Göwrelilik döwründe aýal gam çekme, garaşma, howsala düşme, begenme ýaly dürli emosional ýagdaýlara häli-şindi sezewar bolýar. Bu döwürde tolgunma, begenme ýagdaýy ultrase barlagyny (USB) geçmek bilen hem baglanşyklydyr. Ýöne köp halatlarda bu barlag usuly öz howpluylygy ýa-da howpsuyzlygy babatda aýallary pikirlenmäge mejbur edýär. Dogrudan hem, USB geçmek dogmadyk çaga üçin howplumyka? Soňky ýyllarda, USB-niň çaga düwünçeginiň hromosom toplumyny dargadyp biljekdigi baradaky pikirler alymlar tarapyndan orta atyldy. Ýöne bu pikir amaly lukmançylykda öz subutnamasyny tapman galdy. Eger bu hakykatdan hem şeýle bolýan bolsa, onda genetiki bozulmalar bilen dogulýan çagalar Ýer togalagynyň ýarysyny tutardy. Diňe Russiýada USB-ni göwrelilik döwründe 3 gezek geçirýän bolsalar, Germaniýada, şeýle hem başga birnäçe Ýewropa ýurtlarynda bu barlagy göwreliler her 2 hepdeden bir gezek geçýärler. Hakykatdan hem, göwreliligiň birinji ýarymynda (esasan hem 7-8 hepdä çenli) düşme howpy ýüze çykanda USB-ny geçirmek, bu ýagdaýy has hem agyrlaşdyryp biler. Ultrases tolkunlarynyň ýatgynyň diwarlaryndan yzyna gaýtmagy, titreme ýagdaýyny döredip, ýatgynyň myşsalarynyň ýygrylmagyna getirip biler. Şeýle hem, jynshana salnan datçik bilen geçirilen USB-i hem, ýatgynyň boýunjygynyň ýetmezçiliginden ejir çekýän göwreliler üçin howply bolup bilýändir. Ýöne bu ýerde gep çaga düwünçegine ýetirilýän zyýan barada däl-de, datçigiň eýýäm açylyp başlan ýatgynyň boýunjygynyň ýene gysgalyp açylmagyna getirip biljegindedir. Ýöne göwrelilik döwründe USB-iň peýdasy, onuň güman edilýän howplulygyndan has köpdür. Dogrudan hem, bu barlagy ulanmazdan biz nädip çaga ýansuwlarynyň mukdary, onuň ýoldaşynyň, gan aýlanyşygynyň ýagdaýyny anyklap bilerdik? Lukmançylyk görkezmeleri boýunça, köp aýallara göwrelilik döwründe bu barlagy her 2-3 hepdeden bir gezek geçirmeli bolýan halatlary hem bolýar. Eger bu barlag çaga düwünçeginde genetiki näsazlyklary döredýän bolsa, onda şeýle aýallarda sag çagalar dünýä inmezdi. USB-i çaganyň ösüşinde ýüze çykýan bozulmalary, ösmeýän göwreliligi ýüze çykarmaga kömek edýändir. Bu barlag wagtynda düwünçegiň düşme howpy anyklanylyp, lukmana özwagtynda we dogry bejergi bellemäge kömek edýär. Dogrumyň öňisyrasynda USB-i çaganyň boýnuna göbek bagynyň oralmagyny hem anyklamaga kömek edip, bu ýagdaý çaga howp salýan bolsa, dogrumy kesarewo kesimi operasiýasy bilen gutarmaga we sag çaganyň dünýä inmegini gazanmaga mümkinçilik döredýär. Bu barlag ene we çaga üçin howply bolan, çaga ýoldaşynyň öňde ýerleşme ýagdaýyny hem özwagtynda anyklap, degişli çäreleri amala aşyrmaga kömek edýändir. Belki-de, USB-i göwrelilik döwründe belli bir derejede ýaramaz täsirini ýetirýär diýip şübhelensek hem, şu günki güne çenli onuň gönümel howplulyk derejesi alymlar tarapyndan subut edilen däldir. Bu barlagyň peýdasy bolsa dünýäniň köp lukmanlary tarapyndan ykrar edilendir.