Türkmen halkynyň döwlet berkararlygyny arzuwlap, halkyň agzybirligini, jebisligini diliniň senasyna öwren akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijilik älemi özüniň köptaraplylygy, çuňňur pähim-parasada ýugurlanlygy bilen biziň her birimiziň kalbymyzda mäkäm orun aldy. Geçmişe buýsanýan, gelejegine uly ynamlar bilen barýan halkymyz akyldar şahyryň eserlerine aýratyn sarpa goýýar. Magtymguly Pyragynyň eserleri bu günki gün türmen halky üçin Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň buýsançnamasy bolup ýaňlanýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi milli pähim-paýhasyň, döredijilik hem beýan ediş özboluşlylygynyň nusgalyk derejesi bolup, dünýä halklaryny haýrana goýýar. Akyldaryň umman ýaly şygyryýet dünýäsi barada näçe gürrüň edilsede, çuň manyly çeper sözüň beýiklik ölçegi bolup hyzmat edýär. Magtymguly atamyzyň şeýle baý döredijilik dünýäsi nähili bolup şeýle çeper we nusgalyk derejä göterildi? Bu soragyň has anyk jogabyny dana şahyryň döredijilik dünýäsiniň haýsy çeşmelerden gözbaş alyp, haýsy paýhas mekdebinden suw içýändiginden gözlemek hakykata laýyk bolsa gerek. Bu barada halypa alymlaryň biriniň: “Magtymgulynyň şahyrana dünýäsiniň köki türkmen durmuşyndan, taryhyndan, medeniýetinden, dilinden, edebiýatyndan, pelsepesinden, ahlagyndan, dini we dünýewi ygtykatlaryndan, duýgy-düşünjelerinden başlanýar. Sebäbi, türkmen dili barada gürrüň edilende, Magtymguly ýaly türkmen diliniň taryha, onuň jemgyýetçilik hem-de şirelilik hyzmatyna, many çuňlygyna we dürli öwüşgünli çeperçiligine aýratyn üns beren başga bir ussadyny tapmak kyndyr” diýen sözleri tüýs ýerine düşüpdir. Hawa, beýik akyldaryň juda giň döredijiligi dünýäsi bar. Magtymguly atamyzyň tutuş döredijiligi watançylyga ýugurlan dürdane setirler. Akyldar öz döredijiligi bilen türkemen halkyna berkarar döwleti gurmagyň ýoluny salgy berýär. Akyldaryň çyňňur ynamyna görä, jemgyýet sagdyn, mert adamlardan ybarat bolmaly. Akyldar bu pikiri şygyrlarynda nygtap geçär. Şonuň üçin bolsa gerek, Magtymguly atamyz “Ýa bir merde ýykyl, ýa-da hudaýa” diýip, mert ýigidiň keşbine juda ýokary baha berýär. Dana atamyz islendik babatda asyl gelip çykyşa köp zadyň baglydygyny şygyrlarynda beýan edýär. Şonuň bilen baglylykda, mertligiň hem nesil yzarlaýandygyny akyldar “Eý, ýaranlar, mert ýigitden mert dörär” diýen setirinde aýratyn nygtaýar. Magtymguly Pyragynyň mertlik, namartlyk baradaky şygyrlary akyldaryň paýhas eleginden geçen çeper sözleriniň hiç bir döwründe öz ähmiýetini ýitirmeýan bir syrly gapda eýelenendigini duýýarys. Ýaşlarymyzy watansöýüjilik ruhunda, döwrebap terbiýelenmigine uly ähmiýet berýär. Bu oňun wezipäni durmuşa geçirmekde Magtymguly Pyragynyň eserleriniň ähmiýeti juda ulydyr. Akyldar şahyr öz döredijiliginde watanasöüjilik, mertlik arassa ahlaklylyk, ynsanperwerlik, söýgä wepalylyk, hallalyk zähmetsöýerlik ýaly mowzuklara giň orun berýär. Magtymguly Pyragynyň öwüt-ündew eden asylly gylyk häsiýetleri ata-babalarymyzyň döreden ajaýyp milli ruhy-ahlak gymmatlylygy höküminde nesilden nesle geçip, arakama-arka dowam edip gelýär. Bedew batly ösýän Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu asylly däpler, ruhy-ahlak gymmatlyklar has-da kämilleşdirilýär.