Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyz Türkmenistan dünýäde bäsleşige ukyply, kämil, medeniýetli, ynsanperwer maksatly döwlete öwrüldi. Ýurdumyzda gurulyp ulanylmaga berilýän ak mermerli çagalar baglary, ýokary okuw mekdepleri, ýaşaýyş jaýlary halkyň eşretli durmuşda ýaşaýandygynyň subutnamasy bolup durýar. Ösüp gelýän ýaş nesli ylymly-bilimli ýetişdirmekde tehnologiýalar has ösen. Körpeler çagalar bagyndan başlap ýörüte multemediýa tagtalarynda täsirli sapaklaryň guralýandygyna şaýatlyk edýärler. Bulam geljekde ýaş nesliň aňynyň oňyn ösmegine, ýurdy dolandyrmakda halal zähmet çekmekleri üçin uly ýardam berýär. Biziň ýurdumyzda Sagdyn nesili kemala getirmekde , olaryň jan-saglygyny we ömrüni goramakda uly işler amala aşyrylýar. Sport ýaryşlaryna gatnaşyp, dünýä derejesinde baýrakly orunlary almagymyz munuň subutnamasy bolup durýar. Şeýle hem 2017-nji ýylyň sentýabr aýynyň 17-ne ýapyk binalarda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna halkymyz uly dabara bilen garaşýar. Ýaş türgenlerimiz bu bäsleşiklerde öz gujur-gaýratlary, ukyp-başarnyklary bilen çykyş edip, tugumyzy belende galdyrjakdyklaryna buýsanýarys. Ýurdumyza buýsanýarys , halkymyzy , watanymyzy söýýäris.