Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze enjamlar, multimediýa tehnologiýalary hem-de zerur enjamlaýyn serişdeler bilen üpjün edilen çagalar baglary we mekdepler, şeýle hem sport dsesgalary ulanmaga berilýär. Ýaş çagalarymyz üçin dynç alyş we güýmenjeler merkezleri döredildi. Tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagy mynasybetli baýramçylyk lybasyna beslenen meýdançalarda aýdym-sazly, tansly baýramçylyk çykyşlary ýaýbaňlandyrylýar. Gökdere şäherçesindäki dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde şu möwsümde her tapgyrynda mekdep okuwçylarynyň 7 müňden gowragy, deňiz ýakasyndaky “Awaza” dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde bolsa oglanlaryň we gyzlaryň 1 müň 700-den gowragy dynç alar.bulardan başga-da, ýurdumyz boýunça dynç alyş we sagaldyş meýdançalarynyň ýüzlerçesi hereket edýär. Bu dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde gyzykly, köp dürli we peýdaly dynç almaklary üçin ähli şertler döredilen. Dynç alyşda elbetde, esasy zat çagalar üçin göwün söýen oýunlaryň bolmagy, suw howuzlarynda hem-de sport meýdançalarynda ýaryşlar gurnamaklyk, bularyň hemmesi çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde gözöňünde ttulan. Sagaldyş merlkezleriniň ajaýyp sport binýadynyň hem-de taýýar tälimçileri we terbiýeçiler düzüminiň döredilmegi netijesinde, çagalaryň bedenterbiýä we sporda bolean gyzyklanmasyny artdyrar, arassa howada geçirilýän dürli ýaryşlar bolsa ýaşlaryň arasynda ýeňijileri ýüze çykarmaga mümkinçilik berer hem-de olara sadalyk we gujurlylyk duýguaryny peşgeş berer. Tomusky dynç alyş günleriniň baryşynda çagalar dynç alyş sagaldyş merkezleriniň eýelerine intellektual we sport oýunlary, ýaryşlary, festiwallary we bäsleşikleri garaşýar.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir