Bir gün gije Ogulsuraý gygyryp turdy, zähräsi ýarylan ýaly bolup zaňňa ýerinden turan Kakyş ony gujagyna gysdy we oýan näme boldy saňa, aýdaý maňa, gorkma men bar diyip köşeşdirip başlady. Şonda Ogulsuraý -Kakyş, ejeň düýşüme girýär, eýýäm naçe gündir bir gaýtalanýän düýş -düýşdirdä ynanmasana janym! -nädip ynanmaýyn, ol maňa çetki jaýyň burçyndaky üsti agyr ýorgan galdyrylan sandygy aç, sandygyň içinde mawy reňkli düwünçek badyr, şony aç, şonyň içinde altyn Kümüş garylan gymmatbahaly gülýaka bardyr, şony alda ilerki obanyň çetraginde burkaz böleginde Gurbangül eje diýen daýza badyr, şony tap we onuň körpe gyzyna şu gülýakany ber, meni razy etjek bolsaň meniň haýyştymy et gelin, diýip meni günüme goýanok, kellämi goýsam ejeň ruhy daşymda aýlanyp dur, bitirmeseň seni öz ýanyma oglym bilen alyp giderin, diýýar. Kakyş men gorkýan, hatda şu wagt hem ejeň seniň kellaňi sypalap dur, gözi ýaşly, men gorkýan, men dälireýän bir alajyn edäýdä diyip Kakyşy gujaklap aglap başlady. -Gülüm, men düýşe ynanamok, ejemiň belli günlerni welin birkemsiz etýän, nämeden beýle bolýarka?! -men bilemok,ýöne bu waka bir gün däl, iki gün däl eýýäm näçe günden bäri meni biinjalyk etýär. -Ogulsuraý ýör şo ýorgany agdaryp göreli, ejem bir zat duýdurjak bolýan bolaýmasyn, diýip hasanaklap çetki otaga iki bolup gitdiler. O jaýda dogrydanda agyr ýorgan galdyrlan sandyk bardy. Kakyş ýorgany bir eli bilen çekende ýorgan agdaryldy, sandygy açyp mawy reňkli uly düwünçegiň gatyny açdy, görseler hakykatdanda edil gaýyn enesiniň aýdyşy ýaly altyn çaýylan kümüş gülýaka bar,6 gyz doganyndaky ýaly, ýene bir gülýaka. Ogulsuraý -Kakyş, şol oba gideli tapaly, bir emmasy bar ýaly bolup durda maňa, diýip aglamjyrap şol oba äkitmegini haýyşt etdi . Göwnüne öýde bir zatlar bolýan ýaly Kakyş derrew razy boldy we bular säher bilen niredesiň goňşy oba diýip ýola düşdüler. Bu oba uly obady, bir iki öýden soradylar,tanaýan bolmady. Ahyr burkaz bölegine gitdiler, edil giren ýerinde ilkinji duşan adamdan hem soradylar . -salowmaleýkum agam! -waleýkum salam -agam, bize Gurbangül eje gerekdi, tanaňyzokmy?! -tanaýan -tanaýan bolsaňyz salgy beraýiňdä -şu köçäni sypdyrman git, öňüňden uly göze ilip duran tut agajy bardyr, ana şol tut agaçdan geçde çepe öwrül 4-nji jaýdyr, şol tut agajy tapsaň aňsatjakdyr yoluň gyrasynda ýaşaýarlar. -sagboluň agam,uly kömegiňiz degdi. Kakyş hoşlaşyp nirede sen tut agajy diyip, ýoly yzarlap yola düşdi. Hakykatdanda bu tut agaç oba görk berip duran eken. Tut agaçdan geçip 4-nji jaýa baryp maşynyny saklady. Bular iki bolup Gurbangül ejelere işigini kakyp girdiler. -salowmaleýkum Gurbangül eje! -gurgumy guzym, geliň geçiň. -Gurbangül eje, bizä geçip kän oturjakdäl, işlije geldik. -işli gelen bolsaňyz aýdyp oturyň. -Gurbangül eje, biz gaýraky obadan Oguljuma ejäniň ogly buda meniň gelnim. -Oguljuma, waý oňa näme boldy?! -ejem pahyr aýryldy, yurduny täzelänine heniz 40 günem bolanok. -wah waheý, yzy ýarasyn, döwleti yzyndakylara ornasyn. -aýdanyňyz gelsin. Gurbangül eje, ejem aradan çykandan bäri gelinim bir zat tapyndy, günde ejemiň ruhy bilen gepleşip daňyny atarýär, şo bir gaýtalanýan waka gaýtalanyp durýar. -näme diýýar? Ogulsuraý saklanyp bilman ozi ara goşyldy. -gaýynym maňa çetki otagdaky agyr ýorgan galdyrlan sandygyň içinde mawy reňkli ýaglyga döwülgi düwünçegiň içinden ine şu altyn çaýylan, gymmatbaha kümüş gülýakany gaýraky obanyň burkaz bölüminde Gurbangül ejäniň körpe gyzyna ber, diýip meni hiç günüme goýanok, ilki ilkiler uns bermedim ýöne ýagdaýym gün geldigiçe agyrlaşmasa gowylaşanok, ölen adamlaryň ruhuny görýän, olar bilen gepleşýän, diýip elindäki ýaglyga dolangy gülýakany Gurbangül ejaniň öňünde goýdy. -wah bu gep irde giçde açyljagyny men duýýadym diýip Gurbangül eje aglap başlady.......... Awtory: Nowça (dowamy bar)