Behişdi bedewlere goýulýan hormat-sarpa gün-günden artýar. Üşükliligi, duýgurlygy ynsan häsiýetine meňzeýän, köküni asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan gözel, ýyndam bedewler hemişe adamyň ýakyn ýoldaşy, syrdaşy bolupdyr. Nesilbaşymyz Oguz han, Alp Arslan, Togrul beg, Çagry beg at üstünde bolup, ençeme döwlet gurupdyrlar, bedewleri bilen ýurt aýlanyp, niçeme menzil geçipdirler. Olar mukaddes topragy, ata-Watany goramakk üçin dal bedewlere atlanypdyrlar. Ahalteke atlary özüniň güýçliligi, ýyndamlygy, çydamlylygy, üşükliligi bilen dünýä ýüzünde meşhurlyk gazanypdyrlar. 1935-nji ýylda 30 sany çapyksuwardan düzülen topar Aşgabat-Moskwa aralygynda geçirilen atly ýörişe gatnaşypdyrlar. Türkmen çölüniň kötelli ýollary bilen 4300 kilometr aralygy 84 günde geçipdirler, dünýä halklarynyň aklyny haýran eden netijäni görkezip, türkmen atlarynyň çydamlylygyny subut edpdirler. Bedew atlaryň şanyna döredilen halk sazlary hem özüniň täsirliligi bilen halkyň aňyna ornapdyr. Milli mirasymyza sarpa goýýan, ony aýap, gorap saklaýan türkmen halky özüniň gymmatbaha baýlygyny orta çykaranda ony gözellige beslemegi endik edipdir. Ol bize ata-babalarymyzdan galan adat bolup durýar. Behişdi bedewlerimiz baýramçylyklara, ýaryşlara çykanda kümüş şaý-seplerden ýasalan esbaplar bilen bezemek ynsan ruhunyň synmaz bölegi bolan gamyşgulak bedewleri gözel keşbe getirýär. Ata-babalarymyz atlar barada: “Ýüwrük ata münen beg saýar”, “At – ýaryşda, är söweşde”, “Aty baryň ganaty bar, ogly baryň gaýraty”, “Atym bar – döwletim bar” diýen sözlerini özüne ýol-ýörelge edinip, ata uly hormat goýan halkymyz gapysynda at saklamagy, atyň bolsa rysgal döwletiň artykmaç bolýandygy barada yrym edip gelipdirler.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir