Suwa salam berýän türkmen halky gadym döwürlerden bäri suwa mukaddeslik hökmünde garap, ýaşaýşyň gözbaşy hökmünde gadyrlap gelipdir. Türkmenler dünýä inen ogul bäbeklerine Deňiz, Derýa, Sumbar, Etrek, Jeýhun, Tejen, Ýagmyr, Silgeldi... ýaly buýsançly atlary dakyp, keramata deňelýän suwa hormat goýýarlar. Ata-babalarymyzdan miras gelýän “Suw damjasy – altyn dänesi”, “Suw – atadyr, ýer – ene”, “Suw gadryn suwsan biler”, “Suw – ýaşaýşyň gözbaşy”, “Suwsuz durmuş bolmaz” ýaly parasatly jümleleri hem halkymyzyň suwy näderejede gadyrlaýandygynyň subutnamasydyr. Bu barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň: “Biz janly tebigata ömür berýän suwuň her damjasyny altyna barabar görüp, oňa keramat hökmünde sarpa goýan pederlerimiziň öwüt-ündewlerine, ýol-ýörelgelerine eýerip, berekediň, bolçulygyň gözbaşy bolan suwuň gadyr-gymmatyny has-da belende göterýäris, suw gorlarymyzy gorap saklamak, olardan rejeli peýdalanmak ugrunda köp işleri durmuşa geçirýäris” diýip nygtaýşy ýaly, suwa şeýle gadyr-hormat goýulmagynyň, onuň baýramçylyk derejesine çenli ýetirilmeginiň örän uly ähmiýeti bardyr. Bilşimiz ýaly, Türkmenistan Ýewraziýa materiginiň merkezinde, aram klimatiki guşaklygynyň çöller we ýarym çöller zolagynda ýerleşip, onuň klimaty gurak we çürt-kesik kontinentaldyr. Ummanlardan uzakda ýerleşip, çäginde üsti hemişelik gar bilen örtülen beýik daglaryň bolmazlygy ýurdumyzyň ýerüsti akarlara garyp bolmagyna getiripdir. Şeýlelik-de, ýurdumyzyň geografik ýerleşişi onuň az suwlulygyny kesgitleýär. Emma muňa garamazdan türkmen halky ýurdumyzyň çäginde bar bolan ýerüsti suw akarlaryny hem-de ýerasty suwlary tygşytly ulanmagyň nusgasyny görkezip gelýär. Jeýhuň bilen Bahry-Hazar aralygynda ýerleşen ýarym million inedördül kilometre golaý giň meýdanda suwuň her bir damjasynyň zer dänesine deňelmegi hem ýöne ýerden däldir. Çünki suw – ýokarda-da belläp geçişimiz ýaly, berеketli hasylyň sakasydyr. Akyldarlarymyzyň “Her damjasy – zer dänesi” diýen parasatly sözleriniň aňyrsynda ata-babalarymyzyň asyrlar boýy suwy arzylap gadyr goýan sarpasy ýatyr. Hawa, türkmeniň kesewi dürtseňem gögerýän topragynda geçmişde suwa eşrepi ýaly garapdyrlar. Damjasyny yrýa etmezlige çalşypdyrlar. Hakykatdan-da, bugaryşyň ortaça ýyllyk mukdary, bir ýylda ýagýan ygalyň jemi mukdaryndan 12-14 esse köp bolan ýurtda suwuň durmuşdaky orny, onuň gymmaty beýleki ýerler bilen deňeşdirilende ýüzlerçe, hatda müňlerçe esse artýar. Çünki, ýaşaýşyň esasy sebäpkärleriniň biri bolan suwuň janly-jandarlara, şol sanda adam organizmine zerurlygy, ygally – suw üpjünçiliginiň oňat sebitlerine garanda çöldäki talap edilişi has ýokarydyr. Alymlaryň ýazmagyna görä, aram guşaklygynyň şertlerinde bir goýuny ýylyň dowamynda 1,5-2 kub metr suw bilen oňdyryp bolýan bolsa, ýa-da her bir adam günüň dowamynda 3,0-3,5 litr, ýylyň dowamynda 1,3-1,4 kub metr suw bilen