Şu günler Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyny tamamlaýan talyp ýaşlary sungatyň nakgaşçylyk, grafika, amaly-haşam, heýkeltaraşlyk, arhitektura, dizaýn, sungaty öwreniji ugurlary boýunça bilim alan talyplaryň diplom işleriniň gorag çäresi dabaraly ýagdaýda geçirilýär. Gorag çäresi okuw jaýymyzyň sergiler jaýynda, girelge zallarynda alnyp barylýar. Örän täsirli geçýän bu çärä okuw jaýymyzyň talyplary, halypa mugallymlary, sungat we medeniýet işgärleri işjeň gatnaşdylar. Bu okuw jaýy tamamlaýan uçurymlaryň diplom işleri dürli temalar boýunça ýerine ýetirilipdir. Olaryň arasynda sport temasy örän wajyp temalaryň biri bolup durýar. Sportuň we sagdyn durmuşyň tarapdary bolan Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhammedowyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda türkmen sporty uly okgun bilen ösýär. Sentýabr aýynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň sport ýaryşyny uludan tutmaga häzirki günlerde giň gerimli taýýarlyklar görülýär. Şäherimizde gurlan Olimpiýa şäherçesi hem şäherimiziň binagärlik gözelligine ajaýyp görk berýär. Binagärçilik çözgütleriniň täze usullaryny özünde jemleýän bu şäherçäniň sport toplumlarydyr, dürli desgalarynda alnyp barylýan köp ugurly sport çäreleri her bir adamda uly täsirleri galdyrýar. Şeýle täsirler ýaş uçurymlaryň işlerinde dürli-dürli beýan edilýär. ”Nakgaşçylyk we taslama” kafedrasynyň uçurymy Meýlis Çaryýewiň “Türkmenitanda Aziada” atly monumental nakgaş işinde Aziadanyň dabaraly açylyşy görkezilýär. Uly göwrümli bu işde ýaşuly we ýaş kiçi nesilleriň wekilleriniň, sportuň dürli ugurlary bilen meşgullanýan türgenleriň, talyp ýaşlaryň şekilleri ýerleşdirilýär. Işiň ýerliginde bolsa ak şäherimiziň dürli binalary, sport toplumlary, dynç alyş merkezleri jemlenýär. Şol kafedranyň uçyrymlary Zöhre Sähedowanyň “Olimpiýa alowy”, Laçyn Baýlyýewanyň “Sagdyn nesil - kuwwatly Watan “, Garajaýew Rahadyň “Aşgabat – 2017 Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary” atly diplom işlerinde bolsa olimpiýa alowynyň garşylanyşy, sportuň welosiped, tennis, göreş boýling, şaşka, agyr atletika ýaly görnüşleri dabaraly ýagdaýda beýan edilýär. Bu işlerde temanyň mazmuny we taslamasy monumental häsiýetde köp dürli reňkleriň üsti bilen çözülýär. “Grafika” kafedrasynyň” uçurumlary Merdan Jumalyýewiň we Rustam Kurbanowyň “Aziada – 2017” atly toplumlaýyn diplom işlerinde sportuň 21 görnüşi jemlenýär. Stanok grafikasy usuly boýunça gara tuş boýagy bilen ýerine ýetirilen bu işlerde örän ünslülik we dykgatlylyk duýulýar. Bu grafiki işlerde sport temasy ak – gara reňklerde ownuk ştrihleriň üsti bilen many – mazmuna eýe bolýar. Berlen şekiller yerine ýetirilen işleriň ölçegine görä gatnaşykda çözülip, taslamada giňişlik düzüminde sazlaşykly ýerleşýär. Şekillerdäki hereketlilik we çeýelik ýumşak, ownuk we ýygy ştrih çyzyklaryň üsti bilen berilýär. “Heýkeltaraşlyk” kafedrasynyň diplomant talyplary Guwanç Gurbansähedowyň “Basketbolçy”, Maksat Rozyýewiň “Tennisçi gyz” atly işlerinde adam şekilleri hereket bilen açylyp görkezilýär. Gips çig malynda ýerine ýetirilen bu stanok heýkellerde dik duran ýaş türgeniň bir elinde basketbol pökgüsini saklap duran keşbi, beýlekisinde bolsa tennisçi türgen gyzyň keşbi monumental häsiýetde janlanýar. Hereketlilik göwrüm giňişlik esasasynda çözülýär. Bu gorag çäresinde temalar boýunça çykyşlar örän gyzykly we çekeleşikli boldy. Çärä gatnaşýan myhmanlaryň arasynda birnäçe soraglar ýüze çykyp, häzirki döwürde şol temalaryň ähmiýeti, täzeçilligi we wajyplygy barada aýdyldy. Umuman goraga gatnaşýan attestasiýa topary akademiýanyň şu ýylky diplom işlerine ýokary bahalary berdi. Bu bolsa Türkmen Döwlet çeperçilik akademiýasynda ýurdumyzyň sungatynyň we medeniýetiniň has-da gülläp ösmegine ýardam berjek hünärmenleri taýýarlap ýetişdirýändigine uly buýsanç döredýär. G.Saparmyradowa

Köneler, nexttm tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir