Tozýar, tozsun gynanamok köwşüme,
Köýneklemem gezekleşip çüýreýär.
Gün kakatdy, ýel kakatdy keşbimem.
Serimiň hem sämäp bagty çüwmeýär.

Düşýär, syçanguýruk boldy saçlarym,
Gaşlarymam gerilmeýär ýaý ýaly,
Dyrnak hynalamamy hem taşladym,
Men şeýle – de bir bölejik aý ýaly.

Ýygyrtlaram indi ýokuş degmeýär.
Demir dişlere –de öwrenşýän kem – kem ,
Nobatlaram howluksaň ,has egleýär.
Işlerem howluksaň ,bitegen kemter

Äýnek, şaý – sep dakynmandym kejigip,
Saýawanam götermedim ömrüme,
Hezildi, şonda – da meniň hiç haçan,
Dönesim gelmedi, talyp döwrüme.

Öňki ýaly ýarygam ýok zeminiň,
Sähel zada bozulanok keýpimem.
Gülkim tutýar diýäýseler: “küýküje“
Ýuwaşjadan bolup barýan keýtigem.

Şo bolşuma goşgy goşýan sen hakda,
Şo bolýuma düýşde görüp oýanýan,
Şo bolşuma duýýan,
Ýürek ýukalyp, akyl goýalýar.
Hem öňküden ýylgyryşym owadan,

Köneler, Nowcha90 tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir