AC BOLUN-PAYHASSYZ BOLUN! (Stay hungry-stay foolish). Steve Jobs'yň 2005-nji ýylyň 12-nji iýunynda Stenford uniwersitetindäki çykyşyndan bir bölek. «Meniň üçünji taryhym - ölüm hakynda» Entek 17 ýaşymda wagtym şuňa meňzeşiräk sitata okapdym: «Her günüňizi soňky günde ýaly ýaşasaňyz haçanam bolsa bir gün siz mamla bolarsyňyz». 33 ýyldan bäri bu sitata bolan täsirim meni şu wagt hem pikirlendirýär we özümden soraýan: «Eger şu gün iň soňky günüm bolan bolsa şü günüň dowamyndaky etjek zatlarymy ederdimmi?». Birnäçe günden bäri bu soraga jogabym «Ýok» bolanda nämedir bolsa bir zady üýtgetmegimiň gerekdigine düşündim. Menem bir gün ölerin diýen pikir durmuşda kyn meseleleri çözmek meniň üçin wajyp sebäp bolup durýar. Sebäbi iliň pikirleri, namyslyk, biynjylyk, çekinjeňlik ýa-da ýykylmakdan gorkmak ýaly duýgular ölümiň öňünden gaçýar, ýykylýar, ol diňe hakykatdan-da wajyp zatlary goýýar. Bir zady ýitirerin diýip gorkmakdan iň gowy usul ölümiň barada pikir etmek. Siz ýalaňaç, indi size ýüregiňizi diňläp öňe gitmezlige hiç hili bahana ýokdur. Mundan 1 ýyl öň maňa rak diagnozyny goýdular. Bu barada ir bilen sagat 7:30 töwereklerinde habar berdiler we suratda göze ilip duran aşgazanasty mäzdäki çişi görkezdiler. Şol wagta çenli aşgazanasty mäziniň näme zatdygynam bilemokdym. Lukmanlar bu rak'yň bejerip bolmaýan görnüşidigini we meniň üç-alty aý ýaşamagymyň galanyny aýtdylar. Öz lukmanym öýüme gidip işlerimi ýerbe-ýer etmegimi maslahat berdi, emma hakykatdan-da ölüme taýynlyk görmegimi göz-öňünde tutup diýenine düşündim. Bu öz çagalaryma indiki 10 ýylyň dowamyndaky aýtjak zatlarymy häzir aýtmagymy we öljegimi bilip şu wagtdan sag bollaşmagymy aňladýar. Bu pikir bilen günimi geçirdim. Biraz soňra agşamyna maňa biopsiýa etdiler - bokurdagyma endoskop sokup aşgazan we içege üstünden geçip iňňe bilen aşgazanasty mäzdäki çişden birnäçe öýjük aldylar. Men ol wagty bihuşdym, ýöne meniň aýalym lukmanlaryň menden alynan öýjükleri mikroskop astynda görüp olaryň begenip gygyryşlaryny we mendäki çişiň örän seýrek duş gelýän görnüşidigini, ýöne ony opersiýa arkaly bejerip bolýandyny aýtdy. Meni operasiýa etdiler, men indi özümi gowy duýýan. Hiç kimiň ölesi gelenok. Hat-da jennete düşesi gelýänlerem ölesi gelenok. Ýöne barybir ölüm biziň hemmämiz üçin bellenendir. Hiç kim hiç haçan ölümden sowulan däldir. Aslynda şeýlede bolmaly, sebäbi Ölüm Durmuşyň iň gowy oýlap tapan zady bolsa gerek. Özgerişmeleriň, üýtgeşmeleriň esasy sebäbi hem - ölüm. Ol täzelige ýol açmak üçin köneleri arassalaýar. Ynha, siz häzir - täze, ýöne haçan-da bolsa (kän wagtam galmady) sizem könelersiňiz we sizi arassalarlar. Bu dramatizm üçin bagyşlaň, ýöne bu hakykat. Siziň wagtyňyz çäklidir, şonuň üçin dereksiz wagty sowmaň, başga biriniň pikiri bilen ýaşadýan köre-körlügiň duzagyna düşmäň. Özgäniň geplerine öz içiňizdäki sesi kesmegine rugsat bermäň. Ýene esasy zat, ýüregiňiziň we duýgurlygyňyzyň yzyndan gitmäge gorkmaň. Geň bolsada olar eýýäm siziň hakykatdan-da kim boljagyňyzy bilýändirler. Galan zatlar ikinji. Ýaş wagtym The Whole Earth Catalog'yň («Bütin Ýeriň katalogy») haýran galdyryjy çap eden eserini okapdym, ol döwürde bu giňden ulanylýan kataloglaryň biridi. Ony menden kän uzakda bolmadyk Menlo Park'da ýaşaýan Stýuart Brand atly oglan ýazypdy. Bu 60-njy ýyllaryň soňunda, entek şahsy kompýuterleriňem bolmadyk wagtydy, şonuň üçin bu çap işi ýazuw maşinkasy, gaýçy we polaroid bilen işlenilýardi. Google ýaly ýöne kagyz görnüşindedi, Google'dan 35 ýyl öň. Çap edilen işler uly we gyzykly ideýalardan doludy. Stýuart we onuň topary The Whole Earth Catalog'y birnäçe böleklerden ybarat edip çap etdi we iň soňunda soňky sanyny çykardylar. Şonda menem 70-nji ýyllaryň ortalarynda siziň ýaşyňyzdadym. Katalogyň iň soňky sahypasynda köçäniň daň bilen düşürilen suraty goýulypdy we onuň ýokarsynda şeýle sözler bardy: «Aç boluň. Paýhassyz boluň». Bu olaryň iň soňky ýüzlenmesi. Aç boluň. Paýhassyz boluň. Menem şuny mydama özüme dileýärdim. Ynha indi siz hem instituty gutarýaňyz we täzeden başlaýaňyz, menem size şuny dileýän. Aç boluň. Paýhassyz boluň. P.S. «Aç boluň» - diýmek hiç haçan durmuşdan doýmazlyk, onuň doýurmagyndan gaçmak, teniň doýmagyna hereket etmek däl-de bilime bolan erkiňi gandyrmak manysynda. «Paýhassyz boluň» - diýmek bir pikir ediş stereotipi ömürlik kabul etmän, ýadaman täze pikirleriň we ideýalaryň gözleginde bolmak manysynda.