Şol bir ýerde, şol bir eşikde düşen ýüzlerçe suratynyň içinden birini saýlap, joram instagram hasabyna goýdy. Seretdim. Gözlerime ynanman ýene bir gezek seretdim. Uzaldylan kirpikler, bezelen gözler, boýalan dodaklar, tolkun atdyrylan saçlar, bedeniniň egri ýerlerini mazaly ýüze çykaryp duran eşikler joramy düýpgöter başga gyz edip şekillendirýärdi. → Agyz, Jemal, özüňe hiç meňzäňok-la gyz bärde. Modellere meňzäp dursuň. → Özüme meňzesem kim ýüzüme seretsin? Şolar ýalyja üýtgeşijek, özüne çekiji bolsaň halaýalarda. Pikirlendim. Men gyzam bolsam joramyň boý-syratyna, tebigy gözelligine gözüm gidýär. Oňa bezenmegem gerek däl. Nähili ýagdaýda surata düşsede, Jemalyň syratlylygyny inkär etmek kyn. Ýöne, şeýle gyzyňam öz gözelligini kabul edip bilmeýşi, "halanmak" üçin mahabatlandyrylýan keşplere meňzemäge ymtylyşy maňzyma batmady. Ykdysadyýetde Talap we Üpjünçilik (Supply & Demand) diýip bir termin bar. Munuň esasynda dürli harytlaryň üpjünçiligi jemgyýetiň talabyna görä amala aşyrylýar. Bu termin maňa nämüçindir gyzlar bilen jemgyýetiň arasyndaky gatnaşygy ýatladýar. Häzirki wagtda jemgyýetimizde gyzlardan kaddy-kamat babatynda edilýän talap çäkden çykana meňzeýär. Sosial saýtlardaky islendik türkmen sahypalaryna göz aýlasaň iň köp "like" alýan suratlaň bezenip-beslenen ýa-da bedenlerini güjeňleýän eşikler geýnen aýal-gyzlardygyny görýärsiň. Talap nireden gelýär? Öz adaty keşplerini örtüp surata düşýän gyzlaryň suratlaryna "like" goýýan her bir kişi talap edijileriň hataryna girýär. Surata "like" goýmak seniň ony diňe halaýandygyňy görkezmeýär. Halamak bilen birlikde suratda öňe sürülýän düşünjäni we mazmuny goldaýandygyňy hem bildirýär. Ýalňyşlyklar ► Talapkärleriň iň uly ýalňyşlygy olaryň öz edýän işlerinden bihabar bolmagydyr. Meselem, köp türkmen oglanlary özüne çekiji keşbe girip düşen gyzlaryň suratlaryny "like" edýärler, emma sada, ýönekeý, asylly, akylly, mediýada kän göze ilip ýörmeýän gyzlara öýlenmek isleýärler. Şeýle gyzlaryň köpüsi bolsa kän "like" alýan gyzlara meňzemäge ymtylýarlar. Näme üçin? Çünki olar talaba laýyk bolmak isleýärler. Talap bolsa sosiýal mediýada "like"-laryň sany bilen ölçelýär. ► Adatdan daşary görünmek maksady bilen ençeme gyzlar öz adaty boluşlaryndan gaçmaga synanyşýarlar. Iň azyndan suratlarda şeýle görünmäge çalyşýarlar. Bu bolsa hem oglanlaryň hem beýleki gyzlaryň gözüni aldaýar. Oglanlarda köplenç şeýle gyzlara garşy negatiw pikirler döreýär (olara "like" berýän hem bolsalar). Ýagny oglanlar öz ýarlarynyň ýa gyz jigidir-uýalarynyň şeýle görünmeklerini islemeýärler. Gyzlarda bolsa tersine. Gitdigiçe köp "like" alýan gyzlara meňzemek isleýän gyzlaryň, esasanam ýetginjek gyzlaryň sany artýar. ► Iň gynançly ýeri hem hakykylyk ýitýär. Men mahabat edilýän modellere meňzäp surata düşmek ýa şeýle suratlary "like" etmek erbet diýjek bolamok. Her kimiň öz isleýşiçe ýaşamaga haky bar. Emma, bu köp adamlaryň hakykatdan daşlaşmagyna alyp barýar. Hakykat ýüzünde islendik bir jemgyýetiň gyzlarynyň aglaba bölegi modellere meňzemeýärler. Şoňa göräde erkekleriň hem aglabasy modele meňzäp duran gyz islemeýär. Emma, sosial mediýada şeýle keşpleriň agdyklyk etmegi, olaryň janköýerleriniň köp bolmagy gyzlardan şolara meňzemegi talap edýär. Sen näme edip bilersiň? ♦ Her bir "like" goýýan suratyňa janköýerlik edýändigiňi unutmaly däl. Diňe öz goldaýan we manysyna doly düşünýän suratlaryňa janköýerlik etjek bolmaly. ♦ Suratlardaky gyzlary şahsy tanamaýan bolsaň olar barada negatiw netijä gelmejek bolmaly. Belki olaň käbiri hakykatdanam görnüşleri ýalydyrlar, emma, aglabasynyň jemgyýetiň "talap & üpjünçilik" ýörelgesiniň pidalarydygyny unutmaly däl. ♦ Şahsyýet hökmünde öz talaplaryňy seljermäni başarmaly. Eger sen hakykatdanam gyzlaryň asylly, akylly, çeper we ş. m. bolmagyny isleýän bolsaň şol häsiýetleri şekillendirýän suratlara janköýerlik et. ♦ Gyzlara ýüzlenmäm: özüňiz bolmakdan gorkmaň. Hiç kim siziň roluňyzy sizden gowy oýnap bilmez. Siziň esasy aýratynlygyňyz we gözelligiňiz hakyky keşbiňizdedir. Goý adamlar sizi hakyky bolşuňyz ýaly halasynlar. Durmuşyňyzy öz şahsy gymmatlyklaryňyza görä gurmaga çalyşyň. Nädogry talaplaryň pidasy bolmakdan ägä boluň.