Häli işden gelýädim, çagalara agşamlyk wermişel almak üçin magazinden. Türkmen aga pahyrda pul barmy. Ýazdyrdym dahoda çenli "garaşyñ" diýip. Magazinçiler ozalam dawamyñ dünýä dolýandan habarly bolansonlar, ýüzlerini "orsuñ bezsakuska aragyndan içen ýaly mürşerdip" bir-birine çawuş kakan bolup ýazyp berdiler. Gidemsoñ ertirkomda başga nikden çykjak bolup herzat etdiler, işikden jyklap durun. Ertir işlemänsoñ satyjylañ beter içleri ýandy, ýogsa satardylar derrew. Mugt wermişele begenip, taksada pul bermage gysganyp (olam ýazgylaý) ýolda gelýärkäm şeýle bir dawa duş geldim, aýdyp diýer ýaly däl. Menem derrew telefonymy açdymda muny ertirdäkilere habar edeýin diýsem, ä-laýt ýene özüm sokuldym oturyberdim. Hälki magazinçileñ güni meñem üstüme gelşini diýsene. Türkmen aga aýdýara, "gülme goñşyña, geler gaşyña" diýeni. Ana men şony unudypdyryn iki kile mugt düşen wermişelime buýsanyp. Şondan bärem şu nakyl döredi türkmen agada "puluñ bolsa wermişel alma" Gowsy gepi kopeltmän öýümde wermişelden somsa bişirdeýin. Aýalyma gepimi diñledip bilsem. Mugt plýusdan, mugt wermişel gowy ekeni. Ertirkom işlänok welin goñşulammy indi tanap başladym, atlarynam bilemokdym agtyklaryna çenli. Güler ýüzli adamlar ekeni. Tüweleme, uzagyndan bolsin, omyn! Indiki temam: "Garry oýnasa gaý turar". Täze çykjak mowzugyma ýazylmak üçin birigün öýlän geliñ!)