ÇAGAŇYZY SÖÝÜŇ!!! Çaga sany köp bolan maşgalalarda ähli çaga­lara deň garalmaly we şol bir derejede üns berilmelidir. Ýogsam, olaryň aralarynda käbir düşünişmezlikleriň ýüze çykmagy ähtimal. Eger maşgalada diňe bir çaga bar bolsa, on­da ene-ata oňa köpräk wagtyny sarp etmeli­dir. Çünki, ol çaga ýekesiräp bilýär. Ýekesire­se bolsa, ene-atasyndan garaşýan ünsüni, mährini daşardan gözläp başlaýar. Geçirilen barlaglara görä, aýraty­nam bäş ýaşa çenli çagalar üçin ene-atanyň mähriniň, terbiýesiniň orny örän uludyr. Çaganyň merkezi nerw ulgamynyň ösýän döwri bolan bu ýaşlarda ene-atanyň ornunyň wajypdygyny aýdyň görmek bol­ýar. Her bir ene-ata gündelik ed­ýän işlerinden daşary hökmany su­ratda çagalaryna seretmäge wagt tapmalydyr. Ir säher bilen işe gi­dip, giç agşam dolanyp gelýän ata­nyň öz çagasyna seretmäge wagt tapmazlygy onuň terbiýesine, kämilligine ýaramaz täsir edip biler. Eger çagalaryňyz üçin wagt tapsaňyz, şol wagtyň onuň saglygyna,aň-düşünjesine, terbiýesine gysga ýa-da uzak wagtda ber­ýän peýdasyna göz ýetirersiňiz. Ene-atasy bilen bolýan her bir çaganyň dur­muşa, ýaşaýşa, özüne bolan ynamy artýar. Onsoňam, balasyna öz mährini siňdirýän ene-ata oňa “men seni söýýän, balam” diýen duýgyny berýär. Ene-ata näçe öz çagalaryna wagt aýyrýan bolsa, çaga şonça-da gelejekde ýüze çykyp biljek meselelerde hiç hili aljyraman, netijeli çözgüt tapyp bilýär. Sebäbi çaga her bir işi amala aşyranda, islendik meselä duş gelende öz ene-atasynyň beren öwüt-ündewlerini, maslahatlaryny, durmuşy tejribeleri­ni ýada salýar. Bu bolsa onuň islendik meselä adalatly çemeleşmegini ýola goýýar. Bilermenleriň kämillik çagyna çenli bolan ýaşlar babatynda geçiren barlaglary­nyň netijelerine görä, maşgala gatnaşyklary gowy bolan ýaşlarda ene-atala­rynyňky ýaly häsiýetleri,hereketleri görmek bolýar. Siz çagalaryňyz bilen bi­le bolanyňyzda, olar sizi özüne ýakyn duýýar we ähli duýgularyny siziň bilen paýlaşýar. Şeýle bolanda, ene-atalaram, çagalaram has dogry netijeleri be­rip bilýärler. Emma çagalaryňyz bilen wagt geçirmeseňiz olar ähli duýgulary­ny sizden uzakda, ýüreginde saklap gezer. Şeýle bolanda,cagaňyzyň haky­katda näme isleýändigini we nähili duýgulary başdan geçirýändigini bilmek örän kynlaşar. Çagalaryňyz bilen geçiren wagtyňyzyň möçberi däl-de, eýsem-de bolsa, hili­niň gowy bolmagy örän möhümdir. Gündelik durmuşyňyzda telewizora seret­mek, işe gitmek, nahar etmek ýaly işlere wagtyňyz bar bolsa, şol işleriň ara­syna “çagalarym bilen boljak wagtym” diýibem wagt goşmaly. Ene-atalar “çagalarymyz ýanymyzda oturan wagtlary biz olara wagt sarp edýäris” di­ýip, pikir edip bilerler. Diňe çaganyň özüne, onuň terbiýesine, kämilleşmegi­ne ýardam beräýjek zatlary etmek arkaly sarp edilen wagta “biz çagamyza wagtymyzy sarp etdik” diýse bolar. Ýagny,telewizor seredýän wagtyňyz ýa-da işleriňizi edýän wagtyňyz çagaňyz ýanyňyzda bolsa-da “çagama se­retmäge wagt tapdym” diýip, hasaplamaly däldir. Elbetde, hiç bolmanda, bu-da gowy, ýöne ýeterlikli däl. Ýene-de aýdylmaly zatlaryň biri, çagalara maddy taýdan edilýän üpjünçilik olary diňe wagtlaýyn bagtly eder. Çaga üçin hakyky bagt özüni söýýän adamlar bilen bile bolmakdyr. Çagaňyz size näçe ýakyn bolsa, şonça ýagşylyklar çagaňyzyň ýanynda bolar. Çagaňyz si­ziň bilen näçe bagtly bolsa,durmuşda-da şonça bagtly bolar. Ata-babalary­myzyň belleýşi ýaly, “Bu gün ýere atylan tohumlar ertir hasylyny berer”. Ajaýyp şahyrymyz Gurbannazar Ezizow aýtmyşlaýyn: “Söýüň çagaňyzy, söýmekden armaň...”

Köneler, Mesmelejigim tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir