Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, milli gymmatlyklarymyza aýratyn üns berilýär. Uly ünse mynasyp gadymy miraslarymyzyň biri-de türkmeniň milli keçesidir. Şeýle bolansoň, meýdanlarymyzy dürli güllere bürän aprel aýynyň başynda Aşgabat şäherinde we welaýatlarymyzda «Türkmen keçesi — bahar ýaýlasy» ady bilen keçe hem-de beýleki amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi guralyp, döredijilik duşuşyklary geçirildi. Olarda keçe taýýarlaýyş usullary, onuň gadymy we häzirkizaman nusgalary, keçeleriň görnüşleri, ynsan saglygy üçin ähmiýeti, keçe taýýarlanýan mahaly ýerine ýetirilýän däp-dessurlar, yrym-ynançlar giňden wagyz edildi. Serginiň jemleýji tapgyry bolsa, ähli welaýatlaryň senetkärleriniň gatnaşmagynda şu gün, ýagny 14-nji aprelde Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde bolar. Gülli, nagyşly keçe her bir türkmen maşgalasynyň ojagyny bezeýär. Bu sungat gelin-gyzlarymyzyň el hünärinden dörändir. Ynsan saglygy üçin örän peýdaly hasaplanýan bu düşegiň ak öý keçesi, at keçesi, ojakbaşy keçesi, tüýnük keçesi, namazlyk keçesi, Äşe keçesi, basyrma keçesi, tirana keçesi, labyr keçesi, goşma keçesi ýaly birnäçe görnüşleri bar. Olaryň hersiniň özboluşly, üýtgeşik nagyşlary bolýar. Keçe goýun ýüňünden taýýarlanýar. Keçe üçin ýüňi saýlap-seçip almaly. Ýüňler ilki arassalanýar, saýgyç bilen saýylýar, soňra daralýar. Ýüň göwnejaý saýylanda, ol oňat arassalanýar we ýumşaýar. Saýylan ak ýüňüň bir bölegi keçä gül, alaja salmak üçin alynýar we dürli reňklere boýalýar. Nagyşly keçelerde, esasan, gyzyl, sary, ýaşyl, gök reňkler köp ulanylýar. Keçäniň gyragarasy üçin gara ýüň hem-de az-owlak geçiniň çöpürini ulansaň bolýar. Keçäni nagyşlamak üçin gamşyň ýüzüne şekili geçirilýär. Soňra olaryň aralary reňklenen ýüňler bilen doldurylýar. Keçe nagyşlananda, köplenç, onuň gyrasyna alaja, sary içýan nagyşlary salynýar. Keçe gamşynyň üstünde täze keçäniň nagyşlary doly nagyşlanyp gutarylandan soň, olaryň üsti tutuşlygyna birmeňzeş goýun ýüňi bilen ýüzlenilýär. Soňra keçe gamşy endigan togalanyp düýrülýär we onuň dört ýerinden pugta daňylýar. Şeýle hem keçe gamşy iki tarapyna ýüp uçlary çykar ýaly edip halkalanýar. Keçe gamşy ýüp uçlaryndan tutulyp, saga we sola togalanýar. Keçe ýaplygar ýaly gamşyň uzaboýuna ýyly suw guýup, iki sagada golaý togalanýar. Ony näçe köp togalasaň, şonça-da gowy çykýar. Soňra keçe inine hem boýuna togalanyp basylýar. Keçäni togalap, dowamly gowy bassaň, ol şonça-da berkäp, gatyja bolýar. Soňra ol güne serlip guradylýar. Keçeleriň birnäçe görnüşleri bolýar. Ine, olaryň käbiri: Ak öý keçesi. Bu keçe ak öýleriň daşyna aýlamak üçin, gülsüz, bir reňkli garamtyl ýüňden taýýarlanylýar. Ojakbaşy keçesi. Bu keçe ýörite öýüň ojagynyň başyna ýazmak üçin ulanylýar. Onuň ortasyna aýratyn kiçijik görnüşli keçejigi salyp, soň ony kesip alýarlar. Onuň kesilen ýerine ýasy görnüşde alaja örülip, daşyna aýlap tikilýär. Tüýnük keçesi. Ol ak öýüň tüýnüginden nusga alnyp, tegelek görnüşinde salynýar. Namazlyk keçesi. Bu keçe namaz okalanda ýazylýar we «Namazlyk» diýlip atlandyrylýar. Ol reňksiz, ýagny ak reňkli ýüňden taýýarlanylýar. At keçesi. Türkmen halky bedew atyny ezizläp, söýüp, burçlary aýlawly keçeler bilen ony örtüpdirler. Goşma keçesi. Bu keçe, esasan, durmuşa çykýan gyzlara sep bermek üçin niýetlenip salynýar. Durmuşa çykýan gyz baran ýeri bilen goşulyşyp gitsin diýen niýet bilen goşma keçe salynýar. Keçelere salynýan nagyşlar hem özleriniň dürlüligi bilen tapawutlanýar. Olaryň Balkan welaýatynda ýörgünli bolanlarynyň käbiri şulardyr: Äşe nagşy. Bu nagyş Äşe-Patmanyň sülük ýaly barmaklaryndan nusga alnyp salynýan nagyş. Tirana nagşy. Hazar deňziniň balyklaryndan nusga alnyp salynýan nagyş. Labyr nagşy. Gaýyklary saklamak, togtatmak üçin ulanylýan gurallardan nusga alnyp salynýan nagyş. Tüýnük nagşy. Türkmenleriň ak öýüniň tüýnüginden nusga alnyp salynýan nagyş. Şeýle ajaýyp milli mirasymyzy öwrenmäge, dikeldip, täzeçe öwüşgin berip, ýaş nesillerimize ýetirmäge, öwretmäge, dürli hünärlere ugrukdyrmaga giň ýol açan Arkadag Prezidentimize sagbolsun aýdýarys. Baýram Muhammedow

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir