Tomus paslynyň yssy günlerinden biri, sagat gündiz 4 töweregidi, öýüň içi daşy adamlardan doludy. Daşarda howluda papakly erkek adamlaryň özara "entek ýaşdy neresse" diýen gürrüňleri içerde bolsa aýal maşgalalaryň aglaşýan sesleri eşdilýärdi. Her näçe kynam bolsa borçlar ýerine ýetirilmelidi we tabyt daşara çykarylyp adamlar namaz üçin hatara düzüldiler. Namaz okalandan soň tabyty kamaz maşyna ýüklemek üçin erkekler herkim bir ujundan gezekme gezek götermäne başladylar. Tabytyň sag tarapynyň iň öňünde bir eli we kellesi ak marla saralan bir ýaş ýigit gözi ýaşlar içinde ýerini hiçkime bermän kynlyk bilen ýöreýärdi. Kamaza mündiler we mazarlyga tarap ýola goýuldular. Ýigit ýol boýy tabyty gujaklap "meniň günäm, bagyşla meni" diýip uly ses bilen aglaýardy. Ýanyndaky adamlar her näçe "Röwşen özüňi ele al, boljak zada çäre ýok" diýip köşeşdirmäne jan etselerde peýdasy ýokdy. Röwşeniň özüni günäkärlemeginiň hem sebäbi bardy. Röwşen bilen Aýlar eýýam 6 ýyl bäri bile halaşýardylar. Olaryň söýgüsi entek mekdep ýyllary başlapdy. Olar mekdebi gutaryp bile daşary ýurda okamana gidipdiler. Olar ýokary okuw jaýynda hem bile okaýardylar we wagtlaryny diýseň gowy geçirýärdiler. Olaryň halaşýandyklaryny köçe, oba, etrap, şäher, dost, duşman, garyndaş hatda her iki maşgalada doly bilýärdi, diňe galanja bir ýyl okuwlaryny tamamlap soň Röwşenem 1 ýyl gullugyny dynyp toý edäýmek galypdy. Olar 3nji kursy tamamlap öýlerine dynç almana gelýärdiler. Düýn gije olar Aşgabatdadylar we ertire çenli garaşmana howlugyp öz welaýatlaryna gaýtmak üçin gije ýeňil maşyn bilen ýola çykmana karar berdiler. Olar maşyna münüp ugranlarynda sagat gije 1 i geçipdi. Röwşen Aýlary çenden aşa söýüp hemmä gawanýanlygy sebäpli arkada özi oturyp Aýlary çep tarapyna oturdypdy, sebäbi sag tarapynda başga bir erkek adam bardy. Bularyň ýola çykanyna 3 sagat bolupdy, Aýlar Röwşeniň gujagynda Röwşen hem kellesini Aýlaryň kellesine söýäp ýadowlyk bilen süýji ukuda gelýärdiler. Maşynyň sürüjisi Aşgabada müşderilerini getirip dynç alman yzyna ýola çykanlygy sebäpli ukusyzdy, herwagt gözi ýumulýardy. Sürüji bu gezek uka uzagyrak gidipdi we maşyn ýoldan çykyp agdarylypdy. Bu ýagdaýy gören beýleki maşynlar kömege geldiler, tiz kömege habar berdiler, Röwşen hem hassahana äkidilenleriň arasynda huşsuz ýatyrdy. Aýlar bolsa şol Röwşeniň gujagynda gözlerini uka ýumany boldy gaýdybam hiç açmady. Aýlaryň bedenini topraga jaýladylar, Röwşen bolsa onuň bilen bilelikde özüniň ruhuny jaýlady, şatlyk-gülküsini, arzuw-hyýallaryny jaýlady. Aýlar neresse birgün wepat eden bolsa Röwşen hergün ölýärdi, içi içini iýýärdi, girere deşik tapanokdy, alýan her demi oňa puşmanlykdy, wagt oňa duşmandy, basýan her ädimi gussa doludy. Aradan 3 ýyl geçdi, Röwşen ne birini söýüp bildi nede öýlendi...