“AZIADA-2017-niň” DURMUŞ-YKDYSADY ÄHMIÝETI Mähriban Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tejribeli lukman, bedenterbiýäni we sporty ýaşlykdan söýýän hem-de onuň bilen meşgullanýan şahsyýet hökmünde bedenterbiýe we sport ulgamyny ösdürmek boýunça edýän taýsyz tagallalary ildeşlerimiziň halkara ýaryşlaryndaky gazanýan üstünlikleriniň üzül-kesil artmagyna itergi berdi. Türkmenistanda ýokary derejeler sportuny ösdürmäge berýän üns özüniň oňyn netijelerini berýär, türkmen türgenleri ýylyň-ýylyna halkara we sebit ýaryşlarynda ýeňişleri gazanyp, sport ussatlarymyzyň Aziada-2017-de üstünlikli çykyş edip, Watanymyzyň sport abraýyny mynasyp gorajakdyklaryna ynam döredýär. Muňa 2016-njy ýylda türkmen türgenleriniň halkara sport ýaryşlarynda jemi 643 medal, şol sanda 221 altyn, 196 kümüş we 226 bürünç medal gazanandyklary hem şaýatlyk edýär. Bu görkezijiler 2007-nji ýyl bilen deňeşdirilende 3,5 esse köpdür ýa-da onuň ösüş depgini 353,3 göterime deňdir. Gazanylan üstünliklerde Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň uçurymlarynyň hem-de talyplarynyň paýy uludyr. Bu üstünlikleriň gazanylmagynda ulgamyň maddy-tehniki üpjünçiligini berkitmeklik üçin ýeterlik derejede maliýe serişdeleriniň goýberilmeginiň hem ähmiýeti uludyr. Eger-de 2007-nji ýylda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş we bedenterbiýe ulgamyna gönükdirilen maýa goýumlary bary-ýogy 69,3 million manada deň bolan bolsa, 2014-nji ýylda ol görkeziji 1 mlrd 141,6 million manada ýetirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň maglumatyna görä, 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryna sport mekdepleriniň 112-si, sport desgalarynyň 44-si ulanylmaga berildi, şeýle hem bar bolan sport mekdepleriniň 2-siniň we sport desgalarynyň 22-siniň durky täzelendi. Döwlet býujetinden sport çärelerini maliýeleşdirmek üçin goýberilýän maliýe serişdeleriniň möçberi ýylsaýyn artdyrylýar. Bu serişdeler ýurduň içindäki sport ýaryşlaryny ýokary derejede guramaçylykly geçirmek, türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlara gatnaşmaklaryny guramak hem-de “Aziada-2017-ä” ýokary derejede taýýarlygy üpjün etmek we geçirmek bilen bagly çykdajylary maliýeleşdirmek üçin gönükdirilýär. 2016-njy ýylda Döwlet býujetinde sport çärelerini maliýeleşdirmek üçin 35,7 million manat möçberde maliýe serişdeleri göz öňünde tutuldy. Bu serişdeler ýurduň içindäki sport ýaryşlaryny ýokary derejede guramaçylykly geçirmek, türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlara gatnaşmaklaryny guramak hem-de 2017-nji ýylda ýurdumyzda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna ýokary derejede taýýarlygy üpjün etmek bilen bagly çykdajylary maliýeleşdirmek üçin gönükdirildi. Şeýle hem Aziada-2017-ni guramaçylykly geçirmek maksady bilen, ýörite Gazna döredildi we Gaznanyň milli we daşary ýurt pulunda ýörite hasaplary hereket edýär. Gaznanyň serişdelerini emele getirmegiň 13 görnüşli çeşmeleriň, şol sanda 2015-nji ýylyň Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişinden emele geljek artykmaçlygyň Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylyp geçirilýän böleginiň, hemaýatkärlik gatançlarynyň, meýletin gatançlaryň, oýunlaryň resmi nyşanyny “brend” hökmünde ýadygärlik harytlarda, fotosuratlarda we beýlekilerde ulanmak hukugynyň berilmeginden gowuşýan girdejileriň we oýunlarda haryt sergilerini geçirmek nukugynyň berilmeginden gowuşýan girdejileriň hasabyna Türkmenistanyň Maliýe ministrligi we Aziada-2017-ä taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komiteti bilen bilelikde geçirilen hasaplamalar esasynda 1,37 milliard manady Gazna geçirmek göz öňünde tutulýar. Iri sport çäreleriniň ýurtlaryň ýa-da sebitleriň ykdysadyýetine täsir edişiniň birnäçe ugurlaryny tapawutlandyrmak mümkin. Olar aşakdakylardyr: 1. Ulag ulgamy. Belli bolşy ýaly sport janköýerleri, türgenler, tälimçiler, sport žurnalistleri, teswirleýjileri we beýleki hyzmatlar gurşawynyň işgärleri ulaglaryň dürli görnüşlerinden peýdalanmak bilen ýurduň ulag kärhanalaryna girdeji getirýärler, olar bolsa salgyt tölemek bilen ýerli býujete goşant goşýarlar. Şeýle hem, ulaglarda ýolagçy gatnawy artýar, ulag ulgamynda täze ugurlar, duralgalary açylýar, täze iş ýerleri döreýär. Bu hadysalaryň hemmesi şol sebitde ýaşaýan ilatyň durmuş şertlerini gowulandyrmaga mümkinçilik döredýär. 2. Myhmanhana işewürligi. Ýaryşlaryň geçirilýän ýerlerine gelen janköýerleriň, türgenleriň, tälimçileriň, sport žurnalistleriniň we teswirleýjileriň wagtlaýyn ýaşamaklary üçin myhmanhana hyzmatlarynyň möçberi ep-esli artýar. Hyzmatlaryň dürli görnüşleri syýahatçylyk bazalary tarapyndan amala aşyrylýar. Bu hyzmatlar bilen üpjün etmeklik täze iş ýerleriniň döremegine, guramaça pul we walýuta serişdeleriniň gelmegine täsir edýär. Sebäbi adatça sport çärelerine gatnaşyjylara, esasy işlerinden daşary, dynç almak, ekskursiýalary guramak we beýleki hyzmatlar hem hödürlenilýär. Bu çärelere olar pul harçlaýarlar, harçlanan pullar bolsa sebitde galýar. 3. Sport desgalary. Häzirki zaman iri ýaryşlary geçirmeklik (çempionatlar, kubok ýaryşlary, spartakiadalar, olimpiýadalar we beýlekiler) ýokary derejede gurlan sport desgalaryny – stadionlary, howdanlary, welotrekleri, sport zallaryny we beýleki sport infrastrukturasyny gurmaklygy talap edýär. Bu täze sport desgalary adatça tehniki taýdan çylşyrymly toplumlardyr. Olary döretmeklige uly möçberlerdäki akyl we pul serişdeleri zerurdyr. Bu ýagdaýlar sport desgalarynyň bazar gymmatyna gönüden-göni täsir edýär. Häzirki zaman sport toplumlary we sport desgalarynyň bahasy onlarça we ýüzlerçe müň dollara, iri desgalaryň bahasy bolsa onlarça million dollara ýetýär. Sport desgalaryny maliýeleşdirmek çylşyrymlydyr we gymmatlydyr. Bu ugurda amala aşyryljak taslamalar hemme taraplaýyn öwrenilmelidir we hasaplanylmalydyr. Dünýä tejribesi şeýle maýa goýumlaryndan alynýan girdejilerň çykdajylardan ep-esli artyk bolýandygyny subut edýär. Şonuň üçin, dünýä ýurtlarynyň arasynda iri ýaryşlary, mysal üçin, Olimpiýa oýunlaryny, Aziýa oýunlaryny özünde geçirmek ugrunda ýiti bäsdeşlik bolýar. Halkara derejesindäki iri sport çäreleri ykdysadyýetiň bellenip geçilenlerinden başga-da hojalyk toplumynyň beýleki käbir ugurlaryna hem oňyn täsir edýär. Hususan-da sport çärelerine gatnaşyjylaryň (türgenler, tälimçiler, janköýerler we beýlekiler) sowgatlyklara, iýmite, ekskursiýalara, güýmenjelere bolan isleglerini kanagatlandyrmak boýunça geçirilýän işler, hyzmatlar gurşawynda söwdanyň we telekeçiligiň, hasaplaşyk-bank sektorynyň, mahabat işewürliginiň hem-de jemgyýetçilik iýmitiniň ösmegine täsir edýär. Ýaryşlara gelýän türgenler, tälimçiler, janköýerler, žurnalistler we synçylar üçin azyk önümleri gerek bolýar. Bu önümler satyn alnanda oba hojalyk önümlerine bolan isleg artýar, netijede oba hojalyk pudagy hem ösüşe itergi alýar. Adamlar daşary ýurtlara baranlarynda şol ýurtlaryň halklarynyň medeniýeti, däp-dessurlary we adatlary bilen tanyşýarlar, özara gatnaşyklary ýola goýýarlar, biri-birine gowy düşünip başlaýarlar. Bu ýagdaý halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösmegine oňyn täsir edýär.