oňýan bolsa, çöl şertlerine uýgunlaşan goýunlara 2,5-3,0 kub metr, adamlara bolsa 3,0, has yssy ýyllarda bolsa 5,0 kub metre çenli suw gerek bolýar. Ylmyň soňky maglumatlaryna görä, bir kilogram bugdaý dänesini ösdürip ýetişdirmek üçin 750 litr suw gerek. Bir kilogram arpanyň ýa-da kartoşkanyň doly hasyl bermegi üçin bolsa 1250 litr suw ulanmaly. Adam öz ömründe ortaça 75 tonna suw sarp edýär. Eger adam bedenindäki suw 2 göterim azalsa, teşnelik başlaýar, 10 göterim azalsa, gallusinasiýa, ýagny, duýgularyň aldamagy, diýeli, öňdäki salgymyň saňa suw bolup görünmegi, gulagyňa ýok ýerinden suwuň şaggyldysynyň eşidilmegi, beýniniň maglumatlary bulaşdyrmagy başlanýar. Görşümiz ýaly, zemindäki ähli ýaşaýyş öz gözbaşyny suwdan alyp gaýdýar. Durmuş berkararlygy, dünýä gözelligi suw bilen hasyl bolýan hakykatdyr. Ata-babalarymyzyň pähiminde “Suw gadryny suwsan biler“ diýşi ýaly, öz sebitiniň 80 göteriminden gowragyny gurak hem jokrama yssy howaly Garagum çöli tutup ýatan mähriban Watanymyz üçin suwuň nähili gadyr-gymmatynyň bardygy hemmelere bellidir. Hakykatdan hem, Türkmenistanda süýji suw ýok ýerleri köpdir. Garagum çölünde akar suwlaryň düýbünden ýok ýerinde ata-babalarymyz müňlerçe ýyllaryň dowamynda ýaşapdyrlar, döredipdirler, dünýä nusgalyk hojalyk pudaklaryny hem ösdüripdirler. Biziň ata-babalarymyz akar suwuň ýok ýerinde Garagum çölüniň jümmüşinde duş gelýän takyrlara ýaz paslynda düşen ygaldan syrygan suwy bir oýyrak ýere toplap, ýerasty suwunyň derejesine çenli siňdirip, ol ýerdäki ajy suwlary süýjedipdirler. Oý ýerleriň ýok ýerlerinde özleri gazyp “kak”, “sardoba” ýasap suwy toplap belli bir wagta çenli özlerini hem mal-garalaryny süýji suw bilen üpjün etmegi başarypdyrlar. Ownuk mal, düýe bakyp, diňe özlerini däl, daş-töweregindäki bazarlarda-da haryt bolçulygyny, et, ýüň, süýt, peýnir, gurt, ýüňden dokalan matalar, deri önümleri we beýlekilere bolan islegiň kanagatlandyrylmagyna ýardam edipdirler. Berkarar döwletiмизиň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň suw gorlaryny netijeli peýdalanmak bilen, ene topragymyzy, ýaýylyp ýatan giň sähramyzy lälezarlyga öwürmek ugrunda bimöçber tagallalary edýär. Garagum çölüniň görküne görk goşýan “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurulmagy, diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, sebitimiziň ekologiki ýagdaýyna oňaýly täsir edýär. Soňky ýyllarda suw gorlaryny toplumlaýyn ulanmaklyga, obalaryň, şäherçeleriň, şäherleriň arassa agyz suwy bilen üpjünçiligine yzygiderli üns berilýär. Welaýat we etrap merkezlerinde, birnäçe obalarda häzirki zaman suw arassalaýjy desgalaryň gurulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bahadir ÝULDAŞOW, Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy, “Ekodurmuş” jemgyýetçilik guramasynyň agzasy.

Köneler, TDUgulya tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir