Türkmenistan Garaşsyz, Bitarap döwlet bolandan soňra halkymyzyň durmuşy, ýaşaýyş şertleri hasda gowlaşdy. Şäherlermiz, obalarmyz tanalmaz derejede özgerdi. Şäherlerimiz ak mermere beslendi, häzirki wagtda hem gün-günden gözeleşýär. Halkymyzyň erkin zähmet çekmekleri üçin bir näçe zawot-fabiriklar gurulup ulanmaga berildi. Ösüp gelýän ýaş nesilerimiziň talaba laýyk bilim terbiýe almaklary üçin bir näçe çagalar baglary, orta mekdepler, ýörüteleşdirilen orta mekdepler we ýokory okuw jaýlar gurulup ulanylmaga berildi. Ýaşlara ýokory okuw jaýlarynda, daşary döwletlerde bilim almaklyga mümkünçilik döredildi. Ýaşlaryň dünýä standartlaryna laýyk bilim terbiýe almaklary üçin tehnalogiýalar ýokory derejede ösdirildi. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda çaganyň beden taýdan ösüşine gözegçilik edilýär. Şeýle-de 2017-nji ýylyň Sagdynyk we ruhubelentlik ýyly diýilip, atlandyrylmagy esasynda ýaş nesiler sport bäsleşiklerine gatnaşmagy üçin üznüksiz işler alynyp barylýar. Ýurdymyzda ýaş nesiler 2017-nji ýylyň 17-nji sentýabrnda geçiriljek aziýa oýunlarna gatnaşmak üçin sportyň dürli görnüşlerine taýarlanýar. Ýaş nesillerimiziň bu görýän taýarlyk işleri bäsleşiklerde uly ýeňişleri gazanyp Türkmenistan döwletiniň at-abraýyny has-da ýokorlandyrar!