Ýurdumyzyň ýaşlary häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan orta mekdeplerde bilim almak bilen öwrenmegiň we bilmegiň düýp manysyna dogry düşünýärler. Ýurdumyz boýunça şu wagt täze okuw jaýlary, mekdepler, mekdebe çenli çagalar edaralary gurlup, ulanylyşa berilýär. Köpmilletli Türkmenistan döwletinde dünýäniň birnäçe ýurtlarynyň wekillerinden adamlar ýaşaýarlar. Agzybir halkymyzyň gündelik aladasy asudalyk we saglyk. Kaşaň okuw jaýlarymyzda bu milletiň wekilleriniň hem çagalary okap, bilim alýarlar. Agzybirlik halkymyz üçin iň zerur zatlaryň biri.