sowulmaýan ýaza deňeýär. Çaga nesil dowaty hökmünde garalyp, ol ynsanyň geljege tarap umytly garaýan goşa didesi hasaplanýar. Ýurdumyzda ata-babalarymyzyň ýörelgelerinden ugur alnyp, amala aşyrylýan beýik işler, umumadamzat bähbitli başlangyçlar ösüp gelýän ýaş nesliň bagtly geljegine gönükdirilendir. Türkmenistan döwletimizde, dünýä ülňülerine laýyklykda, çagalaryň hukuklaryny kanun esasynda goramak, olary mynasyp durmuş şertleri bilen üpjün etmek, çagalaryň döwrebap bilim, milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň nusgalarynda terbiýe almaklary, hemmmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin taýsyz tagallalar durmuşa geçirilýär. Döwletimizde çagalary we jemgyýetiň esasy bölegi bolan maşgalany goramagyň kanunçylyk binýady berkidilýär. Şeýle hem Türkmenistan ilkinjileriň hatarynda BMG-niň “Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasyna”, “Çaganyň hukuklary hakynda” Halkara konwensiýalaryna, Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar hakyndaky şertnamalara işjeň gatnaşýar. Ýurdumyzda ýaş nesillerimiziň ýaşaýşynyň ýokary bolmagyny üpjün etmek bilen bagly meselelere örän jogapkärli çemeleşýär. Ýurdumyzda her bir çaga gelip çykyşyna, ýaşyna, dinine, milletine, jynsyna, teniniň reňkine garamazdan, deň hukuklylyga eýedir. Hereket edýän kanunlarymyzda çagalaryň ýaşaýşa we ösüşe, oňat durmuş derejesine, saglygyny goramaklyga, döwlet hemaýatyny almaklyga, ýaşaýyş jaýyna, dynç almaklyga bolan isleglerini doly amala aşyrmaga giň kepillikler döredilendir. Türkmenistan çaga hukuklary babatda iş alyp barýan abraýly halkara guramalaryň biri bolan BMG-niň Çagalar gaznasy bilen öz hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürýär. Türkmenistanyň BMG-niň Çagalar gaznasy bilen bilelikde çaganyň irki ösüşi we ony mekdebe taýýarlamak, umumybilim berýän orta mekdeplerde çagalara hoşniýetli gurşawy döretmek we bilimiň hilini ýokarlandyrmak baradaky işleri oňyn tejribe hökmünde kabul edilendir. Ýurdumyzyň bilim ulgamynda alnyp barylýan özgertmeler, gazanylýan ösüşler dünýäde giňden ykrar edilýär, ylymly, bilimli, kämil nesil ýetişýär. Aşgabat şäherinde, welaýatlarda, etraplarda, çet obalarymyzda umumybilim berýän orta mekdepleriň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, Gökderede we Awazada häzirkizaman çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň, sport toplumlarynyň gurulmagy hem olaryň iň kämil ösen tehnologiýalar we innowasiýalar bilen üpjün edilmegi, ýaş nesillerimiziň okamagy, döretmegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegi bilim ulgamynyň barha kämilleşýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Her ýyl gyşky we tomusky möwsümlerde Gökderedäki we Awazadaky, şeýle-de ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde gurlan häzirki zaman çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri gapylaryny giňden açyp, bagtyýar nesilleri garşy alýar. Ol ýerlerde çagalaryň onat dynç almaklary wagtlaryny gyzykly hem peýdaly geçirmekleri üçin ähli şertler döredilendir. Olarda kitaphana, kompýuter otaglary, sport bilen meşgullanmak üçin meýdançalar, suwa düşülýän howuzlar bar. Tomsuň ilkinji günlerinden başlap çagalaryň arasynda dürli aýdym-sazly dabaralar, sahna oýunlary we sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar gurnalýar. Tomusky dynç alyş möwsüminde Hazaryň kenaryndadyr Köpetdagyň jülgesinde çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde bolan çagalara diňe bir Diarymyzyň dürli künjeklerinden gelen deň-duşlary bilen däl, eýsem daşary ýurtly çagalar bilen hem tanyşmaga, dostlaşmaga mümkinçilik döreýär. Çünki bu gözel künjeklerimize daşary ýurtlardan dynç almaga gelýän çagalaryň sany barha köpelýär. Şu günki günlerde hem tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Diýarymyzyň iň gözel ýerlerinde çagalar medeniýetli dynç alyp, wagtlaryny şadyýan geçirýärler.